Gyrgyzystanyň prezidentiniň aýaly Aýgül Žaparowanyň ýolbaşçylygyndaky «Эне-балага тирек» haýyr-sahawat gaznasy 2022-nji ýylda, öz taslamalary üçin, meýletinçilerden 123 million dollara golaý pul alypdyr. Bu barada garaşsyz žurnalist Bolot Temirowyň ýolbaşçylygyndaky Temirow Live barlag toparynyň aýan eden materiallarynda aýdylýar.
Awtorlaryň tassyklamagyna görä, serişdeler alnan meýletinçi jemgyýetçilik guramalarynyň arasynda, iň uly serişde beren Hytaýyň Gyrgyzystandaky ilçihanasydyr. Gazna tarapyndan Temirow Live toparyna hödürlenen hasabata görä, Hytaýyň diplomatik missiýasyndan 9,1 milliard som (102 million dollardan gowrak) gelip gowşupdyr.
Mundan başga-da, "Al-Safa merkezi” ol gazna 1,3 milliard som (takmynan 14,6 million dollar) tehniki we ynsanperwer kömegi hökmünde beripdir. Iň soňunda bolsa Bişkekdäki Çakmak Memet hususy hassahananyň eýesi tarapyndan 563 million som (6,3 million dollara golaý) haýyr-sahawat hökmünde geçirilipdir.
Muňa jogap edip, «Эне-балага тирек» gaznasy barlagda beýan edilen maglumatyň hakykata laýyk gelmeýändigi baradaky beýanat bilen çykyş etdi. Guramanyň maglumatyna görä, bu gazna Hytaýyň ilçihanasyndan dokuz milliarddan gowrak som däl-de, eýsem Batken oblastynda sosial-jemgyýetçilik taslamalaryny durmuşa geçirmek üçin, dokuz million somdan gowrak alypdyr. Şeýle-de, bu gazna ol aýdylan sanlar barada, žurnalistlere zerur maglumatlary bermäge taýýardyklaryny mälim etdi, emma häzire çenli ony amala aşyrmady.
Mundan öň Temirov Live, OCCRP hem-de garaşsyz "Kloop" neşiri Gyrgyzystanyň prezidentiniň ogly Rustam Žaparowyň öz dostlary bilen uly taslamalara işjeň gatnaşýandygy baradaky barlagy çap etdi. Ol taslama hytaýly telekeçi Habibula Abdukadyr hem gatnaşýar, žurnalistleriň maglumatlaryna görä, ol Merkezi Aziýa ýük daşamagyň kölegeli ulgamyny döredipdir.
Garaşsyz žurnalist Bolot Temirow 2022-nji ýylyň noýabrynda, Bişkek şäher kazyýetiniň karary bilen Gyrgyzystandan Russiýa kowuldy, sebäbi ol galp harby şahadatnamany hem-de pasport almak üçin, wagtlaýyn şahsyýetnama kartyny ulanmakda günäli tapyldy (oňa garşy "Resminamalary galplaşdyrmak" maddasy esasynda aýyplanma bildirildi), emma ol jenaýat üçin çäklendirme möhletiniň geçendigi sebäpli jeza çekmekden boşadyldy. Golaýda bolsa Gyrgyzystanyň Ýokary kazyýeti şol öňki bildirilen aýyplamany öz güýjünde gadyrdy.
Žurnalistlere garşy jenaýat işi 2022-nji ýylyň ýanwarynda, Gyrgyzystanyň milisiýasy Temirowyň toparynyň edarasynda, barlag geçirende gozgalypdy we Boloty tussag edipdi, soňra ondan hiç ýere gitmezlik barada dilhaty alyp boşatdylar. Şondan biraz öň Temirow LIVE Youtube kanalynda, "Kyrgyzneftegaz" döwlet kärhanasy tarapyndan öndürilen mazut ýagyny eksport etmekde, şübheli meýilnamalar barada barlagy çap edipdi. Ol derňewde Gyrgyzystanyň Milli howpsuzlyk döwlet komitetiniň başlygy Kamçybek Taşiýewiň haýsydyr bir garyndaşy bilen baglanyşygyň bardygy öňe sürülýärdi. Bolot Temirowyň özi kazyýetiň özüne garşy çykaran hökümlerini "adaty ar almak" hasaplaýar.
Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.
Forum