Azatlyk Radiosynyň orta mekdeplerde “para möwsüminiň başlanmagy” barada beren habaryndan soňra, bilim edaralary mekdeplerde giň ýaýran para problemasy boýunça prokuratura derňewleriniň başlamagyndan howatyr edýär. Mekdep resmileri para-bermitden el çekmeýär, gaýtam ony has-da hüşgärlik bilen ýygnamagyň usullaryny agtarýar.
Azatlyk Radiosy 16-njy maýda ýurduň orta mekdeplerinde okuwy tamamlaýan ýaşlaryň gutardyş synaglary golaýlaýan wagty mekdeplerde “para möwsüminiň” başlanýandygyny habar berdi. Ene-atalar ogul-gyzlarynyň bilim şahadatnamalaryny dörtlük-bäşlik bahalar bilen bezemek üçin mekdep ýolbaşçylaryna ýa-da mugallymlara para berýändigini aýdýarlar.
“Bilim edaralarynda giň ýaýran para barada radioda çykan habardan soň, mekdepler prokuratura derňewleriniň başlamagyndan gorkýar” diýip, ýagdaýdan habarly çeşme Azatlyk Radiosynyň habarçysyna gürrüň berdi.
Onuň sözlerine görä, Türkmenistanyň bilim ministrligi ýurduň bilim pudagyndaky problemalardan habar berýän radio habary ýurtda ähli mekdep müdirleriniň dykgatyna ýetirdi.
Azatlyga mälim bolan maglumatlara görä, habardan soň Aşgabatda bir mekdebiň synp ýolbaşçysy her okuwçydan 10 manatdan ýygnan pullaryny yzyna gaýtarmaga mejbur boldy.
Redaksiýa mekdep mugallymynyň şahsyýetini anyklaýan maglumatlary, beýleki jikme-jiklikleri we mekdebiň belgisini aýan etmekden saklanýar.
Azatlyk Radiosy Türkmenistanyň bilim pudagynda bar bolan problemalar, hususan-da giň ýaýran para-bermit barada dowamly habar berýär. Gutardyş şahadatnamalaryna para bilen dörtlük-bäşlik goýduran ýaşlar, ýerli habarçylara görä, köplenç ýerli ýokary okuw jaýlaryna-da para bilen girýär.
Ýerli habarçynyň maglumatlaryna görä, Aşgabatda okuwçylardan ýygnan pullaryny yzyna gaýtaran mugallymyň mekdebinde direktor mugallymlar bilen ýygnak geçiripdir. Ýygnagyň dowamynda direktor mugallymlary “hüşgärlige” çagyrypdyr.
Türkmenistanyň bilim ministrliginiň görkezen resmi däl reaksiýasyndan habarly çeşmäniň maglumatlaryna görä, ministrlik “mekdep okuwçylaryndan para we pul çöplemek işleriniň, mundan beýläk, hüşgärlik bilen guralmagynyň üstünde işleýär”
Onuň maglumatlaryna görä, ene-atalar dürli kategoriýalara bölünýär. Häkimiýetler ene-atalardan olaryň kategoriýasyna görä pul çöpleýär.
Ýurduň güýç edaralarynda işleýän ene-atalaryň çagalaryndan pul çöpläbermeli, sebäbi olaryň özi para alýar. Ýöne rus dilli maşgalalaryň mekdep ýaşly çagalaryndan we hakyny talap edýän dawaçy ene-atalaryň hem-de daşary ýurtlara hemişelik gidýän ene-atalaryň çagalaryndan pul çöplemeli däl diýip, çeşme gürrüň berdi.
Olar ýurtdan çykandan soňra Türkmenistandaky hakyky ýagdaýlar barada gürrüň bermegi mümkin diýip, çeşme sözüniň üstüni ýetirdi.
Türkmenistanyň orta mekdeplerinde okuwçylardan we mugallymlardan ýygy-ýygydan pul çöplenýär. Mekdepleriň abatlaýyş işleri, klaslarda prezident portretleriniň çalyşylmagy we beýleki çäreler üçin pul çöplenýär.
Ýerli synçylar bilimiň hiliniň ýyl-ýyldan pese gaçmagyna alada bildirýärler.
Habarçynyň we radio bilen söhbetdeş bolan ýaşaýjylaryň biri-birinden habarsyz ýagdaýda tassyklamagyna görä, soňky ýyllarda etraplardaky rus mekdepleriniň doly ýapylmagy bilen, mekdebi tas sowatsyz, öz dilinde hem dogry sözlem düzüp bilmeýän ýagdaýda tamamlaýan, para bilen okamasa, hiç bir ýokary okuw jaýynda okap bilmejek ýaşlaryň sany has köpeldi.
Azatlyk Radiosy mekdeplerde giň ýaýran para-bermit, okuwçylardan we mugallymlardan ýygy-ýygydan pul çöplenilmegi bilen bagly meseleler boýunça Türkmenistanyň Bilim ministrliginden kommentariýa alyp bilmedi.
Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.