Ukrainadaky uruş bir ýyl bäri dowam edýär, bitaraplyk ugruny saýlamagy ileri tutup, şu wagta çenli ony Merkezi Aziýa ýurtlarynyň hiç biri-de goldamady, ýöne Orsýetiň goňşy ýurda çozup girmegini hem köpçülik öňünde ýazgarmady. Uruş Merkezi Aziýa häkimiýetlerini oňaýsyz ýagdaýa saldy. Bir tarapdan Moskwa – olaryň esasy syýasy we ykdysady ýarany. Beýleki tarapdan Günbatar – olara Russiýany goldaýanlygy üçin sanksiýa goýup biler.
Häzirki Zaman telekanaly Merkezi Aziýa ýurtlarynyň Ukrainadaky urşa bolan garaýşynyň ýylyň dowamynda nähili üýtgändigini öwrendi.
Özbegistan
Ilkinji gezek Özbegistanda rus çozuşlarynyň başlanmagynyň ertesi güni Ukrainadaky urşuň kontekstindäki täzelikler göçýän setirler arkaly peýda boldy. 25-nji fewralda prezident Şawkat Mirziýoýew bilen Orsýetiň lideri Wladimir Putin bu barada telefon arkaly gürrüň etdiler. Ýöne iki prezidentiň metbugat gulluklary geçirilen gürrüňi dürli görnüşde berdiler. Soňra Kreml Orsýetiň Ukrainadaky hereketlerine Özbegistanyň "düşünmek bilen" garaýandygyny aýtdy. Emma Daşkendiň resmi habarynda şeýle setirler ýokdy: bir günden soň, Mirziýoýewiň sözçüsi Özbegistanyň Russiýa bilen Ukrainanyň arasyndaky çaknyşykda, bitaraplyk ugruny alyp barýandygyny beýan etdi.
Uruş başlanandan bir ýyl geçenden soňra-da, Daşkent resmi taýdan öz bitaraplyk garaýşyny üýtgetmedi. Şol bir wagtda Özbegistan Merkezi Aziýada ilkinjileriň biri bolup, uruş hereketleriniň bes edilmegine çagyrdy hem "DHR" we "LHR" diýlen separatisti ykrar etmekden boýun gaçyrdy. Orsýetiň Ukrainanyň basyp alan sebitlerinde geçiren "referendumlary"( ony ne Kiýew, ne-de Günbatar ýurtlary ykrar edýär) babatynda, Daşkent döwletleriň territorial bitewiligine hormat goýýandygyny aýtdy.
Gyrgyzystan
Urşuň ilkinji günlerinde rus köpçülikleýin habar serişdeleri Bişkegiň resmi pozisiýasyny özleriçe ulanmaga synanyşdylar. Sadyr Žaparow bilen Putiniň arasynda geçirilen telefon söhbetdeşliginden soň, "RIA Novosti" habar agentligi söhbetdeşligiň dowamynda, Gyrgyzystanyň prezidentiniň, hamana, Orsýetiň Ukraina çozmak baradaky hereketlerini goldaýandygyny aýdandygyny habar berdi. Şonda Žaparowyň metbugat sekretary düşündiriş bermeli boldy: ol Gyrgyzystanyň dawanyň parahatçylykly çözülmegi ugrunda çykyş edýändigini aýtdy.
2022-nji ýylyň aprel aýynda Žaparow rus pozisiýasynyň tersine, Ukrainadaky urşy "ýörite operasiýa" däl-de, göni "uruş" diýip atlandyrdy (resmi Kremliň talaby bolsa başga, "Ukrainanyň halky bilen uruşmaýandygyny", diňe "Kiýew režimi" bilen göreşýändigini aýtmagyny dowam etdirýär). Şol gezekde Žaparow Kiýew bilen Moskwanyň arasyndaky çaknyşykda, Gyrgyzystanyň bitaraplygy saklaýandygyny hem aýtdy.
Şol pozisiýa resmi Bişkek henizem eýeleýär. Şol bir wagtda Gyrgyzystanyň häkimiýetleri Orsýetiň ilçihanasynyň golaýynda birnäçe gezek protest ýygnanyşyklaryny dargatdy hem-de rus koloniýalarynda jeza möhletini geçýän gyrgyzystanlylaryň urşa çekilmegine hiç hili reaksiýa bildirmän gelýär.
Beýleki bir tarapdan, Gyrgyzystanyň Daşary işler ministrligi Moskwanyň "LHR" we "DHR" diýilýänleri ykrar etmegine reaksiýa bildirmedi. Ýöne prezident Sadyr Žaparow şol bir wagtda "belki-de bu Donbassyň territoriýasyndaky graždan ilaty goramak üçin mejbury çäre bolandyr" diýip, Putini goldaýan wezipäni beýan etdi.
Gazagystan
Ukrainada barýan uruş barada sebitdäki ähli ýurtlaryň arasynda, Gazagystan iň batyrgaý pozisiýasyny eýeleýär: munuň sebäbi rus-gazak gatnaşyklarynyň agyrlaşmagy we Demirgazyk Gazagystanyň territoriýalarynyň ýagdaýy meselesi bilen bagly bolmagy-da mümkin.
Russiýanyň Ukraina çozuşlarynyň başlanmagyndan bir hepde geçensoň, Gazagystanyň prezidenti Tokaýew Moskwany we Kiýewi gepleşik geçirmäge çagyrdy. Soňra Astanadan Ukrainanyň garaşsyz we territorial taýdan bitewi döwlet bolup galmalydygy baradaky sözler aýdyldy. Gazagystanda şol ilki başdan söweşlere “uruş” diýilýär hem-de Günbataryň Russiýa garşy sanksiýalarynyň berjaý ediljekdigine söz berýär. Şeýle hem Tokaýew "LHR" we "DHR" "kwasi-döwlet şekilli birleşik" atlandyryp, Gazagystanyň hiç haçan öz-özüni ykrar eden ýurtlary tanamandygyny düşündirdi.
Resmi Astana Russiýanyň Daşary işler ministrliginiň gaýta-gaýta hüjümlerinden, mysal üçin, Buçada we Kiýewde gazaklaryň "ýeňip bolmajak yurtlary" gurnamagy bilen baglanyşykly hüjüminden gaça durmaly boldy. Muňa jogap edip, rus resmileri Gazagystany birnäçe gezek milletparazlygyň artýandygynda aýypladylar, hatda oňa ukrain ssenariýasy bilen haýbat atyldy.
Täjigistan
Täjigistanyň resmisi Ukrainada barýan urşuň ýyl dönüminden bary-ýogy bir hepde öň ilkinji gezek öz garaýşyny bildirdi: şoňa çenli bu ýagdaý barada, hiç hili beýanat bolmandy. Ýurduň Daşary işler ministri Sirojiddin Muhriddin Duşanbe urşuň basym bes edilmeginiň tarapynda diýip, Täjigistanyň Russiýa bilen hem, Ukraina bilenem däp bolup gelen gowy gatnaşyklarynyň bardygyny nygtap geçdi. Şeýle hem ol Orsýetiň territoriýasynda bolýan öz respublikanyň raýatlarynyň uruş çaknyşyklaryna gatnaşmagyna, gyrgyzystanlylar ýaly, olaryň söweş bölümlerine işjeň çekilmegine hem-de Ukrainanyň basyp alnan ýerlerinde işledilmegine häkimiýetleriň garşydygyny belläp geçdi.
Türkmenistan
Türkmenistan daşary syýasat meselelerinde hiç haçan diýen ýaly çykyş edýär: ýurt ýigrimi ýyldan gowrak wagt bäri bitaraplyk statusyna resmi taýdan eýerýär. Ýöne ýerli metbugat Ukrainadaky harby çaknyşykda, Aşgabadyň Orsýete tarap ýan berýändigini yzygiderli habar berýär. Mysal üçin, Azatlygyň žurnalisti (Azatlyk Radiosynyň Türkmen gullugy) türkmen resmileri duşuşyklar geçirip, Ukrainadaky urşy öjükdirmekde Günbatary aýyplaýandygy hakda ýazy.
Göze görnen başga bir ýagdaý: dekabr aýynyň başynda Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň (OSCE) ministrler maslahatynyň mejlisiniň barşynda, Türkmenistanyň wekili Hemra Amannazarow Ukrainanyň Daşary işler ministri Dmytro Kulebanyň çykyşynyň dowamynda zaldan çykyp gitdi, ýöne ukrain ministri çykyşyny tamamlandan soň, derrew yzyna dolandy.
Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.
Forum