Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

ÝB Amerikanyň harytlaryna garşy jogap tariflerini girizmek planyny düzýär


Ýewropa Bileleşiginiň baýdagy
Ýewropa Bileleşiginiň baýdagy

Ýewropa Bileleşigi (ÝB) geljek birnäçe günüň dowamynda ABŞ-dan getirilen harytlara garşy 28 milliard dollara çenli jogap çäreleriniň ilkinji tapgyryny tassyklap biler diýip, Reuters agentligi habar berýär.

7-nji aprel güni agşam Ýewropa Komissiýasy agza döwletlere, goşmaça gümrük tölegleriň girizilmegi göz öňünde tutulýan, ABŞ-nyň harytlarynyň sanawyny hödürlär. Reuters-iň maglumatyna görä, bu sanawa et önümleri, däneli ekinler, çakyr, agaç we egin-eşik dagy girýär.

Jogap çäreleri boýunça ses berişligiň çarşenbe güni geçiriljekdigine garaşylýar. Olar tassyklansa, täze tarifler iki tapgyrda güýje girer: birinji bölegi 15-nji aprelde, galan bölegi bolsa bir aý soň ornaşdyrylar.

Reuters-iň habaryna görä, Waşington bilen tarifler boýunça geçirilen gepleşikler entek netije berip bilenok. ÝB-niň Söwda boýunça wekili Maroş Şefçowiç amerikan taraplary bilen geçirilen iki sagatlyk gepleşigiň “açyk” bolandygyny aýdyp, Birleşen Ştatlaryň girizen tariflerini “weýran ediji we esassyz” diýip häsiýetlendirdi.

ABŞ-nyň maliýe ministri Skott Bessent 50-den gowrak ýurduň Ak Tam bilen söwda tarifleri boýunça gepleşikleri başlamagy teklip edendigini aýtdy. Ýöne ol bu ýurtlaryň haýsylar bolup durýandygyny ýa-da gepleşikleriň mazmuny boýunça jikme-jiklik bermedi.

2-nji aprelde ABŞ-nyň prezidenti Donald Tramp, ABŞ-nyň söwda hyzmatdaşlarynyň aglaba köplüginden getirilýän harytlara gümrük tölegleriniň girizilýändigini yglan etdi. Hususan-da, ÝB ýurtlaryndan import edilýän harytlara 20%, Britaniýadan bolsa 10% möçberinde töleg salnar, käbir ýurtlar üçin bu görkeziji 40%-den hem ýokary bolar.

Jogap hökmünde, Hytaýyň Maliýe ministrligi ABŞ-nyň ähli harytlaryna 34%-lik goşmaça gümrük töleginiň giriziljekdigini we käbir seýrek metallar boýunça eksport çäklendirmeleriniň giriziljekdigini mälim etdi.

XS
SM
MD
LG