Şu gün ir bilen Brussel tolgundy: Ýewropa Bileleşiginiň paýtagty Bileleşigiň saklanyp galmagy ugrunda jan edýär.
Ýewropa Bileleşigi bilen Ukraina ýurduň yza galýan ykdysadyýetini goldamak üçin oňa 1.8 milliard dollarlyk karz berilmegi barada şertnama baglaşdylar.
Ýewropa Bileleşiginiň agzalarynyň we olaryň gündogarly alty goňşusynyň Rigada geçirýän duşuşygynyň tekstine soňky pursatda girizilen goşmaça Gürjüstan, Moldowa we Ukraina üçin gowy habar bolup biler.
Ýewropa Bileleşigi Orsýet babatyndaky ykdysady sanksiýalaryň Minsk ylalaşygynyň berjaý edilişine bagly boljakdygyny aýdýar.
7-nji ýanwarda 12 adamyň ölümine getiren ýaragly hüjüme sezewar bolan «Charlie Hebdonyň», Fransiýanyň satiriki žurnalynyň beýikleri, gowulary we bedroýlary ýaňsa almakda uzyn taryhy bar.
ÝB-niň täze goňşuçylyk komissary Ýohannes Han Orsýete garşy girizen sanksiýalarda azalma bolmajagy aýdyň, tersine, gündogar Ukrainadaky soňky wakalar Brýusseliň Orsýete has kän basyş etmegine getirip biler diýdi.
Strasburgda Ýewropa parlamenti elektroniki çilimleriň bazarda temmäki hökmünde alnyp-satylmagyny ýola goýmak üçin ses berdi. Ýöne agzalýan kanun taslamasynyň ilki bilen Ýewropa mejlisinde tassyklanmagy zerur.