Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmenbaşynyň çagalar baglarynda çagalaryň arasynda kelle biti ýaýraýar


Balkan wealaýatyndaky çagalar baglarynyň biri (Illýustrasiýa suraty)
Balkan wealaýatyndaky çagalar baglarynyň biri (Illýustrasiýa suraty)

Balkan welaýatynyň Türkmenbaşy şäheriniň mekdebe çenli terbiýeçilik edaralarynyň ençemesinde çagalaryň arasynda kelle bitiniň ýaýrandygynyň üsti açyldy. Bu ýagdaýlar barada ene-atalaryň, terbiýeçileriň ençemesi Azatlyk Radiosynyň sebitdäki habarçysyna maglumat berdi.

“Türkmenbaşynyň jemi sekiz sany çagalar bagynda, ýagny olara gatnaýan çagalaryň saçynda bit tapyldy. Bu ýagdaýlar çagalaryň saçynda geçirilen medisina barlaglaryň yz ýany anyklandy” diýip, bu ýagdaýlar bilen ýüzbe-ýüz bolan çagalar baglarynyň biriniň terbiýeçisi anonim şertde gürrüň berdi.

Munuň bilen bagly, şu günler şäheriň 1-nji, 3-nji, 9-njy, 16-njy we 28-nji çagalar baglarynda sanitariýa, arassaçylyk-gigiýena we zyýansyzlandyryş işleri geçirilýär.

“Şu günler döwlet derejesinde dynç günleridigine garamazdan, bu işler diňe çagalar baglarynda däl, eýse olara gatnaýan çagalaryň öýlerinde hem geçirilýär” diýip, çagasynyň saçyny bit basan türkmenbaşyly ene anonim şertde aýtdy.

Türkmenistanda 16-18-nji iýun aralygynda Gurban baýramy bellenilýär. 16-njy iýuna, ýagny hepdäniň ýekşenbe gününe gabat gelen dynç güni Gurban baýramy mynasybetli, ýurduň Zähmet kodeksine laýyklykda 19-njy iýuna – çarşenbe gününe geçirildi. Şeýlelikde, türkmenistanlylar üç gün baýramçylyk belläp, dört gün dynç alýarlar.

“Güýçli depginde zyýansyzlandyryş işleri geçirilse-de, pedikulýozyň, ýagny bitliligiň zyýanly taraplary barada çagalar baglarynyň ýolbaşçylary ýa-da saglyk işgärleri tarapyndan aç-açan düşündiriş işleri geçirilmeýär” diýip, türkmenbaşyly ene belledi.

Azatlyk Türkmenbaşyda çagalaryň arasynda bitiň ýaýramagy we oňa nämäniň sebäp bolandygy barada agzalýan çagalar baglaryndan, ýerli saglyk we bilim bölümlerinden resmi teswir alyp bilmedi.

Ýöne terbiýeçileriň we ene-atalaryň ençemesi çagalaryň arasynda kelle bitiniň ýaýramagyna çagalar baglarynda arassaçylyk şertleriniň doly üpjün edilmezliginiň sebäp bolýandygyny aýdýar.

“Çagalar baglary ýeterlik arassalanmaýar, hapaçylykdan, ýyrtylan we köne düşek-ýassyklaryň kirinden ýaňa olarda adam ýatar ýaly däl. Howanyň temperaturasynyň gyzyp başlamagy bilen, bu hapaçylyklar dürli mör-möjekleriň, şol sanda kelle bitiniň hem köpelip, ýaýramagyna getirýär” diýip, gyzy ýokarda gürrüňi edilen çagalar baglarynyň birine gatnaýan türkmenbaşyly ene anonim şertde gürrüň berdi.

Azatlyga bu aýdylanlary bu ugurdan saglyk bilermenine tassyklatmak ýa-da inkär etdirmek başartmady.

Saglyk.org websaýtynda çap edilen maglumata görä, bitleriň kelle, köýnek we gasyk görnüşleri bar. Kelle we köýnek bitleri adamdan adama eşikler, ýorgan-düşekler, daraklar we başga öý goşlary arkaly geçip bilýär.

Maglumatda pedikulýozyň öňüni almakda hususy we jemgyýetçilik arassaçylyk çärelerine üns bermegiň möhüm orny eýeleýändigi hem bellenilýär. Bedeniňi kadaly, ýagny hepdede azyndan iki gezek ýuwmak, eşikleri we ýorgan-düşek daşlary çalşyp durmak bu çäreleriň käbiridir.

Türkmenistanda çagalaryň, uly ýaşly adamlaryň we esgerleriň arasynda kelle bitiniň ýaýrandygy barada Azatlyk mundan ozal hem maglumat beripdi.

Geçen ýylyň noýabrynda Ahal welaýatynyň çäginde ýerleşýän harby bölümlerde duýdansyz geçirilen barlaglarda harby bölümleriň ýaramaz arassaçylyk-gigiýena şertleriniň üsti açyldy: ýatakhanalarda we esgerleriň egin-eşiklerinde bit tapyldy. Bu barada habarçylarymyz harby çeşmelere salgylanyp, 6-njy noýabrda maglumat berdiler.

2020-nji ýylyň maýynda Aşgabatdaky habarçylarymyz kelle bitiniň diňe mekdep okuwçylarynyň däl, eýsem uly ýaşly adamlaryň arasynda hem giňden ýaýrandygy barada maglumat beripdiler.

Türkmen häkimiýetleri we media serişdeleri bu ýagdaýlar barada mesele gozgap, ilat köpçüligine aç-açan maglumat bermeýärler.

Türkmenbaşynyň çagalar baglarynyň çagalarynyň arasynda kelle bitiniň ýaýramagy, Aşgabadyň Bagtyýarlyk etrabynda öýleri sarygarynja basýandygy we munuň tizlik bilen ýaýraýandygy barada maglumatlaryň gelip gowşan mahalyna gabat geldi. Mundan öň ýurtda büre, tagtabit we çekirtge ýaly möjekleriň aşa ýaýramagy bilen bagly ýagdaýlaryň ençemesi ýüze çykypdy.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Forum

XS
SM
MD
LG