Moskwa häkimiýetleri müňlerçe protestçiniň geçen dynç alyş günlerindäki ýygnanyşygyndan soň, Kosino-Uhtomsk etrabynda metjidiň gurluşygyny saklamak barada karar kabul etdiler. Moskwanyň şäher häkimi Sergeý Sobýanin metjidiň gurluşygyny başga ýere geçirmek barada, Orsýetiň Patriarhy Kirillden we ýurduň Ýokary müftisi Rawil Gaýnutdinden teklip gelendigini aýtdy.
«Bu ýerde örän kiçi – 2,5 müň inedördül metr bolan obýekt barada gürrüň gidýär. Ýygnananlaryň arzalaryny nazara alyp, geljekki guruljak metjidiň ýerleşýän ýeri üýtgediler. Onuň gurluşygy üçin, “Kosino” metrosynyň golaýyndan ýer bölegi berler. Ol metro duralgasyndan pyýada baryp boljak aralykda" diýip, Moskwanyň häkimi jogap berdi.
Moskwada migrantlaryň merkezi we täze metjidiň gurulýandygy baradaky habarlar şu ýylyň fewral-mart aýagynda Telegram kanallarynda, milletçi saýtlaryň we beýleki neşirleriň birnäçesinde peýda boldy.
Kožuhowodaky prawoslaw ybadathanasynyň ruhanysy Alekseý Mitýuşin nätanyş çeşmelerden ýyldyrym çaltlygynda ýaýbaňlanan habary tassyklady we rus hristianlary üçin mukaddes hasaplanýan Kosino kölüniň ýanynda, myhmanhana we binalar bilen birlikde uly metjit guruljakdygyny aýtdy.
Şondan soň rus milletçi prawoslaw guramasy «Tsargrad» Telegram kanaly adamlary "halk ýygnagyna" çagyryp başlady.
Milletçi we rus prawoslaw dini guramalarynyň aktiwistleri şeýle köpçülikleýin çäreleriň her şenbe we ýekşenbe günleri Kosino kölüniň golaýynda geçiriljekdigini aýdýarlar.
Metjidiň gurluşygynyň fonunda, rus häkimiýetleriniň goragy astynda hereket edýän beýleki milletçi guramalar hem öz işlerini güýçlendirdiler.
Bu guramalaryň ählisi we "Tsargrad" telewideniýe kanaly oligarh Konstantin Malofeýewe degişli, ol açyk rusparazlygy we milletçi garaýşy bilen tanalýar. Şeýle hem Malofeýew 2014-nji ýyldan bäri Luhanskda we Donetskde separatistlere maliýe goldawyny berýär. Bu barada halkara neşirleri we ukrainaly aktiwistler gaýta-gaýta habar berdiler. Günbataryň sanksiýalarynyň astyna düşen rus oligarhy "Putin biziň üçin uly bagt!" we "Biziň arzuwymyz – patyşa!" ýaly beýanatlary bilen tanalýar.
Ýerli aktiwistler metjidiň gurluşygyna garşy ýygnanyşyk geçirmek üçin, Moskwa şäher häkimligine ýüz tutandyklaryny aýtdylar.
Synçylar bir ýyldan gowrak wagt bäri Ukraina garşy doly möçberde uruş alyp barýan Russiýada, ähli ýygnanyşyklaryň, hatda bir adamlyk piketiň gadagan edilen ýerinde, musulmanlara sežde etmek üçin, binanyň gurluşygyna garşy köpçülikleýin çäräniň ýol berilýändigine geň galdylar.
– Ukrainanyň problemasyndan adamlaryň ünsüni sowmak maksady bilen migrantlary we musulmanlary nyşana almak barada, "ýokardan" buýruk berlen ýaly görünýär. Maksat adamlaryň ünsüni frontdaky heläkçilikden we içerki ykdysady-sosial kynçylyklardan sowmakdyr. Moskwadaky musulmanlar bu ýagdaýa eýýäm öwrenişdiler, indi şäherde metjit gurulmajagyna düşünýärler, munuň üçin oňa tagalla hem etmeýärler. Emma käbir milletçilere yslam dinine garşy şeýle prowokasiýalary gurnamak gerekdir – diýip, adynyň mälim edilmezligini soran moskwaly bir musulman aktiwisti Azatlyk Radiosy bilen gürrüňdeşlikde aýtdy.
Moskwanyň hökümeti Kosino-Uhtomsk etrapçasyndaky Mukaddes kölüň golaýynda metjit gurulmajakdygyny resmi taýdan yglan etdi. Şeýle-de bolsa, resmi düşündirişe garamazdan, ýerli ýaşaýjylar ýygnanyşyklary we ol ýere barmagyny bes etmedi. Hatda Telegram kanalda Moskwada metjidiň we migrantlar üçin merkeziň gurluşygyna garşy ýörite sahypa açyldy.
Ellerinde dini baýdaklary bolan moskwaly hristianlar 9-njy aprelde ýene-de mitinge ýygnandylar.
Moskwanyň Kosino-Uhtomsk etrapçasynyň ýaşaýjylary Orsýetiň prezidentiniň adyna ýüz tutmak üçin, gol ýygnap başladylar.
Ýerli telewideniýäniň kanallaryna beren interwýusynda moskwalylar metjidiň gurulmagynyň "migrantlaryň akymynyň ýokarlanjakdygyna" we daşary ýurtlularyň köpelmegi sebäpli bu ýerde "jenaýatçylygyň artmagyna" alada bildirýärler.
«Bize kim bilen söweşenimiziň parhy ýok»
Orsýet musulmanlarynyň Ruhany administrasiýasy Moskwanyň Kosino-Uhtomsk etrapçasynda metjit gurmak meselesi boýunça Azatlyk Radiosyna düşündiriş bermekden ýüz öwrüp, "muňa zerurlyk ýok" diýdi.
Ukrainanyň topragyna çozup giren bu prawoslaw jeňçileri hem Orsýetiň paýtagtynda metjidiň gurluşygyndan närazylygyny bildirýärler.
«Dokumentlere gol çekýän ähli emeldarlar iman barada däl-de, öz jübüleri hakda oýlanýarlar. Biz size kagyzlar bilen däl-de, hut öz işleriňize ýüzbe-ýüz jogap bermelidigiňizi duýdurýarys! Öz prawoslaw imanymyzy masgara etmäge ýol bermeris!» diýip, wideo ýüzlenmede Ukrainadaky rus söweşijileriniň biri aýdýar.
Moskwadaky metjidiň gurluşygy bilen bagly dawa-jenjelli ýagdaý çeçen lideri Ramzan Kadyrowyň ünsüni çekenden soň ýene-de güýçlendi. Kadyrow bu meseläniň "emeli öjükdirilýändigine" gaharlanýandygyny aýtdy.
«Eger-de ýygnanyşyga gatnaşyjylaryň ählisi tüýs ýüregi we jany bilen rus topragyny goramak pikiri bilen çykan bolsa, onda eline ýarag alyp, garymlara tarap eňmeli! Frontdaky rus ýerleriniň ägirt uly giňişliklerine seredip göz ýetirip bilmersiňiz, ony her gün goramak gerek. Eliňe ýarag alyp, bu gün Rus Donbassda seniň bilen bile söweşýän musulmany egniň bilen bir gyra süýşür-de, öz watanyňy nähili söýýändigiňi sözde ýa-da öjükdiriji jedelde däl-de, iş ýüzünde görkez. Bu günki gün rus topragy, hut şol ýerde hakyky adamlara mätäç! Bu sen ýaly dok adam üçin mikrofonda we kamerada ukuly çykyş etmek däl» diýip, Kadyrow öz Telegram’ynda ýazdy.
Çeçenistanyň baştutanynyň ýiti beýanatyndan soň, Orsýet goşunynyň hatarynda Ukrainada söweşýän kawkazly musulmanlar hem ol protestlere reaksiýa bildirdiler.
«Biz Moskwada metjidiň gurluşygyna päsgel berýän ol slawýan dällere-de, ol musulman dällere-de ýüz tutýarys. Biz haýbat atmaýarys, size duýdurýarys. Eger sen Gudratygüýçliniň islegine garşy gitseň, biz siz bilenem söweşeris. Bize kim bilen söweşenimiziň parhy ýok» diýip, Ukrainada söweşýän kawkazly söweşijiler wideo ýüzlenmesinde aýdýar.
Moskwada metjidiň gurulmagy baradaky protestler özbek bloggerleriniň ünsünden hem sowa geçmedi.
«Eger ýalňyşmasam, millionlarça musulmanyň ýaşaýan ýeri Moskwada bu metjit bäşinji bolmalydy. Indi siz Kreml tarapdary bolan biziň ymamlarymyz tarapyndan hemişe näletlenýän Ýewropa we ABŞ-a serediň. Ol ýurtlardaky musulmanlaryň sany bilen metjitleriň sanyny deňeşdiriň, nirede liberalizm giň ýaýran?» diýip, özbegistanly blogçy Zafarbek Soližonow ýazýar.
«Putin rus milletçisi, imperialisti. Rus imperializmine garşy iň uly güýçleriň biri musulmanlar saýylýar. Putin çykyş edende musulmanlara hormat goýan ýaly görünýär. Emma onuň maksady yslamy we musulmanlary assimilýasiýa etmek, olaryň kimligini ýok etmek» diýip, özbegistanly syýasy bilermen Kamoliddin Rabbimow ýazdy.
Meseläniň taryhy
Russiýa Federasiýasynyň Dumasynyň resmi wekili Damir Muhetdinow ýerli neşirler bilen eden interwýularynyň birinde, "hatda Moskwada zähmet migrantlarynyň sany düýpli azalsa-da, Russiýanyň paýtagtynda metjitleriň ýeterlik däldigi bilen bagly mesele açyk bolmagynda galýar" diýdi. Şeýle-de ol, hususan-da, Oraza baýramy we Gurban baýramy günlerinde, paýtagtyň merkezinde köp sanly musulmanyň jemlenmegi sebäpli, ýollarda kynçylygyň ýüze çykýandygyny, muňa ilkinji nobatda hem moskwalylaryň närazylyk bildirýändigini nygtady.
Iki ýyl mundan ozal Moskwa sebitiniň Günorta–Gündogar etrapçasynyň Tatar milli-medeniýet özbaşdaklygynyň baştutany Gaýýas Ýambaýew Moskwa häkimine ýüz tutup, soňky 10 ýylyň içinde Orsýetiň paýtagtynda ýekeje-de täze metjit gurulmadygyny ýatlatdy. 2012-nji ýylda Sobýaniniň şäher hökümeti Russiýanyň Uly müftisi Rawil Gaýnutdiniň Moskwanyň her etrabynda, bir metjit gurmak baradaky teklibini ret etdi.
Resmi maglumata görä, soňky 10 ýylyň dowamynda, diňe Moskwada 279 sany rus doga-ybadat kompleksiniň 99 sanysynyň gurluşygy tamamlandy. Ýogsa rus paýtagtynda mekdepler, çagalar baglary we medisina edaralary ýetmezçilik edip, muňa ýerli ilatyň nägileligi sebäp bolansoň, olary gurmak meýilleşdirilýär.
Bir ýyl ozal Orsýetiň musulmanlarynyň Ruhany mejlisiniň başlygy Albir Krganow däp-dessur ybadathanalarynyň gurluşygy babatda karar kabul edilende, ähli toparlara bir derejedäki ýolbaşçylygyň zerurdygyny aýtdy. Şonda ol Russiýanyň dürli sebitlerinde ýaşaýan musulmanlaryň yslam ybadathanalaryna ýer paýlamakdan haýsydyr bir bahana bilen ýüz öwürýän resmiler sebäpli metjit gurmak mümkinçiliginden mahrum galandyklaryna öz gynanjyny beýan etdi.
Mundan öň hem Russiýanyň dürli sebitlerinde, musulmanlar üçin metjitleriň gurluşygyna garşy protestleriň bolandygyny bellemek gerek. Mysal üçin, 2016-njy ýylda Perm şäheriniň Merkezi bazarynyň öňünde metjidiň gurluşygyna garşy mitinge ýüzden gowrak adam çykdy. Bu şäherde ýerli ýaşaýjylaryň basyşy astynda, metjidiň gurluşygy saklandy.
2012-nji ýylyň sentýabrynda Moskwanyň Mitino etrabynyň ýaşaýjylary şol ýerde metjidiň gurluşygyna garşy köpçülikleýin protest guradylar.
2010-njy ýylyň 11-nji sentýabrynda Moskwanyň Dokmaçylar etrabynyň ýerli ýaşaýjylary paýtagtyň bu böleginde metjidiň gurulmagyna garşy çykdylar. Netijede, gurluşyk işi togtadyldy we gaýdyp başlanmady.
Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň gizlinligini doly kepillendirýär.
Forum