Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Berdimuhamedow bilimdäki korrupsiýany agzaman, 'okuw maksatnamalarynyň' ählisiniň könelendigini aýdýar


G.Berdimuhamedow: Bilim bermegiň ähli basgançaklarynda ulanylýan okuw maksatnamalary täzelenilmeýär.
G.Berdimuhamedow: Bilim bermegiň ähli basgançaklarynda ulanylýan okuw maksatnamalary täzelenilmeýär.

Azatlygyň hökümetdäki çeşmesi we anonimlik şertinde gürleşen mugallymlar çagalaryna rus dilinde okatmak isleýän ene-atalaryň, rus dilli klaslaryň azlygy sebäpli, her çaga üçin 1-2 müň dollar möçberinde para bermäge mejbur bolýandyklary barada garaşsyz neşirlerde çykan maglumatlary tassyk etdi.

Türkmenistanyň prezidenti ýurduň bilim ulgamynda emele gelen agyr ýagdaýy anyklaşdyrmazdan, bölekleýin boýun alyp, mekdep we mekdebe çenli çagalar edaralarynyň jogapkär emeldaryny wezipesinden boşatdy.

Bu çäre paýtagtda bir mekdebiň howlusynda dörän protest ýygnanyşygynyň yz ýanyna gabat geldi. Emma resmi metbugatda bu waka barada hiç bir maglumat berilmedi.

Gurbanguly Berdimuhamedow 4-nji sentýabrdaky hökümet mejlisinde wise-premýer Pürli Agamyradowyň hasabatyny diňläp, “bilim ulgamynda köp sanly kemçiliklere ýol berilýär” diýdi.

Döwlet baştutanynyň sözlerine görä, “sanly bilim ulgamy talabalaýyk ösdürilmeýär; bilim bermegiň ähli basgançaklarynda ulanylýan okuw maksatnamalary täzelenilmeýär”.

Şeýle-de ol, ýurduň çagalar baglarynda, umumybilim berýän mekdeplerinde we ýokary okuw mekdeplerinde berilýän bilim-terbiýäniň häzirki döwrüň ösen talaplaryna laýyk gelmelidigini, emma bu ulgamyň edaralarynda alnyp barylýan işleriň bildirilýän talaplara laýyk gelmeýändigini” aýtdy.

TDH prezidentiň belliklerini teswirläp, onuň “düýpli nägilelik bildirendigini” we wise-premýere “aýdylanlary içgin seljermegi hem-de ýol berlen kemçilikleri düzetmek boýunça gaýragoýulmasyz çäreleri görmegi” tabşyrandygyny, bilim ministriniň mekdep we mekdebe çenli çagalar edaralary boýunça orunbasary Merdan Gowşudowy wezipesinden boşadandygyny, sebäbi onuň "özüne ynanylan wezipäni oňarmandygyny” habar berdi.

Döwlet habar gullugy ozal, 31-nji awgustda Gowşudowa berk käýinjiň we soňky duýduryşyň berlendigini habar beripdi. Bu käýinç we duýduryş oňa Aşgabadyň 64-nji orta mekdebinde dörän “galmagaldan” soň berildi.

“Türkmenistanyň Hronikasy” neşiriniň maglumatyna görä, 2-nji sentýabrda Aşgabatdaky 64-nji orta mekdebiň ozalky direktory Bäşim Gaýitnazarow tussag edildi we deslapky tussaghanada ýogaldy. Azatlyk bu maglumaty başga garaşsyz çeşmeler arkaly tassyklap bilmedi.

“Turkmen.news” neşiriniň maglumatyna görä, 30-njy awgustda gürrüňi edilýän mekdebiň howlusynda, rus dilinde sapak berýän bölümiň ýapylmagy sebäpli, ýüzlerçe ene-ata we mugallymlar özakymlaýyn dörän protest ýygnanyşygyna gatnaşdy.

Azatlygyň hökümetdäki çeşmesi we anonimlik şertinde gürleşen birnäçe mugallym çagalaryna rus dilinde bilim bermek isleýän ene-atalaryň, rus dilli klaslaryň azlygy sebäpli, her çaga üçin 1-2 müň dollar möçberinde para bermäge mejbur bolýandyklary barada garaşsyz neşirlerde çykan maglumatlary tassyklady.

Mekdepde ýeterlik orun ýa mümkinçilik bolmazlygyna garamazdan, Gaýitnazarowyň para beren ene-atalaryň çagalarynyň ählisini okuwa kabul edendigi we täze okuw ýyly başlanmazyndan birnäçe hepde ozal täze, tölegli esaslarda bilim bermeli 24-nji mekdebe direktor bellenendigi aýdylýar.

Şu aralykda Azatlygyň Aşgabatdaky habarçysy prokuratura işgärleriniň 15-nji orta mekdebi hem barlamaga gelendiklerini habar berdi.

“64-nji mekdepde bolan adatdan daşary wakadan soň, rus dilinde sapak berilýän toparlary bolan mekdepleriň ählisini barlaýarlar, sebäbi mekdep direktorlary para alyp, türkmen toparlaryndaky okuwçylary rus dilli toparlara geçirýärler” diýip, habarçy aýtdy.

Habarçy bilen anonimlik şertinde gürleşen mekdep mugallymy prokuratura işgärleriniň “kemçilik tapmak maksady bilen gelendiklerini”, sebäbi 15-nji mekdepde hem okuwçylaryň türkmen we rus dilli toparlara bölünýändigini aýtdy.

Şeýle-de, täze girizilen düzgünlere laýyklykda, mugallymlar ozalky 45 minutlyk sapaga derek 70 minut okatmaly bolýarlar, goşmaça töleg bolsa edilmeýär diýip, ol sözüni dowam etdi. “Okuw ýylynyň ýaňy başlanandygyna garamazdan, bu ýagdaý pedagoglaryň elini işden sowadýar, olar kän bir jan etmän, öz işlerini biperwaý edýärler” diýip, habarçy bilen gürleşen mugallym aýtdy.

Ýurduň bilim ulgamyndaky problemalar garaşsyzlyk ýyllarynyň başyndan bäri belli we Berdimuhamedow 2007-nji ýylda prezidentlige dalaş edende, giň gerimli bilim özgertmelerini wada berdi.

Emma muňa garamazdan, ýurtdaky syýasy-ykdysady, sosial kynçylyklaryň çuňlaşmagy, ýokary bilimdäki korrupsiýanyň has agyrlaşmagy bilen, mekdep we mekdebe çenli bilim edalarynda alnyp barylýan işler hem gowşadyldy, çagalara berilýän bilim-düşünjäniň derejesi ýyl-ýyldan pese gaçdy diýip, synçylar aýdýarlar.

Bu ýagdaý çagalaryny daşary ýurtlarda, bolmanda öňki sowet respublikalarynda okatmak, bilimli-hünärli etmek isleýän ene-atalaryň ýurtda kesgin azaldylan rus dilli mekdeplere bolan talabyny ýokarlandyrdy. Emmä häkimiýetler Azatlygyň Aşgabatdaky habarçysynyň şu aralykda beren maglumatyna görä, has kän rus dilli klaslary açmak mümkinçiliklerine seretmäge derek, “rus dilli klaslar ýok, problema ýok” diýen karara gelene meňzeýär.

Habarçynyň döwlet edaralarynyň birindäki ynamdar çeşmä salgylanyp, 3-nji sentýabrda beren maglumatyndan çen tutulsa, ýurtda rus dilinde sapak geçilýän klaslary 2030-njy ýyla çenli doly ýapmak barada hökümet derejesinde çynlakaý maslahat edilýär.

Bu “çynlakaý maslahat” Türkmenistanda 2007-nji ýylda häkimiýet çalşandan soň iş şertleri biraz gowulaşan mekdep mugallymlarynyň ýagdaýlarynyň ýene agralan wagtyna gabat geldi.

Azatlyk bilen söhbetdeş bolýan raýatlar soňky döwürde ýaşuly, ýöne entek gujurly we öz tejribesi bilen köp peýda getirip biljek býujet işgärleriniň barha kän işden çykarylýandygyny, pensiýa alyp işleýän mugallymlaryň işden çykarylmagynyň okuw sagatlarynyň kähalatda 50 we 75% gysgaldylmagyna alyp gelendigini aýdýarlar.

Şeýle-de, mekdeplerde ulanyljak täze okuw programmalary mugallymlaryň 1000 manat aýlyklarynyň ýarpy azalyp, 500 manat bolmagyna alyp gelýär diýip, Azatlygyň Lebapdaky habarçysy habar berýär.

"Lebabyň mekdeplerinde häzir doly 1 stawka okadýan tas ýok, ozal 0.5 stawka okadýanlaryň sagatlary 0.25 stawka gysgaldyldy, başlangyç synp mugallymlary bolsa, aýlyklarynyň 60% azalanyny bilip, elleri işden sowap otyr" diýip, habarçy 26-njy awgustda beren habarynda aýtdy.

Internetde, sosial ulgamlarda türkmen dilinde ýazylýan zatlary, hususan-da ol ýa-da beýleki habaryň, maglumatyň, wideonyň aşagynda galdyrylýan teswirleri, kommentleri, Azatlygyň "Hormatly Arkadag" rubrikasynda çap edilen nokatsyz, otursyz hatlary ençeme ýyllap okan ozalky dil-edebiýat mugallymynyň gelen netijesine görä, Türkmenistanyň mekdeplerinde okuwçylara matematika, fizika, himiýa ugrundan berilýän bilimleriň “gowy bolmagy” mümkin.

"Ýöne olaryň öz dilinde ýazýan sözlerinden, sözlemlerinden, goýberýän ýalňyşlaryndan, şeýle-de hapa sögünmek “ussatlygyndan” çen tutulsa, türkmen mekdepleri gyssagly we örän düýpli özgertmelere, täze kadrlary ýetişdirmek we täze, hakyky bilim berýän mekdepleri gurmak üçin oýlanyşykly we milliardlap dollar serişdäniň ýatyrylmagyny talap edýän çynlakaý döwlet taslamasyna mätäç" diýip, adynyň aýdylmazlygyny soran hünärmen aýtdy.

"Döwleti, ýurduň geljegini halas etmek üçin ilki we gyssagly mekdebi halas etmeli, ol korrupsiýanyň we şahsyýet kultunyň ilkinji nobatdaky pidasy bolana meňzeýär" diýip, 60 ýaşyndaky ozalky pedagog Azatlyk radiosy bilen eden anonim söhbetdeşliginde aýtdy.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

XS
SM
MD
LG