Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Prezident mugallymlaryň abraýyny 'alada edýär', bilim hukugynyň basgylanmazlygy üçin näme etmeli?


Bezeg suraty
Bezeg suraty

Türkmenistanda bilim özgertmeleriniň yglan edilmegi täzelik däl, ýöne bu meselede kagyz ýüzündäkiden we döwlet eýeçiligindäki habar serişdeleriniň berýän dabaraly habarlaryndan başga, nähilidir bir oňyn, anyk ilerlemäniň bolmagy, hususan-da metbugatda açyk çekişmeleriň başlanmagy, hünärmenleriň we ene-atalaryň çagalaryň bilim-terbiýesi, diýmek, ýurduň geljegi hakyndaky aladalaryny arkaýyn aýdyp, öz tekliplerini orta atyp bilmegi hakyky täzelik bolup bilerdi. Goňşy Özbegistanda bu ugurda käbir ädimler ädilýär, emma Aşgabatda habarlar esasan diňe bir maşgala bagly bolmagynda galýar. Ikiçäk ýagdaýda ýa anonimlik şertinde gürleşilende bilim pudagyndaky nogsanlyklardan zeýrenýän mugallymlar, ene-atalar bolsa, tankydy pikirleri üçin öç alynmagyndan gorkup, dymýarlar.

Serdar Berdimuhamedow 10-njy fewralda geçiren hökümet mejlisinde aýdyňlaşdyrman, “Mugallymçylyk käriniň abraýly we ýaşlary özüne çekiji bolmagy üçin olaryň zähmet hakyny ýokary derejede bellemek gerek” diýdi. Türkmen prezidentiniň bu sözleri ABŞ-nyň prezidentiniň ýurtda "mugallymlary öwmek we olaryň aýlyklaryny ýokarlandyrmak" hakynda eden gürrüňine, şol bir wagtda Türkiýede we Siriýada bolan ýer yranmalarynyň arasynda, türk intellektuallarynyň ýurtda okuwa, bilime agyr zarba urlandygy barada aýdan zeýrençli sözlerine gabat geldi.

Mugallymçylyk käriniň abraýly we ýaşlary özüne çekiji bolmagy üçin olaryň zähmet hakyny ýokary derejede bellemek gerek."
Serdar Berdimuhamedow

Emma ABŞ-daky we Türkiýedäki bilim derejeleri, şol sanda mugallymlaryň aýlyklary we abraýlary, olaryň we beýleki hünärmenleriň öz sözlerini, pikirlerini aýdyp bilmek hukuklary Türkmenistandaky bilen deňeşdirer ýaly däl. Şol bir wagtda, türkmenistanly mugallymlaryň aýlyklarynyň azdygy ýa-da olaryň mejbury zähmetde we çärelerde “surnukdyrylýandygy”, özlerini kämilleşdirmek üçin ne serişdeleriniň, ne wagtlarynyň, ne-de maglumat elýeterlilikleriniň bardygy baradaky hakykat prezident aýtmazyndan öňem “açyk syr” bolup durýardy. Ýöne Türkmenistan mekdepdäki ýagdaýlary, şol sanda syzyp çykýan jenaýat maglumatlaryny hem ne tassyklaýar, ne-de ret edýär.

Twitterde we beýleki platformalarda pikirini aýtmaga çalyşýan türkmenistanlylaryň bellemeklerine görä, Türkmenistanda mugallymlaryň mekdepden gaçmaklary üçin ‘ähli şert’ bar. Ýerli synçylar, şol sanda mugallymçylygy taşlan adamlaryň käbiri özara söhbetdeşlikde soňky ýyllarda diňe mugallymlaryň arasynda däl, başga ugurlarda hem ‘ýalta’, “biparh” adamlaryň juda köpelendigini, olaryň diňe ‘işe görünsem, wagtymy geçirip, aýlyk alsam bolýar’ diýen pikirlerini gizläp hem durmaýandyklaryny, işine yhlas edýän adamlaryň bolsa barha kän lapykeç bolýandyklaryny, sebäbi ýurtda “küýze döwen bilen suw getireniň” tapawudynyň gaty azalandygyny öňe sürýärler.

Şunuň bilen baglylykda, Azatlyk prezidentiň mugallymlaryň käriniň abraýy, olaryň aýlyklary barada aýdan ýerlikli sözlerinden soň, sebitlerdäki habarçylaryna ýurtdaky mekdepler we pedagoglaryň iş şertleri barada birnäçe sorag iberdi.

Durmuşyň ýyl-ýyldan gymmatlamagy we mugallymlaryň bikanun çykdajylary nazara alynsa, onda olaryň aýlyklary gaty az, bu pedagoglaryň hem öýlerindäki, hem jemgyýetdäki abraýyna agyr zarba urýar, mekdepde we okuwdan soň mugallymlar bilen agyz deňäp, olara şarpyk çalmakdan gaýtmaýan okuwçylar hem bar diýip, Azatlygyň Aşgabatdaky çeşmesi aýtdy. Habarçylarymyz hem şeýle ýagdaýlaryň bardygyny tassyk edýärler.

Sagat üstündäki 'söweş'

"Her ýylyň awgust aýynda mugallymlaryň arasynda sapak sany, sagat üstünde goh-galmagal turýar, özleriniň gürrüň bermeklerine görä, okuw sagatlary mugallymlaryň arasynda deň-derman bölünmeýär. Kim öň mekdep direktoryna pul berip ýetişen bolsa, şolaryň sagady köp bolýar. Ortaça sagat üçin berilýän puluň mukdary ortaça 200-300 ABŞ dollary” diýip, habarçymyz aýtdy.

Azatlygyň habarçylarynyň ýerlerde mugallymlar, ene-atalar we okuwçylar bilen gürleşip beren maglumatlaryna görä, Türkmenistanda mugallymlaryň ýa-da mugallymçylygyň abraýy diňe aýlyklaryň az bolmagy bilen bagly däl, “bu ýerde dürli faktorlar, şol bir wagtda sowet döwründen miras alnan ‘geldi-geçerlik’ hem bar”.

Mekdebi 1990-njy ýylda tamamlan ýaşaýjynyň sözlerine görä, ondan bäri 30 ýyl geçse-de, mekdepde tasdan “hiç zat üýtgemedi”, “ol wagtlar hem mugallymlar okuwçylara jan edip sapak bermezdi, ‘synpda 30 okuwçy bar bolsa, solardan 3-5 sany okuwça üns berip, şol 5 okuwçymy sowatly etsem boldy’ diýilýän ýörelge bardy”.

Aýdylmagyna görä, her synpda gowurak okamaga çalyşýan ýa-da ene-atasy öý işlerini barlaýan, alýan bahalary bilen gyzyklanýan 5-6 okuwçydan beýlekiler, adatça mugallymlara sowgat berip, mekdebi tamamlaýar. Ýöne soň mekdepde zordan üçlük baha okan okuwçylaryň hem ýokary okuw jaýlaryna girip, diplom alyp, resmi taýdan hünärli adam bolýan halatlary seýrek bolmaýar.

“Meniň okaýan synpymda zordan üçlük baha okaýan okuwçy kändi, şolardan üç gyz gurply hasaplanýan maşgalalardandy. Netijede ,olar Seýitnazar Seýdi adyndaky mugallymçylyk institutyna okuwa girdi. Indi olar, meniň bilen bile zordan üçlüge okan mekdeplerinde meniň çagalaryma sapak berýärler” diýip, Azatlygyň lebaply söhbetdeşi aýtdy. Onuň pikiriçe, bu hili ýagdaýda mugallymlaryň abraýyny artdyrmak hakynda gürrüň etmegiň kän manysy bolmaz.

Mugallymyň abraýy nämeden başlanýar?

“Meniň pikirimçe, eger-de mugallym öz okuwçylaryna gowy bilim berse, onda onuň abraýy bolar. Häzir okuwçylar hem bilýär, mugallymlaryň käbirinde ýeterlik bilim-düşünje ýok... Bu hili bilimsiz mugallymlar, öz gezeginde, mekdep direktoryna para, sowgat berýär we direktorlar olaryň işindäki kemçiliklere göz ýumýar” diýip, söhbetdeşimiz bu ýagdaýyň mekdepdäki, mugallymlardaky jogapkärçiligi peseldýän faktorlaryň biridigini belledi.

Twitterde lakam bilen pikirini aýdan öňki mugallymlaryň biri, sagat üçin berilmeli para bilen bolýan bolsa, işlemäge razy bolandygyny, ýöne mugallymyň çykdajysynyň munuň bilen gutarmaýandygyny aýdýar.

Harbarçylarymyz bilen aýry-aýrylykda gürleşen ýerli mugallymlar “sagat almak üçin direktora para berýän mugallymlar bar, ýöne öz işini gowy bilýän, para bermeýän mugallymlar hem az däl” diýdiler.

Emma direktorlaryň işini gowy bilýän, para bermeýän mugallymlary dürli bahanalar bilen ýanaýan, sagadyny kesýän wagtlary hem bolýar, bu hili adalatsyzlygyň dowam etmegi gowy mugallymlaryň mekdepden gitmegine, başga iş gözlemegine sebäp bolýan ‘nogsanlyklaryň’ diňe biri diýip, Azatlygyň söhbetdeşi aýtdy.

Bu aýdylýanlary häzir ýewropa ýurtlarynyň birinde ýaşaýan, ozal Aşgabadyň 31-nji we 52-nji mekdeplerinde işlän öňki mugallym hem tassyklady.

"52-nji mekdep şahyr Kerim Gurbannepesowyň adyny göterýär we turuwbaşdan ýokary wezipeli resmileriň çagalarynyň hem islegli mekdebi boldy" diýip, ol 1980-nji ýyllaryň aýagynda, täze açylan mekdebe geçmek üçin işden gitjegini aýdanda, 31-nji mekdebiň direktorynyň özüne eýýäm 20-nji adamyň işden çykmak barada arza berendigini aýdyp, 'sen bir gitmesene' diýendigini gürrüň berdi.

Öňki mugallymyň tassyklamagyna görä, gowy mugallymlar para bermeli ýerde, bozuk resminiň ýolbaşçylygynda işlemek islemeýärler, ýöne gowşak mugallymlar şeýle mekdepleri we direktorlary gözläp tapýarlar.

Şol döwürlerde bu ýagdaý, bozuk we mekdepleri pese düşürýän ýolbaşçylar barada mugallymlaryň şäher boýunça geçirilýän ýyllyk ýygnaklarynda açyk gürrüň edýänler hem bardy, emma soňra jemgyýetde tankyt etmek hukugy diňe prezidente degişli boldy diýip, häzir Ýewropada ýaşaýan öňki pedagog "mekdep, bilim meselesiniň ähli adamy, ilkinji nobatda hem ene-atalary gyzyklandyrmalydygyny, olaryň döwrebap bilimi, bilimdäki aç-açanlygy berk talap etmelidigini" nygtady.

Gowy mekdebiň bir mysaly

Azatlyk Kerim Gurbannepesow adyndaky mekdepde okan we soňky onýyllykda günbatar ýurtlarynda işläp, gowy aýlyk alýan birnäçe aşgabatly bilen söhbetdeş boldy we olar öz mugallymlaryny minnetdarlyk bilen ýatladylar.

"Sapak gidip durandyr, klaslaryň gapysy açykdyr, birden Sona mugallym, okuw bölüminiň müdiri gapyny kakar-da, 'men gireýin-le' diýer we yzdaky parta geçip oturar" diýip, olaryň biri bu mekdepde mugallymlaryň sapak geçişine berk gözegçilik edilendigini gürrüň berdi.

Mekdepdäki talabyň pes bolmagy we gowy mugallymlaryň ýeterlik höweslendirilmezligi mugallymlaryň ‘has ýaltalaşmagyna’, işden soň öýüne gelip, özüni kämilleşdirmek üçin goşmaça tagalla etmezligine alyp gelýär; ýöne bu ‘ýaltaçylyk’ diňe mugallymlara degişli däl, jemgyýetde ‘adalatyň azalmagy’ adamlaryň öz işine, ýurtdaky ýagdaýa, öz geljegine ‘biparh garamagyny köpeltdi’ diýip, anonimlik şertinde gürleşen söhbetdeşimiz aýtdy.

Şol bir wagtda, mekdeplerdäki umumy ýagdaýa, mugallymlaryň gowşak, sapaklaryna ýetişmeýän ýa yzda süýrenýän okuwçylara kän üns bermezligine garamazdan, gowy okaýan okuwçylar ‘ýalta’ mugallymlary hem tijendirýär, sebäbi olar maşgalalarynda okuwa jogapkärçilikli garalýan, kellesinde ‘bilim-düşünjesi bolan’, kitap okaýan, goşmaça ‘sapak alýan’ çagalardan 'çekinýärler', olara üns bermän bilmeýärler diýip, Azatlygyň söhbetdeşi aýtdy.

Ýatlatsak, türkmen mekdeplerinde sapak berýän mugallymlaryň zähmet haklarynyň möçberi mundan öň, öňki prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň häkimiýet başyna gelmänkä we geleninden soň beren wadalary esasynda köpeldilipdi.

Şonda Saparmyrat Nyýazow döwründe gysgaldylan okuw ýyllary uzaldylyp, hakyky bilim özgertmeleriniň geçirilmegine umyt baglanypdy. Emma bu umyt ýurtda barha çuňlaşan ykdysady kynçylyklaryň arasynda, milli manadyň hümmetiniň yzygiderli peselmegi, durmuşyň gymmatlamagy bilen, barha ýukaldy, mugallymlaryň aýlyklarynyň beýleki býujet işgärleri bilen deňeşdirilende köpräk bolmagyna garamazdan, mekdeplerden gidýän, gazançly ýer gözläp, işini üýtgetmäge ýykgyn edýän ýokary hünärli mugallymlar köp diýip, habarçymyz aýtdy.

Şeýle-de, ikinji prezidentiň yglan eden bilim özgertmeleriniň ozal esasan ýokary okuw jaýlarynda köp bolan we soň has giň ýaýrandygy, mekdepleri we çagalar baglaryny hem gurşap alandygy aýdylýan korrupsiýanyň esasy pidasy bolandygy aýdylýar.

Ýöne Azatlyk, maglumat ýapyklygy sebäpli, soňky ýyllarda mugallymçylyk hünärini alyp, soň başga ugurlarda işlemek kararyna gelen türkmenistanlylaryň çak edilýän möçberlerini hem anyklap bilmedi.

Aýdylmagyna görä, mugallymlaryň mekdepden gitmeginiň ýene bir sebäbi hakykatdanam olardan pagta ýygymy, bugdaý oragy, potratçylaryň ýerlerinde otag otamak, sugundyr ekmek ýa ýygmak ýaly dürli çäreler üçin ýygnalýan pullaryň ýyl-ýyldan artmagy bilen bagly.

Ikinji uly sebäp bilim işgärleriniň döwlet tarapyndan gurnalýan dürli çärelere çekilmegi, telewideniýe üçin ýazgy edilýän sahnalara mejbury gatnaşdyrylmagy... bilen bagly.

Mundan öňki habarlardan hem mälim bolşy ýaly, Türkmenistanda uly Berdimuhamedow döwründe ‘uly türkmen toýy görnüşinde’ guralýan we sahnalaşdyrylan çärelere esasan býujet edaralarynyň işgärleri gatnaşdyrylýar.

Mugallymlaryň wagtyny ogurlaýan 'boş' çäreler

“Çäre wagtynda, çäräniň geçýän ýerine has ir çagyrylan adamlar, sagat näçe bolsa-da, ol çäre tamam bolýança goýberilmeýär; seniň saglygyň gowumy ýa däl, maşgalaň barmy ýa ýok, ýa başga bir wajyp işiň, problemaň barmy ýa ýok, bular bilen gyzyklanmaýarlar, çäre bolsa, hökman gelmeli” diýip, Azatlygyň söhbetdeşi gürrüň berdi.

Mugallymlaryň işden elini sowadýan ýene bir mesele – klas otaglarynyň abatlygy, bezegi bilen bagly, sebäbi mekdepdäki klas otagynyň ähli çykdajysy mugallymlaryň üstüne atylýar; mugallymlaryň käbiri bu meseläni ene-atalardan pul çöplemek arkaly çözse, käbiri utanyp ýa çekinip, klasyny öz hasabyna remont etdirýär.

Ene-atalaryň arasynda mekdebe kömek etmäge ýagdaýy bolan adamlar bilen bir hatarda, gününi zordan aýlaýan adamlar hem az däl. Olaryň käbiri çydaman, pul çöpleýän mugallymyň üstünden degişli edaralara arza ýazýar, sebäbi pul diňe remont üçin çöplenmeýär.

“Aslynda, mekdepleriň abatlaýyş işleri, klas otaglarynyň, mebelleriň, döwlen aýnalaryň bejerilmegi, tutularyň täzelenmegi, okuw esbaplary üçin belli bir derejede döwlet serişdesi goýberilýär, ýöne ol serişdeleriň köp bölegi ýokarda oturanlaryň jübüsine girýär” diýip, Azatlygyň bir söhbetdeşi bu meseläniň daşyndan görnüşi ýaly ýönekeý däldigini belledi.

“Prezidentiň portretlerini, baýdagy we beýleki nyşanlary hem mugallymlar öz hasaplaryna täzelemeli bolýarlar” diýip, ol sözüniň üstüni ýetirdi.

Azatlygyň söhbetdeşleriniň biri soňky ýyllarda mugallymlaryň okuwçylar arasyndaky, jemgyýetdäki sylag-hormatynyň öňki ýyllardaka garanda hem has azalana meňzeýändigini belledi.

"Mugallymlar bilen deň durup, sanaşyp bilýän okuwçylar köpelýär. Okuwy gutaryp, mugallymyny urýanlar hem bar. Mugallym özüni okuwçysynyň urandygyny aýtmaga utanýar. Umuman alanyňda, okuwçylaryň köpüsi mugallymlary düýbünden sylamaýar” diýip, adynyň aýdylmazlygyny soran söhbetdeşimiz aýtdy.

Mugallymlaryň sylag-hormatynyň azalmagyna diňe olaryň döwlet tarapyndan salnan ýagdaýy däl, eýsem, ýokary okuw jaýlaryndaky parahorlyk hem öz “goşandygyny goşýana” çalym edýär.

Okuwçylaram, ene-atalaram, kärdeşleri hem ýaş mugallymy bir ýyla ýetmän gowy tanaýar we onuň okuwyny okap gutarandygy ýa diplomyny pula satyn alandygy tas hemme kişä belli bolýar diýip, synçylar aýdýar.

Habarçylarymyz bilen gürrüňdeş bolan adamlaryň sözlerine görä, daşary ýurtlarda okap, Türkmenistanda diplomyny ykrar etdiren mugallymlaryň hem bir toparynyň diplomyny okap däl-de, başga ýollar bilen alandygy derrew belli bolýar.

Türkmenistanyň mekdepleri sowet döwrüniň “ideologiýa” çyrçyklaryndan saplanyp-saplanmanka täze şahsyýet kultunyň, ilki öňki prezident, “şa şahyr”, “baky beýik” diýlen Saparmyrat Nyýazowyň “saýlanan" eserleriniň, onuň özi we ene-atasy baradaky sapaklaryň ejirini çeken bolsa, soňra Gurbanguly Berdimuhamedowyň “jöwher zehininden dörän” diýilýän eserleriň, onuň özi we ene-atasy baradaky sapaklaryň "jebrini çekmeli boldy".

Radionyň söhbetdeşleriniň sözlerine görä, Arkadagyň kitaplary we beýleki ideologiýa, wagyz sapaklary bir tarapdan “aňsat iş” hasaplanýar, sebäbi beýle sapaklary geçmek, çagalara bu ugurda belli bir düşünje bermek o diýen kyn däl, şol bir lenji çykan ýa-da ýat tutulan sözleri gaýtalasaň bolany, ýöne fizika, informatika, matematika sapaklary kyn, bulary okuwçylara düşündirmek üçin iki tarapyň hem akyl tagallasy, köp okamak we başarnyk gerek.

"Bu sapaklary okadýan güýçli mugallymlar tasdan ýok” diýip, söhbetdeşlerimiziň biri hakykatda mugallymçylyk hünärini alan, emma çaga zat öwretmeýän mugallymlaryň köpelýändigini öňe sürdi.

Onuň sözlerine görä, okuwçylar mugallymlaryň käbiriniň sapak wagtynda telefonlaryna güýmenip, oýun oýnap oturýandyklaryny, ýa-da okuwçylara kitapdan bir teksti göçürmegi tabşyryp, klasdan çykyp gidip, jaň bolmagyna 10-5 minut galanynda yzyna gelýändigini gürrüň berýärler.

Mugallymlaryň käsi kimiň ene-atasy gurplurak bolsa, şol çagany öňe sürýär, etrap, welaýat olimpiýadasyna gatnaşýan çagalar barada aýdylanda bolsa, çaganyň bilimi däl-de, köplenç ene-atalaryň jübüsi “barlanýar” diýip, ýerli habarçymyz bilen söhbetdeş bolanlaryň biri aýtdy. Onuň pikiriçe, bu ýagdaýlaryň ählisi birleşip, mekdebe baryp, “45 minutdan 5 sagat oturyp gaýtsak boldy” diýip, öýleri bilen mekdep arasynda gatnap ýören biparh okuwçylaryň sanyny köpeldýär.

Mekdepden daşary sapaklaryň artykmaçlygy

Şeýle-de, Bilim ministrliginiň işgärleriniň mugallymlaryň okuwçylara berýän biliminiň hilini däl-de, eýsem, berlen bilim baradaky ýazgylaryny, depderlerini barlaýandyklary we şunuň bilen çäklenýändikleri aýdylýar.

“Rus, iňlis dilini okadýan mugallymlar çagalara kitapdan bir teksti terjime etmegi öý işi edip berýärler, olar diýlen teksti öýlerinde terjime edip gelýärler, emma olaryň hakykatda berlen tabşyrygy özbaşdak ýerine ýetirip bilýändigi ýa bilmeýändigi barlanmaýar, depderler terjimeden doly bolsa bolany, hemme zat diňe kagyz ýüzünde” diýip, radionyň bir söhbetdeşi bilimdäki jogapkärçiligiň tasdan gözboýagçylyga öwrülip barýandygyny belledi.

Şol bir wagtda, ene-atalaryň käbiriniň pikirine görä, okuw kitaplary başlangyç klaslaryň okuwçylary üçin agyr.

"Özüni oňarýan ene-atalar çagalary üçin mekdepden, klasdan daşary mugallym tutup, çagalaryna goldaw berýärler. Mugallymlar sapakdan daşary sapak bermek üçin sagadyna 100-50 manat aralygynda pul alýarlar. Sapakdan daşary ders berýän mugallymlar, mekdepdäkiden tapawutlylykda, sapagyny gyzykly etmäge, gowy gurnamaga çalyşýar, okuwçylarynyň sanyny köpeltmek üçin işine köp yhlas siňdirýär“ diýip, habarçymyz aýtdy.

Şeýle-de, sapakdan daşary berilýän sapaklarda Arkadagyň kitaplary, onuň ýöredýän syýasaty barada gürrüň edip, wagt ýitirmek zerurlygy bolmaýar, bu zatlar çagalar üçin gyzyksyz diýip, ol aýtdy.

Synçylaryň köpüsiniň bellemegine görä, Türkmenistandaky mugallymlaryň ählisini bir aýakdan sürmek dogry bolmaz, ýöne çyny bilen okadýan, çagalara bir zatlary öwretjek bolýan pedagoglar “gaty az”.

Bu ýagdaýyň sebäbi “paranyň” tas ähli ýerde “uly orun almagy” bilen bagly diýlip hasaplanýar.

Türkmen mekdepleriniň ýagdaýy, berilýän bilim-düşünjäniň derejesi soňky otuz ýylda ýetişen ýaşlaryň sosial ulgamlardaky “sözlemlerinden”, köp ulanýan edepsiz sözlerinden hem görünýär. Mekdebi gutaryp, goşun gullugyna giden oglanlaryň arasynda öýlerine hat ýazyp bilmeýänleriň az däldigi hem bireýýäm belli boldy.

“Diňe salam hatyny däl, eýsem öz atlaryny ýazyp bilmeýän okuwçylar hem kän” diýip, habarçymyz aýdýar.

Şunuň bilen bir wagtda, soňky ýigrimi ýylda gowy okan ýaşlaryň, ýurduň ykdysadyýeti üçin gaty gerekli beýnileriň barha kän daşary ýurtlara gitmäge ýykgyn edýändigi habar berilýär.

Pikirini aýdan ýerli hünärmenleriň ynanjyna görä, prezidentiň birden mugallymlaryň abraýyny, aýlygyny ýokarlandyrmak barada “alada etmegi” daşary ýurtlarda bilim alan mugallymlaryň hem indi barha kän yzlaryna, daşary ýurtlara gitmäge taýýarlanmagy bilen bagly bolup gşrünýär. “Sebäbi olar daşary ýurtda Türkmenistandakydan has kän aýlyk aljaklaryna ynanýarlar” diýip, söhbetdeşlerimiz aýdýar.

Mundan öňki ýyllarda, döwlet edaralarynda işleýän jogapkär adamlaryň arasyndaky başarnyksyzlygyň görnetin köpelmegi bilen baglylykda, hökümet ýolbaşçylarynyň ýokary okuw jaýlaryna öz güýji bilen girip biljek okuwçylary giriş synaglarynda ýykmazlyk barada dilden buýruk berendigi barada tassyklap bolmaýan, resmi däl maglumat çykypdy. Ýöne soň, mekdeplerdäki ýagdaý sebäpli, ÝOJ-lara öz güýji bilen girip biljek ýaşlaryň hem azalandygy habar berildi we bu ýagdaýy Azatlyk bilen anonimlik şertinde gürleşen uniwersitet professory hem tassyk etdi.

Ýagdaýyň üýtgemegi üçin nämeler gerek?

Eger Türkmenistan bilimdäki parany ýok etjek bolsa, mugallymlaryň garny doýar ýaly aýlyk bermeli; direktoryň aýlygy 2 müň manat, her ýygnak geçirende pul çöplemegiň gürrüňini edýär, masgaraçylyk, mekdep ýolbaşçylary aýlanyp, öz işgärlerinden pul dileýär, dünýäde başga beýle ýurt ýok diýip, radionyň ýene bir söhbetdeşi özüniň prezidente ynanmaýandygyny bildirdi.

"Arkadaga ynanmaýyşlary ýaly, mugallymlar onuň ogluna hem ynanmaýarlar, sebäbi olam boş wada satýar, boş sözleri aýdýar" diýip, anonimlik şertinde gürleşen mugallym aýtdy.

Dollaryň resmi we gara bazar kursy saklanyp galsa, döwletiň ýokary derejeli aýlyk diýýäni - 5 ýa 6 müň manat bilen daşary ýurtlara gidýän mugallymlary saklap bolmaz; bu diňe häkimlere, MHM işgärlerine, prokurorlara we kazylara berilýän aýlyk, gara bazar kursunda hasaplasaň - 240-280 dollardan geçmeýär diýip, söhbetdeşlerimiz aýdýar.

Eger-de mugallymlary hakykatdan hem höweslendirmek isleýän bolsalar, türkmeniň häzirki bazar sebedi göz öňünde tutulsa, olara azyndan 25-30 müň manat möçberinde aýlyk berilmeli, 1 stawka diýilýäni 50 sagatdan 32 sagada getirmeli, iş gününi hepdede bäş gün düzgünine geçirmeli, dünýäde diňe sanlyja garyp döwletde hepdede 6 gün işlenilýär, ösen ýa kadaly döwletlerde hepdede iki gün adam ýaly dynç alynýar diýip, habarçymyz sözhbetdeş bolan adamlaryna salgylanyp aýtdy.

Onuň sözlerine görä, irden sagat 8-de mekdebe baran mugallym öýlän sagat 4-5-e çenli klasda bolup, öýüne geleninden soň ýarygijä çenli konspekt ýazýar, onuň maşgalasyna däl, hatda özüne seretmäge hem wagty bolmaýar.

Mundan başga, okuw programmalary hem döwrebap bolmaly, her ýylda kämilleşdirilmeli, okuwçylar üçin hökmany eşik düzgüninden, mejbury ýuniformadan el çekmeli, milli eşik bilen ahlak terbiýesini bermek synanyşygy netije bermedi diýip, türkmenbaşly mugallym, özüni Jeren Aşyrowa diýip tanadan pedagog aýtdy.

Şeýle-de ol Türkmenistanyň okuwçylaryň arasynda göwrelilik hadyslaryny, beýleki 'agyr' ýagdaýlary ýaşyrmagynyň meseläni çözmäge kömek etmeýändigini belledi.

Şu aralykda, Türkmenistandan tapawutlylykda, Özbegistanda soňky döwürde mugallymlaryň mejbury zähmetden boşadylmagy barada prezidentiň gyzy derejesinde gürrüň edilýär.

Ýatlatsak, Özbegistanda mugallymlary öz wezipeleri bilen baglanyşykly bolmadyk işlere çekenleri administratiw we jenaýat jogapkärçiligine çekmek üçin kanun taslamasy işlenip düzüldi.

Bu habar geçen ýylyň dekabrynda prezident administrasiýasynyň aragatnaşyk we maglumat syýasaty bölüminiň başlygy Saida Mirziýoýewa tarapyndan yglan edildi.

“Häzirki wagtda mugallym hökümet çärelerinde işleýän, öýme-öý aýlanyp, statistiki maglumatlary ýygnaýan tölegsiz işçi, bagban, arassalaýjy, ofisiant we mekdeplere gelýän barlagçylara hyzmat edýän aşpez, jemgyýetçilik iş toparlarynyň agzasy, içgysgynç çärelerdäki boş zallary doldurýan ‘köpçülik’, kärendeçilerden kreditleri we salgytlary ýygnaýjy, metbugata mejbury ýazylmaga jogapkär adam, gijeki gözegçi we mekdebiň goragçysy, şeýle-de ol kimdir biriniň maşgalasyndaky näsazlyklara we terbiýesiz çagalara jogapkär adam” diýip, prezidentiň gyzy ýurtdaky mugallymlaryň düşen ýagdaýyny resmi taýdan tassyk etdi.

Maglumat üçin aýdylsa, bilim almaga hukuk Türkmenistanyň raýatlarynyň esasy we aýrylmaz konstitusion hukuklarynyň biri bolup durýar.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Forum

XS
SM
MD
LG