Moskwada ýerleşýän "ABZ Ak Rast" kompaniýasy doň ýerde garym gazmak üçin, Orsýetiň basyp alan Ukrain territoriýalaryna migrant işçileri alyp gidendigini "Ulgam" (ol "Nastoýaşaýa Wremýa" we Azatlyk Radiosynyň barlag proýekti) aýan etdi. Ol iş tamamlanandan soň, migrantlara wada berlen hak tölenmändir. Emma iş tabşyran kompaniýanyň müdirligi bu ýagdaýda ejir çeken olaryň özleri diýip hasaplaýar.
2023-nji ýylyň ýanwarynda, 27 ýaşly Täjigistanyň graždany Nurullo (haýyşy boýunça onuň ady üýtgedildi) Moskwadan gazanç etmek üçin işe gidýär. Adaty tanyş iş – gurluşyk işleri. Olara Moskwanyň etegindäki Dmitrowada ýerleşýän “ABZ Ak Rast” zawodynyň eýesi Ýewgeniý Konoplýow iş buýurýar. Nurullonyň ýolbaşçylygynda 35 işçi gyrym gazmaly hem ýerküme gurmaly bolýarlar. Tutuş topara uzynlygy bir kilometr bolan garym üçin, 800 müň rubl hödürlediler (ýanwar aýynyň başyndaky alyş-çalyş bahasy boýunça 11,4 müň dollar). Bu işiň Ukrainanyň basyp alnan ýerlerinde, Zaporožýe sebitinde bolýandygy işçileri biynjalyk etmändir.
«Garymy tehnika gazýar, biz el bilen etmeli işleri edýäris. Soldatlar üçin pena bolar ýaly ýer, umuman, söweş üçin ähli gerekli gaçybatalgalary gurduk» diýip, Nurullo “Ulgam” proýektine gürrüň berdi. Topar öňdäki front liniýasyndan 15 kilometr yzda, ikinji goranyş liniýasy üçin, gorag zolagyny hem tehnika üçin pena işlerini we gaçybatalga ýerlerini gurupdyrlar. Şoňa görä-de, artilleriýa "hüjüminden" hiç kime şikes ýetmändir. «Bizi Kamenkada bosgunlar öýlerinde ýerleşdirdiler» diýip, işçi düşündirýär.
Kynçylyklar migrantlar eýýäm işiň bir bölegini edip bolandan soň başlanýar. Nurullo we onuň birnäçe ýoldaşy "Ak Rastyň" eýesi Ýewgeniý Konoplýowdan, öň wada edilen 800 müň rubly alyp bilmeýärler. Konoplýow olara 600 müň rubl çemesi töläp, galanlaryny tölemekden boýun gaçyrýar. Işçiler garym gazmak işlerini bes edip, öýlerine gaýtmakçy bolýar. Emma her kimiň ýeterlik puly bolmansoň, olaryň käbiriniň tölenilmeli pula garaşyp, häli-häzirem basyp alnan territoriýalarda galandygyny Nurullo gürrüň berýär.
Nurullo hem onuň ýoldaşlary polisiýa ýüz tutýar. «Biz Moskwa-da arza ýazdyk. Ol ýerde polisiýa ýok, diňe harbylar bar, näme isleseler şony edýärler, atýarlar, ýumrulýarlar, gömýärler, öz işine özleri jogap berýär» diýip, Nurullo aýdýar. Işçileriň beren arzasynyň hasaba alnandygyny “Ulgam” proýekti Moskwa polisiýasynyň maglumatlaryna girmäge mümkinçiligi bolan çeşme tarapyndan tassyklap bildi.
Şondan soň Nurullo we beýleki iki işçi saklanýar. Polisiýa işgärleri tarapyndan prokuratura äkidilende, ony gorkuzmaga synanyşdylar. Ol işçi şeýle ýatlaýar: “Basyş görkezdiler, gorkuzjak boldular. Emma men olara näme isleseňiz şony ediň diýdim. Olar bize siz ol ýere barandygyňyz üçin, ömürlik türme tussaglygyna gitjegiňizi bilýäňizmi diýdiler. Biz ol ýerde işledik, uruş alyp barmadyk diýdik."
Russiýanyň Içeri işler ministrligi we Moskwa prokuraturasy “Ulgamyň” sowallaryna jogap bermediler. Ýöne polisiýanyň habarlaryna girmäge mümkinçiligi bolan çeşmäniň maglumatyna görä, Nurullo we onuň egindeşleri "migrasiýa kanunlaryny bozandygy üçin" barlanypdyr. Polisiýa işgärlerden hiç hili düzgün bozulma tapmandyr, işçiler Russiýada kanun taýdan bolupdylar.
«Zordan gutuldyk»
“ABZ Ak Rastyň” ýolbaşçysy Ýewgeniý Konoplýow “Ulgamyň” soraglaryna jogap bermekden boýun gaçyrsa-da, ol hakyna tutan işgärleriniň Zaporožýe oblastynda işländigini inkär etmedi. Şol bir wagtda, ol kompaniýanyň çeşmesi "Ulgama" ýagdaýa zyýan getirenleriň telekeçileriň özüdigini aýtdy: «Biziň kompaniýamyza örän erbet boldy, gaty tertipsiz adamlar. Olaryň (işçileriň) ýolbaşçylary öz adamlaryny taşlaýarlar, soňra ol adamlar işleýän guramasyndan pul talap edýärler. Biz munuň ýaly ýagdaýa iki gezek duşduk, ol adamlardan zoran gutuldyk» diýip, ol gürrüň berdi, ýagny kompaniýanyň müdirliginiň maglumatlaryna görä, olar puly doly möçberde töläpdirler, ýöne ýolbaşçylar, şol sanda Nurullo-da ol pullary işçilere getirip bermändirler. Nurullonyň özi munuň tersine bolandygyny öňe sürýär.
"ABZ Ak Rast" kompaniýasy esasan ýol gurluşygy bilen meşgullanýar hem-de şol ugurdaky işleri beton, asfalt we kerpiç ýaly materiallar bilen üpjün edýär. Soňky bäş ýylyň içinde “Ak Rast” býujet edaralary bilen 1,5 milliard rubldan gowrak bolan onlarça şertnama gol çekdi. Konoplýowyň kompaniýasy ýanýollary gurmaga we enjamlaşdyrmaga, awtoulag ýollaryny abat saklamaga kömek edýär. 2022-nji ýylda Moskwa oblastynyň gubernatory Andreý Worobýow kompaniýanyň hyzmatdaşlyk işleri üçin minnetdarlyk bildirdi.
Baglaşylan şertnamalaryň arasynda, Orsýet tarapyndan ele salnan sebitler bilen bagly ýekejesi hem ýok. BBC-niň Rus gullugynyň maglumatyna görä, kompaniýa frontuň öň hataryny beton gurluşlary bilen üpjün edipdir: "aždarhanyň dişleri" diýilýän betonlar ukrain hüjümi bolan halatynda, agyr tehnikalaryň ilerlemegini togtadyp bilýär.
Orsýetiň goşuny we basyp alnan ýerlerdäki edara ýolbaşçylary geçen ýylyň güýzünden bäri basyp alnan sebitleri goranmak üçin taýýarlaýarlar. Satellit arkaly düşürilen suratlardan ýygnanan maglumatlara görä, gazylan garymlar Hersondan başlap, Klintsowa çenli tutuş aragatnaşyk hataryny diýen ýaly goraýar. Nurullonyň toparynyň işlän ýeri bolan Zaporožýedäki garymlara öz uzynlygy boýunça rekord derejede diýip bolar, golaýda satellit suratlarynda 70 kilometrlik uzynlykdaky garym aýan edildi. Ol Berdýanskyň demirgazyk-günbatarynda ýerleşýän Primorskiý etrabynyň Marinowka obasyndan başlanyp, Melitopola ýetmän tamamlanýar.
«Basyp alşy taýýarlamaga gatnaşdy»
Şeýle işler üçin Nurullo we Ukrainadaky beýleki işgärler hakyky jenaýat işine sezewar edilip bilner diýip, Ukrainanyň adam hukuklary boýunça aktiwisti Pawel Lisýanskiý “Ulgama” mälim etdi. "Eger ol şol ýerde garym gazan bolsa, bu onuň basyp almak çärelerine, uruş hereketlerini taýýarlamaga gatnaşandygyny aňladýar. Munuň özi eýýäm bilkastlaýyn jenaýat işine gatnaşmak ýa-da bikanun ýaragly toparlara gatnaşmak hökmünde garalyp bilner” diýip, hukuk goraýjy düşündirýär.
Şol bir wagtda, işçiler halkara jenaýat-gözleg sanawyna girizilip bilner, şonuň üçinem Lisýanskiý olara diňe beýle işe gitmezligi maslahat berýär. «Olar uruş barýan ýere, basylyp alnan zona gidýärler. Şonuň üçin wada edilenleriň hiç biri 90% tölenmez» diýip, Lisýanskiý çaklaýar.
Iň bolmanda, serhetden bikanun geçendigi üçin, işçilere 204-1-nji madda esasynda, administratiw temmisiniň berilmegi mümkin, ol jerime salmak bilen jezalandyrylýar.
Material Anton Stekowyň we Akram Abdukahoryň gatnaşmagynda taýýarlandy.
Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň gizlinligini doly kepillendirýär.
Forum