Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Millionlarça owgan gyzlaryna tapgyr dördünji ýyl – bilim almaga rugsat berilmeýär


Owganystanly mugallyma aýal 2022-nji ýylyň dekabr aýynda Kabuldaky mekdepde kitap ýygnaýar.
Owganystanly mugallyma aýal 2022-nji ýylyň dekabr aýynda Kabuldaky mekdepde kitap ýygnaýar.

Owganystanda täze okuw ýyly 22-nji martda başlandy. Şeýle-de bolsa, dördünji ýyl yzygider, millionlarça ýaş gyzlara mekdebe gatnamaga rugsat berilmeýär.

Olaryň arasynda bilimsiz galanlaryň biri Halida. Ol “Talyban” häkimiýete gelende, dokuzynjy synpda okaýardy. “Talyban” 12 ýaşdan geçen gyzlara bilim almagy gadagan etdi.

«Bu gadaganlyk meniň durmuşyma agyr täsir ýetirdi. Öňler men köp wagtymy okamaga sarp edýärdim. Indi meniň ömrümiň günleri biderek geçýär» diýip, 18 ýaşly Halida Azadi Radiosyna gürrüň berýär.

Aýallara bilimiň gadagan edilmegi Owganystanda takmynan 2,2 million gyza zyýan ýetirdi. Ahyrky netijede “Talyban” aýallary jemgyýetçilik durmuşyndan düýpli diýen ýaly üzňeleşdirip, olaryň esasy hukuklaryny kesgin çäklendirdi.

Mejbury, irki, hatda çaga nikasyny resmileşdirýänleriň sany barha artýar. BMG-niň maglumatlaryna görä, “Talyban” häkimiýete gelenden bäri çagalaryň nikasy 25 göterime golaý artdy.

Aýallar üçin biliminiň we hünär mümkinçiliginiň ýoklugy sebäpli, olaryň arasynda öz janyna kast edýänleriň sanynyň köpelmegine getirdi. Bu bolsa Owganystany erkeklere garanyňda öz janyna kast edýän aýallaryň sanynyň köplügi boýunça birnäçe ýurtlaryň biri edýär.

"Bilimiň ýoklugy diňe bir biziň gelejegimize howp salman, eýsem, ýurdumyzyň ösmegine hem öňe gitmegine-de päsgel berýär" diýip, beýleki bir owgan gyzy ar alynmagyndan howatyr edip, anonimlik şertde gürrüň berýär.

"Biziň öwrenmäge, ösmäge we geljege umyt baglamaga hakymyz bar ahyryn” diýip, ol Azatlyk Radiosynyň Owgan gullugyna aýdýar.

Birleşen Milletler Guramasynyň Çagalar gaznasy (UNICEF) mekdepleriň gadagan edilmeginiň täsiriniň nesilden-nesle duýuljakdygyny aýtdy.

UNICEF-iň 22-nji martda yglan eden beýanatynda: "Bu gadaganlyk saglyk ulgamyna, ykdysadyýete we milletiň geljegine ýaramaz täsir edýär" diýilýär.

Agentligiň duýduryşyna görä, eger gadaganlyk 2030-njy ýyla çenli dowam etse, dört milliondan gowrak gyz bilimsiz galar.

Owgan aýallary 2021-nji ýylyň awgust aýynda Kabulda “Talyban” ýolbaşçylarynyň suratlarynyň we baýdaklarynyň ýanyndan geçip barýarlar.
Owgan aýallary 2021-nji ýylyň awgust aýynda Kabulda “Talyban” ýolbaşçylarynyň suratlarynyň we baýdaklarynyň ýanyndan geçip barýarlar.

Herekete çagyryşlar

BMG-niň ýokary wezipeli işgärleri we owgan aktiwistleri “Talybanyň” aýallara we gyzlara garşy alyp barýan syýasatyny "gender aparteidi" diýip atlandyrdylar.

Olar halkara jemgyýetçiligini bilim gadagançylygyny ýatyrmak üçin, “Talybana” basyşy güýçlendirmäge çagyrdylar.

Halkara sanksiýalary astynda durýan “Talyban” hökümetini dünýäde hiç bir ýurt ykrar etmedi. Şeýle-de bolsa, söwda, howpsuzlyk we migrasiýa meselelerinde “Talyban” bilen hyzmatdaşlyk edýän ýurtlaryň, şol sanda, günbatarly ýurtlaryň sany kem-kemden artýar.

«Henizem "Talyban” dünýäniň ähli künjeginde arkaýyn hereket edýär. Olar interwýu berýärler. Olaryň bank hasaplary bar. Olaryň maşgalalary daşary ýurtlarda ýaşaýarlar. Ýöne şol bir wagtyň özünde, olar owgan aýallaryna bilim almaga rugsat bermeýärler» diýip, sürgünde ýaşaýan abraýly owgan bilim aktiwisti Paştana Durrani aýdýar.

— Halkara jemgyýetiniň “Talybanyň” gyzlar üçin mekdepleri açmagyny isleýändigine ýa-da islemeýändigine jogap bermegi gerek? — diýip, Durrani hasap edýär.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Forum

XS
SM
MD
LG