Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Aşgabatda agyz suwunyň hili ýaramazlaşdy


Bezeg suraty. Aşgabatda bir köpçülik transporty.
Bezeg suraty. Aşgabatda bir köpçülik transporty.

Golaýda täze agyz suw desgasy açylyp, ulanylmaga berlen Aşgabat şäherinde agyz suwunyň hili ýaramazlaşdy. Krant suwlaryndan içimlik agyz suwy hökmünde peýdalanýan hojalyklar suwuň bulanmagyndan şikaýat edýärler. Bu ýagdaýa sebäp hökmünde sil suwlaryna yşarat edilýär.

Ýaňy-ýakynda ýurduň günorta sebitleri, şol sanda paýtagt Aşgabat çabga görnüşinde dowamly ýagan ýagyşlardan ejir çekdi.

Şäheriň suw ulgamlaryndan habarly bir çeşme Azatlyk Radiosynyň habarçysy bilen gürrüňdeşlikde sil suwlarynyň suw desgalarynyň howuzlaryna üýşüp, ol ýerde doly arassalanyp ýetişmänkä, agyz suw ulgamlaryna goşulyp, hojalyklara paýlanandygyny gürrüň berýär.

“Şäher ýaşaýjylary pes hilli, bulançak suw bilen üpjün edilýär” diýip, Azatlyk Radiosynyň habarçysy maglumat berýär.

Bu aralykda, soňky wagtlarda has köp näsag içagyry, suwsuzlyk ýaly şikaýatlar bilen şäher hassahanalaryna ýüz tutýar.

“Krant suwundan içimlik agyz suwy hökmünde peýdalanýan adamlar içgeçme, suwsuzlyk ýaly şikaýatlar bilen hassahanalarda ýatymlyk bejergi alýarlar” diýip, bir paýtagtly ýaşaýjy anonimlik şertlerinde gürrüň berdi.

Aşgabatda agyz suwunyň hiliniň ýaramazlaşmagy, ýurduň dürli sebitlerinde, şol sanda paýtagtda birnäçe gün dowam eden çygly howanyň, şeýle-de günorta sebitde täze agyz suwuny arassalaýjy desganyň dabara bilen açylyp, ulanylmaga berilmeginiň yz ýanyna gabat gelýär.

Türkmenistanda howa iki hepde töweregi ýagynly boldy, käbir sebitler sil suwlaryndan ejir çekdi.

Bu aralykda, 22-nji maýda Aşgabadyň Bagtyýarlyk etrabynda bir gjie-gündiziň dowamynda 150 müň kub metr agyz suwuny arassalamaga niýetlenen täze suw desgasy ulanylmaga berildi.

Döwlet metbugatyna görä, bu desga Garagum derýasynyň sag kenarynda ýerleşýän we göwrümi 1 million kub metr bolan suw howdanyndan gözbaş alýar. Howdanda ýygnalan suw täze desgada arassalanyp, Aşgabadyň ýaşaýjylaryna paýlanýar.

“Bagtyýarlyk” suw desgasynda süzülen we zyýansyzlandyrylan agyz suwy Çoganly, Şor-Garadamak, Tämiz suw we Täze zaman suw çatlymlaryna, ýagny suw ulgamlarynyň birleşýän ýerine, şeýle-de Görogly köçesiniň agyz suw ulgamlaryna berilýär.

Mundan ozal, 8-nji maýda Aşgabadyň gündogarynda ýerleşýän Ak bugdaý etrabynyň Ýaşlyk şäherçesinde hem gündelik kuwwaty 30 müň kub metre barabar bolan täze agyz suw desgasy açyldy. Ýurduň iň iri suw zawodlar toplumy bu sebitde ýerleşýär. Aşgabat şäheriniň agyz suw üpjünçiligi hem Ak bugdaý etrabynda ýerleşýän suw zawodlary arkaly ýola goýulýar.

Türkmenistanyň şäher ýerlerinde merkezleşdirilen suw desgalaryndan peýdalanylýar. Etraplar we obalar merkezleşdirilmedik, ýa-da özbaşdak desgalardan, ýerasty suwlardan, guýulardan we suw howdanlaryndan peýdalanýar.

Azatlyk Radiosynyň habarçylary maý aýynyň başlarynda täze agyz suw desgasy açylyp, ulanylmaga berlen Ak bugdaý etrabynyň Änew şäherinde hem içimlik agyz suwunyň hiliniň ýaramazlaşmagy barada habar berdiler.

Döwlet metbugaty Tejen we Gyzylarbat şäherlerinde, şeýle-de Esenguly, Tagtabazar, we Türkmengala etraplarynda hem açylmagy göz öňünde tutulýan täze agyz suw desgalary barada habar berýär, ýöne bu sebitleriň soňky on ýyllyklaryň dowamyndaky agyz suw üpjünçiliginiň ýagdaýyny agzamaýar.

Azatlyk Radiosynyň habarçylary şäher we oba ýerlerinde agyz suw üpjünçiliginiň ýagdaýy, hojalyklarda wagtal-wagtal suw üpjünçiliginiň kesilmegi ýaly ýagdaýlar barada yzygiderli habar berýär.

Türkmenistanda döwlet häkimiýeti ilaty iň esasy zerurlyklaryň biri bolan arassa agyz suwy bilen ilkinji nobatda üpjün etmegiň kepilliklerini öz üstüne alýar.

Döwlet mediasy Aşgabatda açylan täze agyz suw desgasy barada habar berip, paýtagtda dowam eden çabgalaryň getiren netijelerini, ýa-da şäheriň agyz suw üpjünçiliginiň ýagdaýyny agzamaýar.

Azatlyk Radiosy paýtagtda içimlik suwuň bulanmagy boýunça “Aşgabatagyzsuw” birleşiginden teswir alyp bilmeýär.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Forum

XS
SM
MD
LG