Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

50-ä golaý türkmen raýaty Türkiýeden deport edildi


Stambul aeroporty. Illýustrasiýa suraty
Stambul aeroporty. Illýustrasiýa suraty

Türkmen raýatlarynyň 50-ä golaýy Türkiýeden Türkmenistana deport edildi. Olara galp resminamalar esasynda Türkiýede ýaşamaga ygtyýarnama almakda aýyplama bildirildi. Bu ýagdaýlar barada türk metbugat serişdeleri habar berýärler.

“5-8-nji ýanwar aralygynda Yspartada welaýat migrasiýa müdirligi tarapyndan geçirilen gözleglerde galp resminamalary taýýarlap, ýaşamak üçin rugsatnama alan adamlara garşy iş alnyp baryldy” diýlip, “Haberler.com” neşiriniň 8-nji ýanwarda çap eden habarynda bellenilýär.

Maglumata görä, bu adamlar ulanylmaýan ýa-da taşlanan jaýlary kärendesine alýandygy barada galp şertnama taýýarlapdyrlar. Olar bu şertnamany welaýat migrasiýa müdirligine tabşyryp, ýurtda ýaşamaga ygtyýarnama alypdyrlar.

“Geçirilen derňewleriň netijesinde iki türk, iki özbek we 46 türkmen raýaty, jemi 50 adam ‘şahsy resminamalary galplaşdyrmakda’ aýyplandy. Galp resminamalar esasynda ýaşamak üçin rugsatnama alan daşary ýurt raýatlarynyň ýaşamak üçin rugsatnamalary ýatyryldy we olar ýurtdan deportasiýa edildi” diýip, türk neşiri belleýär.

Azatlygyň waka barada Türkmenistanyň Ankaradaky ilçihanasyndan telefon arkaly kommentariý almak synanyşyklary oňyn netije bermedi.

Türkiýe türkmen raýatlarynyň zähmet migrasiýasy we okuw üçin saýlap alýan esasy ýurtlarynyň başlarynda gelýär.

Ýöne türkmen migrantlary Türkiýäniň 2022-nji ýylyň sentýabrynda Aşgabadyň talaby esasynda bu ýurda barýan türkmenistanlylar üçin wiza düzgünini girizmeginiň yz ýany, özleriniň bu ýurtda kanuny esasda ýaşamagynyň kynlaşandygyny habar berip gelýärler.

Geçen ýylyň ilkinji aýynda Türkiýedäki türkmen raýatlary bu ýurtda galmak üçin zerur resminamalary taýýarlamakda täze kynçylyklar bilen ýüzbe-ýüz boldular. Ýaşaýyş rugsady üçin talap edilýän kagyzlaryň sanawyna olaryň resmi hasaba duran jaýlarynda ýaşaýandygyny subut edýän resminamalar, hojalyk hyzmatlary üçin tölegleri töleýändigi hakynda kwitansiýalar goşuldy.

Bu talap, türkmenistanlylaryň ençemesiniň ýaşaýyş rugsadyny almak işini kynlaşdyrdy. Muňa türkmenistanlylaryň köpüsiniň pasportunyň möhletiniň gutarandygy sebäpli resminamalarynyň düzüw bolmazlygy, hasaba alnan jaýynda ýaşamazlygy sebäp boldy.

Koronawirus pandemiýasy türkmen raýatlarynyň Türkiýede kanun esasynda galmagyny kynlaşdyrdy. Olaryň köpüsi watanyna baryp gaýtmak, resminamalaryny sazlamak, pasportlarynyň möhletini uzaltmak mümkinçiliginden mahrum bolup, Türkiýede bikanun ýagdaýda galmaly bolupdy.

“Pandemiýadan soň, köp adam pasportyny täzelemek üçin Türkmenistana gitmäge gorkdy. Sebäbi giden adamlaryň köpüsine deport goýlup, olaryň ýurtdan çykmagyna rugsat berilmedi” diýip, Türkiýede ýaşaýan türkmen migranty Azatlyk Radiosyna gürrüň berdi.

Türk häkimiýetleri geçen ýylyň tomus paslynyň başyndan ýurtda bikanun ýaşaýan we işleýän daşary ýurtlulara garşy göreşini has-da güýçlendirip, müňlerçe bikanun migranty ýurtdan deport etdiler.

Aşgabadyň aeroportundaky çeşmelerimiz türkmen häkimiýetleriniň awgust we sentýabr aýlarynyň dowamynda Türkiýeden deport bolan müňlerçe raýatyny ýurda getirendigini aýtdylar.

Türkmen häkimiýetleri we media serişdeleri Türkiýedäki türkmenistanlylaryň ýüzbe-ýüz bolýan kynçylyklary, şeýle-de olar barada türk metbugatynda peýda bolýan habarlar hakda hiç hili mesele gozgamaýarlar.

Türkiýäniň Migrasiýa edarasynyň 31-nji dekabrda täzelenen sanlaryna görä, häzirki wagtda Türkiýede 204 müň 841 türkmen raýaty kanuny esasda ýaşaýar. Ýöne hukuk goraýjy toparlar we türkmenistanly synçylar Türkiýedäki türkmenleriň hakyky sanynyň resmi görkezijiden ençeme esse köpdügini aýdýarlar.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Forum

XS
SM
MD
LG