Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Migrant işçiler baýramçylykdan öň paýtagtdan kowulýar


Aşgabat. Ýol gurluşygynda işleýän işçiler
Aşgabat. Ýol gurluşygynda işleýän işçiler

Türkmen paýtagtynda Täze ýyl baýramçylygyndan öň güýçlendirilýän gözegçilik ýene beýleki sebitlerden gelip, Aşgabatda we onuň töweregindäki gurluşyklarda işleýän migrant işçileriň ýagdaýyny kynlaşdyrdy. Bir tarapdan, birnäçe hepdelik tölegsiz dynç alşa ugradylan gurluşykçylar gazançdan kesilse, ikinji tarapdan, ýaşaýan ýerlerine gidip ýetişmedik bolsalar, şäherde düzgüni bozan adam hökmünde saklanylyp, jerime tölemeli bolýar. Düzgüniň berkidilmegi Aşgabatda öz ýetişdiren gök, miwe önümlerini satýan ýönekeý adamlaryň hem söwdasyny çäklendirdi. Bu gözegçiligiň 10-njy ýanwara çenli dowam etdiriljekdigi, soňra 'öňki-öňkülik boljakdyyg' çaklanylýar.

Azatlygyň habarçysy häkimiýetleriň gözegçiligi berkidendigini, köçelerde, duralgalarda nobatçylyk edýän polisiýa işgärleriniň köpeldilendigini habar berýär. Olar köneräk eşikli adamlary saklap, paýtagtda ýazgysy bolmadyk raýatlary demir ýol menzilinden bilet alyp, hemişelik ýaşaýan ýerlerine gitmäge mejbur edýärler.

Häkimiýetler bu görülýän çäreler barada resmi düşündiriş bermeýärler. Ýöne işçileriň käbiri şäherdäki gurluşyk işleriniň togtadylmagynyň golaýda ýaşaýan adamlaryň Täze ýyl baýramçylygy döwründe rahat dynç almagy, gurluşyk takyrdylarynyň olary bimaza etmezligi bilen düşündirilendigini aýtdy.

Öňki ýyllaryň tejribesinden görnüşine görä, Täze ýyl baýramçylygyndan öň daşky görnüşiň ‘gowy, owadan’ bolmagy, adamlaryň ‘durmuşdan razy, bagtly, hoşwagt görünmegi’, köne-küşül eşikli, hor-homsy görünýän adamlaryň göze ilmezligi üçin edilýän tagallalar has artdyrylýar.

Azatlyk bilen anonimlik şertinde söhbetdeş bolan işçi türk gurluşykçylarynyň öňki demir ýol hassahanasynyň ýerinde gurýan täze hassahanasynyň gurluşyk işleriniň şäher häkimliginiň görkezmesi esasynda togtadylandygyny aýtdy. Şeýle-de ol Görogly köçesi bilen Bekrewe çatrygynyň golaýynda, Oba hojalyk uniwersitetiniň ýykylan binasynyň, mehanizasiýa fakultetiniň ýerinde gurulýan hassahananyň gurluşygynyň togtadylandygyny gürrüň berdi.

Paýtagtdaky gurluşyk işleriniň näçe wagtlyk togtadylandygy anyk däl. Şol bir wagtda, resmi bolmadyk maglumata görä, ýokary hüşgärlik tagallalarynyň 15-nji dekabrdan başlanyp, 10-njy ýanwara çenli dowam etdiriljekdigi çaklanylýar.

Habarçymyzyň maglumatyna görä, polisiýa işgärleri häzir Aşgabat şäheriniň köçelerinde, bazarlarda, söwda merkezlerinde we adamlaryň köp toplanýan awtobus terminallarynda, şeýle-de soňky duralgalarda, mysal üçin, Teke bazarynyň duralgasynda, 11-nji etrapçadaky IRANKODRO sergi merkeziniň garşysyndaky duralga nokatlarynda ikiden, üçden, topar bolup, pyýada aýlanyp, ilata gözegçilik edýärler. Olar şübheli hasaplan adamlaryny saklap, şahsyýetlerini tassyklaýan resminamalaryny görkezmeklerini talap edýärler.

Azatlygyň habarçysy bilen anonimlik şertinde gürleşen ene şäherde işlemäge giden oglunyň ‘prapisgäň ýok’ diýip, 100 manat jerime töledilip, yzyna kowlandygyny gürrüň berdi. Onuň pikiriçe, ‘häkimiýetler paýtagtdaky gurluşyklarda işleýän işçileriň bezelen şäherde, baýramçylyk günlerinde beýleki adamlar bilen deň dynç almagyny, Täze ýyl arçasynyň ýanynda görünmegini islemeýärler’.

“Polisiýa işgärleri näme etsin, olar özlerine berlen buýrugy ýerine ýetirýärler, barla diýilse, barlaýarlar, jerime sal diýilse, jerime salýarlar” diýip, aşgabatly ýaşaýjy adamlaryň ala tutulmagynyň sebäbi barada öz pikirini aýtdy.

Ýöne bir işçi käbir polisiýa işgärleriniň ‘telpegini getir diýilse, kellesini getirjek bolýana meňzeýändigini’ aýtdy.

“Olar saklanan erkek adamlary kemsitmekden, paýyş sözleri aýdyp, agzyny hapalamakdan, hatda el galdyrmakdan hem gaýtmaýarlar. Bu adam mertebesini basgylamak bolýar” diýip, adyny aýtmakdan saklanan işçi aýtdy.

Gözegçiligiň güýçlendirilmegi diňe migrant işçileriň däl, “Altyn asyr” bazarynyň içinde ýere kagyz düşäp, ownuk söwda edýän raýatlaryň hem gazanç mümkinçiligini kesdi. Polisiýa işgärleri bu hili ownuk söwdagärleriň ellerinden harytlaryny alyp, özlerini bazardan çykaryp kowýarlar. Bu olaryň öz söwda tekjesiniň bolmazlygy bilen düşündirilýär.

Türkmenistanda melleginde ýetişdiren gök, miwe ekinlerini bazarda ýa bazaryň daşynda, köçeleriň gyrasynda resmi rugsat almazdan satýan ýönekeý adamlar özleriniň söwda tekjesini almaga gurplarynyň ýetmeýändigini, bu söwdanyň diňe çaý-çörek üçin edilýändigini aýdýarlar.

Polisiýa bazaryň pyýada geçelgelerinde ýa başga ýerlerde bikanun söwda edýän ownuk söwdagärlere käte dözmezlik edip göz ýumsa, käte olardan az-owlak para alýar, ýöne baýramçylyk günlerinde berilýän berk tabşyryk olary bellenen möhlet geçýänçä berk durmaga mejbur edýär diýip, synçylar aýdýar.

“Baýramçylykdan soň ýene öňki-öňkülik bolar” diýip, polisiýa işgärleriniň biri tanyş satyjysyna aýdypdyr.

Türkmen paýtagtyndaky gurluşyklarda işleýän migrant işçileriň anyk sany belli däl. Ýurt maglumat almak üçin ýapyk bolansoň, bu görülýän çäräniň näçe adamyň durmuşyna we gazanjyna täsir edendigini anyklamak mümkinçiligi ýok.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Forum

XS
SM
MD
LG