Aşgabat şäheriniň häkimiýetleri welaýatlardan paýtagta gelip zähmet çekýän içerki migrantlara garşy göreşini ýene güýçlendirdi. Paýtagta barýan welaýat ýaşaýjylary saklanýar we ýazgyda duran ýerlerine ugradylýar. Bu ýagdaýlar barada Azatlyk Radiosynyň habarçysy 13-nji ýanwarda Mary welaýatyndan maglumat berdi.
“Şu günler gazanç gözleginde welaýatlardan Aşgabada baran adamlar paýtagtyň otly menziline baran badyna saklanýar we dessine soraga çekilýär” diýip, bu ýagdaýlary başdan geçiren maryly ýaşaýjy anonimlik şertinde aýtdy.
Polisiýa işgärleri zähmet migranty güman edilýän adamlardan näme üçin paýtagta gelendiklerini sorap, Aşgabatda wagtlaýyn ýazgyda durandygyny ýa-da işleýändigi baradaky kepilnamany görkezmegi talap edýärler.
“Men we başga-da ýedi sany işçi Täze ýyl baýramynda çagalarymyzyň ýanyna gidendigimizi, indem yzymyza ýene işlemäge gelendigimizi we öňden bäri paýtagtdaky hususy hojalyklarda gurluşyk, remont işlerini ýerine ýetirýändigimizi düşündirmäge synanyşdyk” diýip, maryly ýene bir işçi anonimlik şertinde aýtdy.
Bellesek, welaýatlardan paýtagta gelýän işçileriň köpüsi gurluşyklarda ýa-da hususy hojalyklardaky jaý abatlamak işlerinde günlükçi bolup zähmet çekýär. Bu işçiler wagtlaýyn ýazgy ýa-da işleýändigi baradaky kepilnama bilen üpjün edilmeýär.
“Biz zähmet çekýän hususy hojalygymyza jaň edip, polisiýa şol hojalykda işleýändigimizi hem düşündirjek bolduk. Ýöne olar muňa hem gulak asman, bizi polisiýa bölümine äkidip, irden düşenimizden öýlän sagat 5-e çenli aç-suwsuz sakladylar. Biz ýaly welaýatlardan gelen adamlary toplap, her bir sagatdan adam getirýärdiler. El telefonlarymyzy hem elimizden aldylar” diýip, maryly işçi belledi.
Bu ýagdaýlary başdan geçiren maryly zähmet migrantlarynyň ençemesiniň tassyklamagyna görä, polisiýa işgärleri saklanan we polisiýa bölümine eltilen welaýat ýaşaýjylaryny şol günüň agşamy yzyna, ýazgyda duran sebitine ugradýarlar.
“Meni we başga-da ençeme adamy diňe oturyp gaýdylýan ýörite wagona saldylar we ýanymyza hem öz welaýatymyzdan bolan polisiýa işgärlerini berkidip, yzymyza ugratdylar” diýip, maryly zähmet migranty belledi.
Welaýat ýaşaýjylarynyň tassyklamagyna görä, polisiýa işgärleri bu çäreleriniň sebäplerini “wagtlaýyn ýazgyda durandygy ýa-da işleýändigi baradaky kepilnamasy bolmadyk ýurt raýatlarynyň paýtagta girmeginiň häzirlikçe çäklendirilendigi” bilen düşündirýärler.
“Olar jikme-jike maglumat bermeýärler. Şeýle-de, çäklendirmäniň haçana çenli dowam etjekdigini hem aýtmaýarlar. Indi biz näme etmeli? Nädip maşgalamyzy eklemeli? Näme sebäpden welaýatyň adamlary paýtagta barmaly däl? Welaýatlarda iş bolsa, bizem Aşgabada baryp işlemezdik. Döwlet ýolbaşçylary bizi öz raýaty deňinde görmeýän bolsa ýollary açsyn, biz maşgalamyzy alyp daşary döwlete gitjek” diýip, maryly işçi belledi.
Türkmenistanda welaýat ýaşaýjylarynyň Aşgabada goýberilmezligi ýa-da paýtagtdan çykarylmagy bilen bagly ýagdaýlar ýylyň dowamynda birnäçe gezek ýüze çykýar. Bu ýagdaýlar köplenç uly baýramçylyklaryň ýa-da ýurtda geçirilýän halkara çäreleriniň öňüsyrasynda bolýar.
Azatlyk soňky ýagdaýlar we munuň näme bilen baglanyşyklydygy barada Aşgabadyň Polisiýa müdirliginden we otly menzilinden teswir alyp bilmedi.
Paýtagtda welaýatlylaryň anyklanyp, şäherden çykarylmagy boýunça reýdleriň geçirilýändigi barada Azatlygyň habarçylary soňky gezek geçen ýylyň oktýabrynda, Aşgabatda geçirilen halkara forumyň öňüsyrasynda habar beripdiler.
Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.
Forum