Aşgabadyň häkimiýetleri döwlet dükanlarynda ilata ýeňillikli bahadan satylýan çörekden kesgitlenen möçberden artyk satyn alýan raýatlara gözegçiligi güýçlendirýärler. Kanun goraýjy edaralaryň işgärleri üçden artyk çörek satyn alan raýatlary saklap, olaryň çöreklerini ellerinden alýarlar. Bu ýagdaýlar barada Azatlyk Radiosynyň habarçysy 19-njy dekabrda paýtagtdan maglumat berdi.
“Bu ýagdaýlar şü günler köp döwlet dükanynyň golaýynda ýüze çykýar. Sebäbi dükanlaryň töwereklerine raýat eşigindäki kanun goraýjylar, şol sanda polisiýa işgärleri gözegçilik edýär. Olar artyk çörek satyn alan raýatlary gözleýärler” diýip, ýagdaýlardan habarly aşgabatly ýaşaýjy anonim şertde gürrüň berdi.
19-njy dekabrda Köpetdag etrabynyň Parahat 6 etrapçasyndaky çörek dükanynyň öňünde bolan bir wakada raýat eşigindäki bir kanun goraýjy 50 ýaşlaryndaky adamy saklady.
“Bu raýat dükandan çörek satyn alyp, ulagyna getirip goýmakçy bolanda, kanun goraýjy dessine onuň ýanyna baryp, goltuk kisesinden ýaşyl reňkdäki şahsyýetnamasyny çykaryp görkezdi. Ol ulagyň arkasyndaky çörekleri telefony bilen surata düşürip, satyn alnan we halta gaplanan 30 töweregi çörekden üç sany buhanka çöregi yzyna berip, galan çörekleri öz ulagyna ýükläp alyp gitdi” diýip, aşgabatly ýaşaýjy şaýat bolan ýagdaýlarynyň çörek nobatyna duran 40 töweregi adamyň öňünde bolandygyny hem aýtdy.
Kanun goraýjylar üçden artyk çörek satyn alan raýatlara bu ýagdaý gaýtalansa, olaryň “jemgyýetçilik tertip-düzgünini bozmakda” aýyplanjakdygyny hem duýdurýarlar.
Şeýle-de, olara 10 gije-gündiz tussaglyga höküm ediljekdigi barada haýbat atylýar.
Azatlyk bu barada paýtagtyň Polisiýa müdirliginden we söwda edarasyndan kommentariý alyp bilmedi.
Ýiti ykdysady kynçylyklary başdan geçirýän Türkmenistanyň döwlet dükanlarynda adam başyna arzan bahadan üç buhanka çöregi satylýar. Ýöne dükanlara çäkli möçberde gelýän çörek nobata duranlaryň ählisine ýetmeýär.
Häzirki wagtda döwlet dükanlarynda arzan buhanka çöreginiň üç sanysy 2 manada satylýar. Erkin söwdadaky iň arzan çörekleriň bahasy 3-4 manatdan başlanýar. Hususyýetçilerde satylýan çörekler 5-15 manat aralygynda bahalanýar.
Habarçymyz artyk çörek satyn alýanlaryň aglabasynyň Ahal welaýatynyň dürli etrapdyr obalaryndan Aşgabada çörek satyn almaga gelýän raýatlardyr.
“Olar öz sebitlerindäki döwlet dükanlarynda arzan çörek satylmaýandygy sebäpli paýtagta gelýärler. Olar bu çörekleri diňe özleri üçin däl, eýse çagalary we olaryň maşgalalary we dogan-garyndaşlary üçin satyn alýarlar. Olar dükanlara aýlanyp, olaryň her birinden üç çörek satyn alýarlar” diýip, habarçymyz belledi.
Türkmenistanyň döwlet dükanlarynda ýeňillikli azyk üpjünçiliginiň ýaramaz ýagdaýy soňky aýlarda has-da ýitileşdi.
Üpjünçiligiň ýaramazlaşmagynyň arasynda, häkimiýetler azyk nobatlaryna gözegçiligi güýçlendirýärler. Nobatlar häkimiýetler tarapyndan wideo ýazgy edilýär. Polisiýa çetki obalardan çörek satyn almaga gelen raýatlary noabtlardan kowýar.
Häkimiýetler bu usullar bilen çörek nobatlaryndaky adamlary azaltmaga we ýaşyrmaga çalyşýarlar.
Ýurtda dowam edýän ýiti ykdysady kynçylyklaryň we giň ýaýran işsizligiň, harytlaryň we hyzmatlaryň yzygiderli gymmatlamagynyň arasynda, köp hojalyk ýeňillikli azyk paýlaryna garaşly bolup galýar.
Türkmenistanda azyk howpsuzlygynyň berkidilýändigini ýygy-ýygydan tekrarlaýan türkmen häkimiýetleri we mediasy bu ýagdaýlar barada maglumat bermeýärler.
Bu aralykda, habarçymyz Täze ýyl baýramçylygy mynasybetli käbir şireli içgileriň arzan bahadan satylyp başlanandygyny we oňa ilatyň uly isleg bildirýändigini hem habar berýär.
“Adatça döwlet dükanlarynda 0,33 litri 5 manatdan satylýan içgiler häzir 4 manatdan bahalanýar” diýip, habarçymyz belledi.
Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.
Forum