Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmenbaşyda çörek gytçylygy güýçlenýär


Çetki şäherçelerden gelen ýaşaýjylar Türkmenbaşynyň çörek kärhanalarynyň dükanlaryndan çörek satyn almak üçin gijäniň aýazly sowugynda nobata durýarlar. (Illýustrasiýa surat)
Çetki şäherçelerden gelen ýaşaýjylar Türkmenbaşynyň çörek kärhanalarynyň dükanlaryndan çörek satyn almak üçin gijäniň aýazly sowugynda nobata durýarlar. (Illýustrasiýa surat)

Balkanyň Türkmenbaşy şäherinde çörek ýetmezçiligi ýitileşýär. Döwlet we hususy dükanlaryň aglabasynda ilata ýeňillikli bahadan satylýan buhanka çöregi tapdyrmaýar. Häkimiýetleriň tamdyrlary ýykmak kampaniýasyndan soň, sebitde tamdyr çöreginiň söwdasy hem doly diýen ýaly togtady. Şäheriň çörek kärhanalary hem un ýetmezçiligi bilen ýüzbe-ýüz bolýar. Bu barada Azatlyk Radiosynyň habarçysy 11-nji dekabrda sebitden maglumat berdi.

“Türkmenbaşyda arzan çörek tas ýok. Hususy dükanlar hem çörek satmagyny goýdular. Diňe ‘Saglyk’ atly gara çörekden başga ýekeje buhankada galmandyr” diýip, ýerli ýaşaýjy şaýat bolan ýagdaýlaryny anonim şertde habarçymyza gürrüň berdi.

Şäherdäki döwlete degişli üç sany çörek kärhanasy hem doly güýjünde işlemeýär. Bularyň birnäçe işgäriniň anonim şertde habarçymyza gürrüň bermegine görä, kärhanalar özlerine bir ýylyň dowamynda berilmeli uny eýýäm alyp bolupdyrlar.

“Häzir her gün 500 kilogram un berilýär. Bu mukdar, uly şäher ilatynyň 20 göterim zerurlygyny hem ödemeýär” diýip, çörek kärhanasynyň işgäri belledi.

Şu günlerde Akdaş, Guwlymaýak we Gyzylsuw şäherçelerinde hem çörek ýetmezçiligi ýitileşýär. Habarçymyz bu şäherçeleriň ýaşaýjylarynyň Türkmenbaşa gelip, çörek satyn almaga çalyşýandygyny aýdýar.

“Bu adamlar gijelerine çörek kärhanalarynyň dükanlarynyň öňünde garaşýarlar. Olar iki sany buhanka satyn almak üçin gijäniň aýazly sowugynda kösenýärler. Ýöne buhanka satyn alyp bilýänler juda az” diýip, habarçymyz belledi.

Azatlyk bu ýagdaýlar barada ýerli häkimiýetlerden, şol sanda çörek kärhanalaryndan resmi kommentariý alyp bilmedi.

Habarçymyz häkimiýetleriň geçen aýyň ahyrynda amal eden tamdyrlary ýykmak kampaniýasyndan soň, şäherde tamdyr çöreginiň söwdasynyň doly diýen ýaly togtandygyny aýdýar.

“Tamdyrda çörek bişirip satýan telekeçileriň işi doly ýatyryldy” diýip, ol belledi.

Geçen aýyň ahyrynda Balkanyň häkimiýetleri Türkmenbaşyda telekeçileriň we hususy hojalyklaryň 1 müňe golaý tamdyryny ýumurdylar.

Häkimiýet wekilleri bu çäreleriň gaz tygşytlamak we atmosfera zyňylýan metan gazyny azaltmak maksadyndan ugur alýandygyny aýtdylar.

Ýöne ýerli synçy bu çäräniň esasy sebäbini döwlet dükanlaryna iberilýän unuň telekeçilere bikanun satylmagynyň öňüni almak tagallalary bilen baglanyşdyrdy.

Soňky aýlarda ýurduň döwlet dükanlarynda un we çörek ýetmezçiligi has-da ýitileşýär. Ilata un paýlary kadaly paýlanylmaýar, käbir sebitlerde alty aý çemesi gijikdirilýär. Çäkli möçberde satylýan arzan çörek ýaşaýjylaryň ählisine ýetmeýär.

Bu habarlaryň arasynda, häkimiýetler çörek nobatlary bilen baglylykda, subsidirlenen çöregiň söwdasyna gözegçiligi güýçlendirýärler.

Geçen hepde habarçylarymyz paýtagtda azyk nobatlarynyň häkimiýetler tarapyndan wideo ýazgy edilýändigini habar berdiler.

Türkmenistanda azyk howpsuzlygynyň berkidilýändigini ýygy-ýygydan tekrarlaýan türkmen hökümeti we mediasy dükanlardaky un we çörek ýeter-ýetmezçiligi barada hiç hili mesele gozgamaýarlar.

Şu ýyl ýurt boýunça 1 million 400 müň tonna bugdaý hasylyny almak göz öňünde tutulýardy. Adatça bu baradaky sanlar iýulyň ahyrynda yglan edilýär. Ýöne hökümet we resmi media şu ýylky galla borçnamasynyň ýerine ýetirilendigi ýa ýetirilmändigi barada häzire çenli kelam agyz aýtman gelýärler.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Forum

XS
SM
MD
LG