Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmenbaşy: ýaşaýjylaryň agşamlaryna köçä çykmagy, gijeki klublaryň işi çäklendirilýär


Türkmenbaşy şäheri. (Arhiw suraty)
Türkmenbaşy şäheri. (Arhiw suraty)

Türkmenbaşynyň ýaşaýjylary agşamlaryna köçä çykmak mümkinçiliginiň çäklendirilmegi bilen ýüzbe-ýüz boldular. Agşam sagat dokuzdan soň köçä çykan we polisiýa tarapyndan saklanan raýatlar 15 günlük tussaglyk astyna düşüp bilýär.

Türkmenbaşynyň polisiýasy şäher ilatyndan agşam sagat 21:00-dan soň daşary köçä çykmazlygy talap edýär. Azatlyk Radiosynyň habarçysynyň 9-njy fewralda beren maglumatyna görä, şeýle çäre tutuş Balkan welaýatynda geçirilýär.

"Bu çäräniň geçirilmegi IIM-niň buýrugy esasynda ilat arasynda asudalygy pugtalandyrmak, ilatyň gijelerine arkaýyn dynç almaklaryny üpjün etmeklige gönükdirilýär" diýip, habarçymyz polisiýa işgärlerini sitirleýär.

Gijelerine köçelere çykmazlyk talaby ähli raýatlara degişli bolup, döwlet edara-kärhanalarynda işleýän raýatlara işden çykarylmak haýbaty atylýar.

"Döwlet edaralarynyň işgärleri agşamlaryna maksatly ýa-da maksatsyz daşarda gezip ýörkä polis tarapyndan saklanan ýagdaýynda, olara işinden boşadyljagy we 15 gije-gündiziň dowamynda wagtlaýyn tussag ediljekdikleri hakda duýduruş hatlaryny paýlap başladylar" diýip, habarçymyz aýdýar.

Köçede içgili saklanan raýatlar babatynda polisiýa tarapyndan aýratyn çäre görülýär. Habarçymyz bilen anonim gürleşen polisiýa işgärleriniň sözlerine görä, şu günler köçelerde içgili saklanan raýatlar babatynda olary narkologiýa keselhanalaryna ýerleşdirmek ýaly çäreler görülýär. Soňky günlerde saklananlaryň käbiri Tejeniň narkologiýa dispanserine 3 aý möhletli berjergä ugradylypyr.

Türkmenbaşydaky habarçymyz şäher ýaşaýjylaryna edilýän häzirki gözegçiligiň we gysyşyň ozalkylaryndan hem has berkdigini belleýär.

Azatlyk Radiosynyň munuň sebäplerini ýerli polisiýa wekillerinden we häkimiýetlerden resmi taýdan anyklamak hem-de kommentariý almak synanyşyklary oňyn netije bermedi.

Emma anonimlik şertinde gürleşen türkmenbaşyly polisiýa işgärleriniň sözlerine görä, şäherdäki tertip-düzgüni berk saklamak talaby soňky wagtda ýurtda ýaşlaryň ahlak terbiýesine degişli çäreleriň güýçlendirilmegi bilen hem bagly bolmagy mümkin.

"Gyzlaryň gijeki klublara diýip öýlerinden çykyp gidip, öýlerine dolanmaýan, dereksiz ýitirim bolýan halatlary ýüze çykýar. Ýeňil tebigatly gyzlar hem duş gelýär. Soňky iki ýylda ýurt boýunça 54 sany dereksiz ýiten ýaşlaryň işiniň üsti açylman dur. Bu, ministriň we ýurt ýolbaşçysynyň hem üns merkezine düşüpdir" diýip, ýerli polisiýa işgäri gürrüň berdi.

Bu aralykda Türkmenbaşyda, Balkanabatda we Awazada meşhur gijeki klublaryň işine hem çäklendirme girizilip, olara 21:00-den soň işlemezlik tabşyryldy.

Türkmenistanyň şäherlerinde agşamky sagatlarda köçe gözegçiligi täze ýyldan bäri saklanyp gelýär. Ýanwar aýynda Aşgabatda polisiýa gije pyýada ýöräp barýan ýaşaýjylardan näme sebäpden agşam köçä çykandygyny, nirä barýandygyny sorap, şahsyýetini anyklaýan resminamalary barlady.

Aşgabatdaky habarçylaryň geçen aýda beren maglumatlarynda polisiýa işgärleriniň raýatlaryň erkin gezelenje çykandygyna şübhe bildiren, raýatlary serhoşlyk barlagyndan geçiren ýagdaýlarynyň hem köp bolandygyny aýdylypdy. Şeýle-de, paýtagtda polisiýa tarapyndan agşamlaryna saklanan raýatlaryň jübüleriniň we sumkalarynyň barlanandygy we ýanynda hatda derman çykan ýagdaýynda hem polisiýa bölümlerine äkidilip, soraga çekilendigi aýdylypdy.

Azatlygyň Türkmenistandaky habarçylarynyň maglumatlaryna görä, soňky günlerde ýurduň dürli ýerlerinde umumy howpsuzlyk çäreleri hem güýçlendirilipdir.

Balkan welaýatyndaky şäherlerde başga welaýatlardan gelip zähmet çekýän içerki migrantlar saklanýar we ýazga duran ýerlerine ugradylýar. Şeýle-de, başga regionlaryň belgisi bolan awtoulaglaryň hereket etmegi çäklendirilýär.

Şeýle çäreler Aşgabatda hem alnyp barylýar. Aşgabatda we Ahalda hemişelik ýazgyda durmadyk içerki migrantlar, wagtlaýyn ýazga duran hem bolsalar paýtagtdan kowulýar, olaryň arasynda Arkadag şäheriniň gurluşygynda işleýän welaýatlylar hem bar, diýip, habarçylarymyz maglumat berýär.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Forum

XS
SM
MD
LG