Ýerli çeşmeler Türkmenistanda ýaşaýan prawoslaw hristianlaryň mukaddes Pasha baýramynyň öňüsyrasynda özlerini keseki we gerekmejek adamlar ýaly duýýdandyklaryny habar berýärler. Bu häkimiýetleriň dini azlyklara edýän basyşlary bilen baglanyşykly. Türkmenistan kanunda kepillendirilen din azatlygyny yzygiderli bozmakda, diňe dini azlyklaryň wekillerini däl, yslam dinine uýýanlary hem berk yzarlamakda we, esassyz, dürli bahanalar esasynda, ýowuz jezalandyrmakda tankyt edilýär.
Ahal welaýatyndaky çeşmäniň sözlerine görä, häzir sebitde diňe bir ybadathana bolup, ol Tejen şäherinde ýerleşýän resul Foma, ýagny Tomas buthanasydyr. Ybadata gelýänleriň ýyl-ýyldan azalmagy bilen, ybadathana ýarym taşlanan ýagdaýda. Ybadatçylaryň biri etrap häkimiýetleriniň bu ybadathanany saklamak we abatlamak üçin hiç hili goldaw bermeýändigini aýtdy.
“Ybadathana diňe bellik üçin, ýagny türkmen ýolbaşçylarynyň rus ýolbaşçylaryna ýurtda prawoslaw ybadathanalarynyň hem goralyp saklanylýandyklaryny aýdyp bilmekleri üçin saklanylýar, Aşgabatdaky rus konsullygy bolsa diňe türkmen ýolbaşçylarynyň bähbidine çapýar we olaryň ýurtda ybadathanalaryň goralyp saklanylýandygy barada aýdýansözlerini gaýtalaýar” diýip, anonimlik şertinde gürleşen ybadatçy aýtdy.
Aýdylmagyna görä, Tejendäki ybadahana diňe sebitde ýaşaýan gartaşan adamlar, etniki ruslar, belaruslar we ermeniler gelýär. Çeşmeler ybadatçylaryň azalmagyny soňky onýyllyklarda, 1991-1995-nji ýyllarda we 2000-nji ýyldan soň güýçlenen emigrasiýa tolkunlary, prawoslawlaryň Türkmenistandaky gelejegine ynamynyň azalmagy, türkmenleşdirmegiň barha berkemegi bilen düşündirýärler.
Çeşmäniň tassyklamagyna görä, 2000-nji ýyllaryň başyndaky emigrasiýa tolkunyndan soň Tejen şäherinde we Ahal sebitinde, prawoslaw hristianlara degişli çagalar, ýaşlar we 40-45 ýaşdan bärdäki adamlar galmady diýen ýaly. Şeýle-de ol, ýurduň ikinji we üçünji prezidentleriniň döwründe Russiýa bilen aradaky ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň resmi taýdan gowulaşmagyna garamazdan, Aşgabat bilen Moskwanyň arasyndaky ysnyşygyň rus prawoslaw kilisesiniň ybadathanalarynyň durmuşyna oňyn täsir etmändigini aýtdy.
Ybadatçylaryň biriniň aýtmagyna görä, garrylar bazar kursundan 30-35 dollar çemesindäki pensiýa pullaryna et alyp hem bilmeýärler, olar ybadathanany bejermäge nireden pul tapsyn?
Ýöne Tejende häkimiýetler, goldaw bermese-de, kiçijik prawoslaw jemgyýetiniň dini däp-dessurlaryny ýerine ýetirmegine kän päsgel bermeýär, emma ýurduň gündogar sebitinde prawoslaw ybadathanalaryna edilýän basyş onlarça ýyl bäri saklanyp galýar diýip, Azatlyga gelen maglumatda aýdylýar.
Lebapdaky çeşmeleriň maglumatyna görä, bu sebitdäki iki prawoslaw kilisesiniň - keramatly resullar Piteriň we Peweliň buthanasynyň, Türkmenabat şäherindäki keramatly Nikolaý buthanasynyň ybadatçylary soňky ýigrimi ýylda dowamly azaldy.
Çeşmeleriň tassyklamagyna görä, bu ýagdaý ýerli adminstrasiýanyň, şeýle-de Milli howpsuzlyk ministrliginiň we polisiýanyň işgärleriniň ybadatçylara, prawoslaw dinini kabul edýän türkmenlere, tatarlara, özbeklere we täjiklere edýän basyşlary bilen baglanyşykly.
Türkmen kanunçylygynyň din azalygyny kepillendirýändigine garamazdan, çeşmeler häkimiýetleriň prawoslaw dinini kabul eden etniki türkmenlere, özbeklere we täjiklere, olaryň maşgalalaryna yslam dinine dolanmak barada basyş edýändiklerini aýdýarlar. Bu basyşlar hususan-da üçünji prezident döwründe, Lebapda häkimiýetler ýerli ilatdan diňe yslam dinine uýmagy däl, bu meselede gahryman Arkadagdan görelde almagy açyk talap edip başlanalarynda güýçlendi diýip, çeşme aýtdy.
Bu syýasat netijesinde, mysal üçin, Çärjew, Dänew, Farap etraplarynda tutuş doňuzdarçylyk fermalary ýok edildi, Türkmenabatda doňuz etinden kolbasa öndürýän iki kärhana ýapyldy. Häkimiýetler, MHM bazarlarda ‘gadgan etiň’ bir gramynyň hem satylmazlygyna, ýerli gassaplaryň gizlinlikde, öý şertlerinde hem doňuz öldürip satmazlygyna berk gözegçilik edýärler.
Şeýle-de, çeşmeler ýurtda beýleki dinleriň, şol sanda yslam dininiň hem beýleki akymlarynyň dogry däldigi hakynda dowamly wagyz işleriniň alnyp barylýandygyny, beýleki dinleriň wekilleriniň iş ýerlerinde, şol sanda çagalaryň hem, ene-atalarynyň dini sebäpli, mekdeplerde açyk kemsidilýändigini habar berýärler.
Daşoguzly çeşmäniň sözlerine görä, ybadata gelýän adamlaryň 75-80 göterimi türkmen-rus, türkmen-moldowan, özbek-koreý, rus-tarar garyşyk nikalaryndan, şeýle-de hristian dinini täze kabul eden türkmenlerden, özbeklerden, tatarlardan we gazaklardan ybarat. Ol etniki ruslaryň, ukrainleriň, belaruslaryň we beýleki hristianlaryň sebitde tas hiç biriniň galmandygyny aýdýar.
Doşoguzly resmiler hem, hristian dinini kabul edenleri yzarlamakda, olara dürli bahanalar bilen jerime salmakda, agyr sözleri aýdyp kemsitmekde, gorkuzmakda lebaply kärdeşlerinden yza galmaýarlar.
Russiýanyň Aşgabatdaky ilçihanasy ýagdaýdan doly habarly bolsa-da, bu bolýan zatlary görmezlige we eşitmezlige salýar diýip, çeşmeler aýdýar.
Ýurtdaky prawoslawlara edilýän basyş hususan-da 2022-nji ýylyň fewralyndan soň, Russiýanyň Ukrainada başlan urşy meselesinde dörän iki topar bilen baglylykda güýçlendi, urşy goldaýan ruhanylar we dindarlar urşa garşy çykýanlary türkmen ýörite gulluklaryna “tabşyrýar” diýip, çeşme ýazýar.
Türkmenistan dini azlyklary, şol sanda yslam dinine uýýanlary berk yzarlamakda, adamlaryň dine ynanmagy ýa ynanmazlygy meselesinde bikanun gatyşmakda halkara guramalary tarapyndan onlarça ýyl bäri tankyt edilýär. emma, beýleki hukuklar meselesinde bolşy ýaly, bu tankyt Aşgabadyň öz boýun alan halkara borçlaryny berjaý etmegine o diýen oňyn täsir ýetirmeýär.
Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.
Forum