Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkiýede türkmenistanly ýene bir migranta deport edilmek howpy abanýar


Stambul aeroporty. Illýustrasiýa suraty
Stambul aeroporty. Illýustrasiýa suraty

Türkmenistanly migrantlaryň ýene biriniň Türkiýeden deport edilýändigi habar berilýär. Adam hukuklaryny gorap çykyş edýän türk raýdaşlyk guramasy “Mazlumlar” türkmen migranty Maksat Baýmyradowyň 31-nji awgustda Stambulda saklanandygyny we Tuzladaky deportasiýa merkezine alnyp gidilendigini habar berýär.

Guramanyň 6-njy sentýabrda X sosial ulgamynda paýlaşan maglumatyna görä, 1-nji sentýabrdan bäri Diýarbakyr şäherindäki deportasiýa merkezinde saklanýan Baýmyradow barada deport etmek karary kabul edildi.

Bu barada Azatlyk Radiosynyň Diýarbakyryň deportasiýa merkezi bilen telefon arkaly habarlaşmak synanyşyklary başa barmady.

“Baýmyradow Türkmenistana iberilse, [ol] ölüm, gynamalar we ýowuz daraşmak töwekgelçilikleri bilen ýüzbe-ýüz bolup biler. Şol sebäpli Baýmyradow hakynda çykarylan deport karary ýatyrylmalydyr” diýlip, maglumatda aýdylýar.

Gurama Baýmyradowyň näme sebäplere görä Türkmenistanda gynamalara we ýowuz çemeleşmelere sezewar ediljekdigini, munuň onuň sosial ulgamlarda beýan eden garaýyşlary bilen baglymy ýa däldigini aýdyňlaşdyrmaýar.

Ýöne soňky ýyllarda daşary ýurtlarda öz syýasy we jemgyýetçilik garaýyşlaryny beýan eden ýa-da türkmen häkimiýetleri tarapyndan yzarlanýan türkmenistanlylaryň daşary döwletlerden deportasiýa edilmegi we Türkmenistanda ýitirim edilmegi bilen bagly ýagdaýlar wagtal-wagtal peýda bolýar.

Mary welaýatynda doglan, 30 ýaşly zähmet migranty Baýmyradow Internetde türkmen raýatlarynyň Türkiýede we Türkmenistanda ýüzbe-ýüz bolýan ýagdaýlary, olaryň hak-hukuklary barada çykyş edip, öz garaýyşlaryny ençeme gezek beýan etdi.

Baýmyradow geçen aýyň ahyrynda Azat Ýewropa/Azatlyk Radiosynyň “Migrant.Media” proýektine beren interwýusynda özüniň ýaşamaga ygtyýarnamasynyň möhletiniň oktýabryň ortasyna çenli bardygyna garamazdan, iýunyň ortalarynda Stambulda saklanandygyny aýtdy.

Şonda ol polisiýada özüne ýaşamaga ygtyýarnamasynyň ýatyrylandygynyň aýdylandygyny, ýöne tussag edilmekden saklanandygyny hem gürrüň beripdi. “Migrant.Media” proýekti Baýmyradowyň bu interwýunyň yzysüre saklanandygyny habar berdi.

Bu waka, türkmenistanlylaryň zähmet migrasiýasy üçin saýlap alýan esasy ugurlarynyň biri bolan Türkiýede häkimiýetleriň bikanun migrantlara garşy giň gerimli reýdleri geçirýän we türkmen raýatlarynyň köpçülikleýin watanyna dolanmaga mejbur bolýan döwrüne gabat geldi.

Türk häkimiýetleri, Rejep Taýýyp Erdoganyň 28-nji maýda täze bäş ýyl möhlet bilen prezidentlige saýlanmagynyň we täze içeri işler ministri Ali Ýerlikaýanyň 4-nji iýunda wezipä girişmeginiň yzysüre, ýurtda bikanun ýaşaýan migrantlara garşy geçirýän reýdleriniň gerimini güýçlendirdiler.

Bu waka, Erdoganyň öz saýlaw kampaniýasynyň dowamynda “tertipsiz, bikanun migrasiýany nol derejä çenli azaltmagy”wada bermeginiň yz ýanyna gabat geldi. Soňky ýyllarda Türkiýede bikanun migrantlar bilen ilteşikli jenaýatlaryň göz-görtele artmagy, türk halkynyň arasynda bu babatda nägilelikleri döredipdi.

Türk häkimiýetleri tussag we deport edilen on müňlerçe migrantyň haýsy ýurtlaryň raýatlarydygy barada häzire çenli aç-açan maglumat bermeýärler. Ýöne olaryň arasynda türkmenler hem bolup, Türkmenistan geçen aýyň başynda Türkiýeden deport bolan müňden gowrak raýatyny ýurda getirdi.

Garaşsyz neşirler olaryň arasynda türkmenistanly raýat aktiwistleriniň hem bardygyny habar berip gelýärler.

“Türkmenistanyň Hronikasy” neşiriniň 4-nji sentýabrda çap eden maglumatynda Türkiýede bolan wagtlary protestlere gatnaşyp, sosial ulgamlarda türkmen hökümetini tankytlap çykyş edendigi aýdylýan iki aktiwistiň Türkmenistana iberilendigi we olaryň biriniň türkmen häkimiýetleri tarapyndan tussag edilendigi aýdylýar.

Dünýäniň iň bir ýapyk we repressiw ýurtlarynyň biri hasaplanylýan Türkmenistanyň häkimiýetleri we media serişdeleri Türkiýede on müňlerçe türkmen migrantynyň duçar bolýan ýagdaýlary, olaryň Türkmenistana deport edilmegi we ýurtda ýüzbe-ýüz bolýan ýagdaýlary barada kelam agyz söz aýtman gelýärler.

Azatlygyň ýurduň Türkiýedäki ilçihanasyndan we Stambuldaky konsulhanasyndan telefon arkaly kommentariý almak synanyşyklary hem oňyn netije tapmaýar.

Bu aralykda, Türkmenistandaky habarçylarymyz ýurtda, hususan-da Balkanda Türkiýeden deport edilip, watanyna dolanan raýatlaryň sanynyň göz-görtele köpelendigini we olaryň kanun goraýjy edaralaryň işgärleri tarapyndan yzarlanyp, yzygiderli sorag edilýändigini habar berýärler.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Forum

XS
SM
MD
LG