Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Milli gwardiýa kimi kimden goraýar?


Prezident Şawkat Mirziýoýew
Prezident Şawkat Mirziýoýew

Özbek prezidenti Şawkat Mirziýoýewiň Milli gwardiýasy täze ygtyýarlyklar alandan s, Putiniň Rosgwardiýasyny ýatladýar. Özbegistanyň prezidenti 12-nji maýda Administratiw jogapkärçilik kodeksini üýtgetmek hakyndaky kanuna gol çekenden soň, şol kanun esasynda Milli gwardiýanyň ygtyýarlyklary has-da giňeldi.

Eger-de, aradan çykan prezident Yslam Kerimowyň döwründe Milli Howpsuzlyk gullugy (MHG) Özbegistanyň tutuş ilatyny gorkuda saklan bolsa, häzirki wagtda Mirziýoýewiň döreden Milli gwardiýasy kuwwatly gurluşa öwrülýär, olaryň ygtyýarlyklary her ýylda artýar.

Özbegistanyň Administratiw jogapkärçilik kodeksine girizilen düzedişlere laýyklykda, mundan beýläk Milli gwardiýanyň işgärleriniň kiçi jenaýat edenlere ýa-da ýanynda sowuk ýarag göteren adamlara protokol düzüp, ony kazyýete ibermäge hukugy bolar.

Mundan başga-da, Milli gwardiýa administratiw jenaýaty etmäge gatnaşan kämillik ýaşyna ýetmediklere, jemgyýetçilik ýerlerinde alkogolly içgileri içýänlere, milletçiligi, jynsparazlygy, etniki ýa-da dini ýigrenji öjükdirýän materiallary taýýarlanlara, ýaýradýanlara ýa-da özünde gizlin saklaýanlara, şeýle hem dilegçilik bilen meşgullanýanlara, humarly oýunlary oýnaýanlara jerime salyp bilýär.

«Indi olar hem dürli görnüşli düzgün bozulmalara garşy göreşmäge borçlanýarlar. Olar hiç zat ýok ýerden jerime alyp, sada halkyň boýnuna asarlar. Men diňe bir zada düşünmeýärin, Milli gwardiýa jeza beriji guramamy ýa-da adamlara kömek edýän, olara dogry ýoly görkezýän gurama?» diýip, Facebook ulanyjy Şuhratjon Tajibaýew sorag goýýar.

Senatyň ýaýradan maglumatynda bellenişine görä, beýle ygtyýarlyklaryň Milli gwardiýa geçirilmegine zerurlyk döräpdir.

Ýaňy-ýakyna çenli düzgüni bozanlara jerime salmaga diňe Özbegistanyň Içeri işler ministrligi ygtyýarlydy.

Senatyň maglumatyndan gelip çykýan netijä görä, Içeri işler ministrligi hem özünde bu ygtyýarlyklary saklap galýar, ýagny içeri işler edaralarynyň işgärleri mundan beýläk-de jenaýatçylara jerime salmagyny dowam etdirerler. Indi diňe düzgün bozujyny ilkinji tutan jerime salýar.

Synçylaryň pikirine görä, Milli gwardiýa Özbegistanyň Döwlet howpsuzlyk gullugynyň (DHG) we IIM-niň wezipelerini has köp öz üstüne alýar ýa-da tersine, ol üç edara bir wagtda şol bir wezipäni ýerine ýetirýärler.

«Eger edaralar biri-birini gaýtalasa, olaryň sany köpelse, bu olaryň işiniň netijeliliginiň peselmegine getirýär» diýip, blogçy Elmurad Odil ýazýar.

Şawkat Mirziýoýew häkimiýet başyna geleninden bir ýyl soň, Milli gwardiýa ministrlik statusyny berdi. Ondan öň Milli gwardiýa diňe kiçi brigada bolupdy. Milli gwardiýa 1992-nji ýylda Özbegistanyň IIM-niň 3408-nji harby bölüminiň bazasynda emele geldi, şol ýylda hem ol Goranmak ministrliginiň ygtyýarlygyna geçirildi. Köp ýyllaryň dowamynda 1000 adamdan ybarat bu brigadanyň bardygyny hiç kim bilmeýärdi. Onuň, esasan, strategik desgalary goramak bilen meşgullanýandygyny aýdýardylar.

2017-nji ýylyň awgustynda Mirziýoýewyň permany bilen Milli gwardiýa Ýaragly Güýçleriň düzüminden aýrylyp, özbaşdak statusa eýe boldy.

Bilermenleriň pikirine görä, Mirziýoýew Milli gwardiýanyň kuwwatyny artdyryp, "Kerimowyň MHG-niň" ornuny tutjak güýçli edara öwürmegi planlaşdyrýar. Ol bu sistemany taýýarlamagy özüniň iň ynamdar adamlaryndan biri Batyr Tursunowa ynandy, ol prezidentiň gudasy, ýagny uly giýewi Oýbek Tursunowyñ kakasy. General Batyr Tursunow sowet KGB-sinden ösüp ýetişdi, 2020-nji ýyla çenli Özbegistanyň Milli gwardiýanyň ýolbaşçysynyň orunbasary wezipesini eýeledi.

Soňra general Tursunow Döwlet howpsuzlyk gullugynyň başlygynyň birinji orunbasary wezipesini ýerine ýetirdi, ýöne Azatlygyň Özbegistanyň howpsuzlyk güýçlerine ýakyn çeşmesiniň aýtmagyna görä, Tursunow Milli gwardiýa ýolbaşçylyk borjuny hem elinde saklapdyr. Indi bolsa onuň diňe şol topara däl, eýsem respublikanyň beýleki güýç gurluşlaryna-da uly täsir etmäge mümkinçiligi bar.

– Bu günki günde bu guramanyň ygtyýarlygynyň diňe bir islendik edaranyň işine däl, eýsem, prinsipe görä, Özbegistanda ýaşaýan islendik raýatyň we adamyň durmuşyna goşulmaga-da hukugy bar diýip düşünmeli – diýip, Fransiýada ýerleşýän “Merkezi Aziýada adam hukuklary” bileleşiginiň başlygy Nadežda Ataýewa Azatlyk Radiosynyň Özbek gullugyna aýtdy.

Nadežda Ataýewa
Nadežda Ataýewa

– Hakykatdan-da, bu şeýle çäksiz güýç – diýip, Nadežda Ataýewa sözüni dowam etdirýär. – Ol, gürrüňsiz, jemgyýetçilik gözegçiliginiň ýok ýagdaýynda, prezidentiň howpsuzlygyny doly berjaý ediji örän çynlakaý repressiw guraly, şonuň bilen birlikde-de, iş ýüzünde her bir adamyň hukuklaryny bozmaga haky bolar.

Analitikleriň pikirine görä, Mirziýoýew prezidentlik kürsüsini alanda, ilki bilen täze güýç ulanyjy edarany döretmek kararyna geldi, sebäbi ol Kerimowa wepaly öňki hukuk goraýjy edaralara ynanmady.

Mirziýoýewiň prezident hökmünde eden ilkinji hereketleriniň biriniň Döwlet howpsuzlyk gullugynyň we Baş prokuraturanyň ygtyýarlyklaryny azaltmak bolandygyny bellemek gerek.

Döwlet howpsuzlyk gullugynyň we IIM-niň birnäçe ygtyýarlyklary Milli gwardiýa geçirildi. Şol bir wagtda, synçylar bu edaralaryň ygtyýarlyklarynyň biri-birini gaýtalanýandygyny-da belleýärler. Ýöne Milli gwardiýa we onuň täsiri şeýle bir artmak bilen, tizden ol DHG-niň iň güýçli ýyllaryndan-da has täsirli gurama öwrülip biler.

2020-nji ýylda kabul edilen "Milli gwardiýa hakyndaky" kanunyna laýyklykda, onuň döredilmeginden esasy wezipeleriniň biri köpçülikleýin çäreleri – ýygnanyşyklar, mitingler, ýygnaklar we demonstrasiýalar geçirilende, jemgyýetçilik tertibini goramak bolup durýar.

Milli gwardiýa beýle hyzmaty geçen ýylyň 1-2-nji iýulynda, Nöküsde bolup geçen gandöküşikli wakalarda aýdyň görkezdi.

Halkara guramalary Nöküs demonstrasiýasy basylyp ýatyrylanda, protestçilere garşy ýarag ulanylandygyny mälim etdiler hem-de resmi Daşkendi hetdenaşa güýç ulanmak mümkin bolan halatlaryny barlamaga çagyrdylar. Nöküsdäki wakalar wagtynda, resmi maglumata görä 21 adam ýogaldy, 243 adam ýaralandy, olaryň arasynda kanun goraýjy guramanyň işgärleri hem bar.

Garagalpagystandaky protestler güýç bilen basylyp ýatyrylsa-da, özbek häkimiýetleri harbylaryň protestçilere garşy ok atandygyny inkär etdiler. Milli gwardiýa bolsa protestleri togtatmak üçin ulanylan ýörite serişdelerini görkezdi.

Nöküsdäki wakalar bilen bagly kazyýet işleri häzir hem dowam edýär, emma aýyplanýanlaryň arasynda, güýç ulanyjy guramanyň ýekeje agzasy hem ýok. Kanuna laýyklykda Milli gwardiýanyň harby gullukçylary (işgärleri) gulluk borçlaryny ýerine ýetirenlerinde, el degrilmezlik hukugyna eýe bolýarlar.

Kanunda görkezilen ýene bir düzgüne üns bermek gerek:

  • "Milli gwardiýa baradaky” kanun, 7-nji madda; «Milli gwardiýanyň ýolbaşçysy öz hyzmatyny amala aşyrmakda, gönüden-göni Özbegistan Respublikasynyň Prezidentine tabyndyr».

Şoňa görä-de, prezident Mirziýoýewiň rugsady bolmazdan, Milli gwardiýa hiç hili işe baş goşmaýar.

Häzirki kanunçylyga laýyklykda, Özbegistanyň Milli gwardiýasynyň wezipesine Özbegistanyň territorial goranyş ulgamynda, Ýaragly Güýçleriň söweşjeň planlaryna girmek, ýörite wezipeleri çözmek, döwlet serhedini goramak, terrorçylyga garşy göreşe gatnaşmak, şeýle hem tebigy we tehniki sebäpler netijesinde ýüze çykan adatdan daşary ýagdaýlary aradan aýyrmak degişlidir.

– Bu çäklendirilmedik güýje eýe bolan harby bölüm bolup, Özbegistandaky islendik protest meýillerini basyp ýatyrmak üçin çynlakaý guraldyr. Ol Özbegistanyň prezidentiniň çäksiz mümkinçilige eýe bolan şahsy goşuny – diýip, adam hukuklaryny goraýjy aktiwist Nadežda Ataýewa aýdýar.

Özbegistanyň Milli gwardiýasynyň ýene bir wezipesini ýatlap geçeliň. Iki ýyl mundan öň respublikanyň ähli Mehribonlik öýleri (ýetim çagalara rehimdarlyk edýän öýler) we çagalar merkezleriniň ählisi bilim ministrliginiň sistemasyndan aýrylyp, Milli gwardiýa berildi.

Prezident Şawkat Mirziýoýewiň teklibi boýunça her Mehribonlik öýünde gwardiýa üçin, direktoryň orunbasary wezipesi girizildi.

Analitikler şol wagt bu karary goldamadylar, ýöne Horezm sebitindäki Mehribonlik öýünde bolan wakadan soň, tankyt has-da güýçlendi.

Ürgenç şäherindäki ýetimhananyň başlygy kämillik ýaşyna ýetmedik üç ýetim gyzy ýerli emeldarlar bilen jynsy gatnaşyk etmäge mejbur edendigi baradaky habar Özbegistanyň jemgyýetine mälim boldy.

Emma resmiler bu waka bilen baglanyşykly ýetimhanalaryň jogapkärçiligi berkidilen Milli gwardiýanyň işi barada asla agzamady.

Köpler Özbegistanyň Milli gwardiýasyny Putiniň Rosgwardiýasy bilen deňeşdirýär. Orsýetiň prezidenti Wladimir Putin diňe özüne tabyn bolan gwardiýany döretdi.

Orsýetde Rosgwardiýa döredilende, onuň baştutanlygyna Putiniň şahsy goragçysy Wiktor Zolotow bellendi hem ol Russiýanyň prezidentiniň şahsy güýjüni pugtalandyrmaga tarap ädim hasaplandy.

Häzirki wagtda Putiniň Rosgwardiýasy döwletiň esasy kuwwatly goşunyna öwrülip, duýduryş bermezden adamlara garşy fiziki güýç, ýörite serişdeleri we ýarag ulanmaga hukugy bar. Olar Russiýanyň çäginden daşarda, şol sanda Siriýada we Ukrainada hem harby operasiýalara gatnaşýarlar.

Mirziýoýew öz Milli gwardiýasyny döredende, Putiniň gwardiýa agzalarynyň özbek kärdeşlerine tälim berendikleri aýdylýar.

2018-nji ýylyň 19-njy oktýabrynda Russiýanyň we Özbegistanyň hökümetleri rus Federal gullugy bilen Özbegistanyň Milli gwardiýasynyň arasynda, Hyzmatdaşlyk hakyndaky ylalaşyga gol çekdiler.

– Russiýada repressiýa çäreleri ösüp başlan badyna, Putiniň Rosgwardiýasy ösüp başlady. 2017-nji ýylda Mirziýoýew häkimiýet başyna geleninden soň, Putiniň gwardiýasynyň türgenleşikleri başlandy. Ol türgenleşikler we maslahatlar dowamly, hemişe diýen ýaly dowam edýär. Ýagny Putin şeýle gurluşy döretmek bilen Mirziýoýewiň häkimiýete gelmegine kömek etdi hem şol gwardiýa arkaly saklamaga kömek edýär. Şawkat Mirziýoýewiň Putine garaşly bolmagy şol ýagdaý sebäpli düşündirilýär – diýip, Fransiýada hereket edýän "Merkezi Aziýada adam hukuklary" atly bileleşigiň başlygy Nadežda Ataýewa Azatlyk Radiosynyň Özbek gullugyna aýdýar.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň gizlinligini doly kepillendirýär.

Forum

XS
SM
MD
LG