Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Täze barlaglar: Türkmenistanda 122 müň töweregi Internet salgysy petikli saklanýar


Illýustrasiýa suraty.
Illýustrasiýa suraty.

Düýbi Birleşen Ştatlarda ýerleşýän Çikago uniwersitetiniň hem-de Maryland uniwersitetiniň informasiýa tehnologiýalary boýunça hünärmenler toparynyň geçiren täze barlaglary Türkmenistanda 122 müňden gowrak Internet domen atlarynyň petikli saklanýandygyny anyklady. Bu barada “Global Voices” neşiri habar berýär.

2021-2022-nji ýyllar aralygynda, bir ýyl dowam eden barlaglar Türkmenistanda Internet çäklendirmeleriniň gerimini açyp görkezýär.

Barlagçylar ýurt içindäki kömekçi barlagçylara we meýletinçilere garaşly galmazdan, dürli tilsimat tärlerini ulanmak arkaly özbaşdak geçiren gözleglerinde 15 milliondan gowrak domen adynyň Türkmenistandaky durumyny barladylar. Şolardan 122 müňden gowrak Internet salgysynyň häkimiýetler tarapyndan petiklenýändigi subut edildi.

Türkmen häkimiýetleri ýurtda diňe milli ahlak kadalaryna gabat gelmeýän maglumatlaryň, şol sanda pornografiýa saýtlarynyň we terrorçylygy ündeýän maglumat çeşmeleriniň çäklendirilýändigini aýdýarlar.

Ýöne täze barlaglara görä, ýurduň çäginde petiklenýän saýtlaryň 75 göterimini habar saýtlary, VPN hyzmatlaryny hödürleýän sahypalar, güýmenje saýtlary, gözleg motorlary, biznes sahypalary, onlaýn söwda gurallary, sosial torlar we şulara meňzeş beýleki maglumat çeşmeleri emele getirýär.

Deňeşdirmek üçin aýdylsa, barlaglarda 1,5 milliard töweregi ilaty bolan Hytaýyň öz çäginde 300 müň töweregi Internet salgysyny senzurada saklaýandygy bellenilýär.

Internetiň global elýeterliligi ýokarlanýan mahaly, Hytaý, Eýran we Russiýa ýaly awtoritar döwletler global tory çäklendirmek babatda ýaryşýarlar. Ýyllarboýy Interneti çäklendirýän Türkmenistan täze-täze tilsimat tärlerini ulanmak arkaly, öz ilatynyň Internet elýeterliligini gysmak ugrunda yzygiderli tagalla edip gelýär.

Türkmenistan dünýäde maglumat azatlygyny goramak ugrunda göreşýän Serhetsiz reportýorlar guramasynyň 2016-njy ýyldaky hasabaty bilen “Internetiň duşmanlarynyň” sanawyna goşuldy.

Türkmen häkimiýetleri ilatyň global maglumat toruna elýeterliligini çäklendirmek üçin, bir tarapdan täze tehnologiýalardan peýdalanýarlar, beýleki tarapdan, VPN ussalaryny yzarlamak, olary gorkuzmak ýaly repressiýa taktikalary bilen, petikli sahypalardan peýdalanmaga çalyşýan raýatlara haýbat atýarlar. Mundan ozal, Azatlyk Radiosynyň habarçylary käbir Internet ulanyjylarynyň VPN ulanmazlyk barada Gurhandan ant içmäge sezewar edilýändikleri barada habar beripdi.

Şol bir wagtda, Türkmenistan öz ilatyna iň haýal we iň gymmat Internet mümkinçiliklerini hödürleýän ýurtlaryň hatarynda galýar.

“Türkmentelekom” döwlet kärhanasy geçen aý ýurt boýunça Internet tizligini ýokarlandyrmagy we onuň bahasyny arzanlatmagy wada berdi. Ýöne munuň yz ýany, Azatlygyň habarçylary häkimiýetleriň “tizlik” wadalarynyň “puja çykandygyny” iş ýüzünde Internet tizliginiň haýal bolmagynda galýandygyny habar berdiler.

Bu aralykda, dünýäde Interneti berk çäklendirmekde tanalýan Türkmenistanyň hökümeti ýurduň dürli pudaklarynyň, şol sanda ykdysadyýet we maliýe ulgamlarynyň giň gerimde sanlylaşdyrylýandygyny öňe sürýär. Ahal welaýatynda, resmi metbugata görä, “sebitde deňi-taýy bolmadyk akylly şäher” bina edilýär.

Türkmenistanyň howpsuzlyk gulluklary döwlet baştutany tarapyndan wagtal-wagtal Internetdäki dürli maglumat çeşmelerini berk çäklendirmek bilen borçlandyrylýarlar.

ABŞ-nyň ýokary bilim edaralarynyň geçiren ylmy barlaglary şeýle tabşyryklaryň gyşarnyksyz we artykmajy bilen ýerine ýetirilýändigini görkezýär.

Türkmenistanda hökümete tarapdar elektron neşirler kömelekleýän mahaly, garaşsyz habar serişdeleriniň web sahypalary gulp astynda galýar. Şeýlelikde, raýatlaryň maglumat almak mümkinçilikleri berk çäklendirilýär.

Döwlet eýeçiligindäki media serişdeleri diňe döwlet syýasatyny mahabatlandyrmak we mazamlamak bilen meşgul bolýarlar.

Bu aralykda, türkmen hökümeti global Internet toruna bagly bolmadyk Milli sanly toruny işläp düzýändigini aýdýar.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň gizlinligini doly kepillendirýär.

Forum

XS
SM
MD
LG