Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Lebapda ýerli ýük ulaglarynyň bäş kilometre uzaýan kerweni emele geldi


Illýustrasiýa suraty
Illýustrasiýa suraty

Lebap welaýatyndaky Farap gümrük nokadyna barýan ýolda ýerli ýük ulaglarynyň uly nobaty emele geldi. Şu günler bu ýerdäki ýük ulag kerweniniň uzynlygy bäş kilometre çenli uzap gidýär. Sürüjiler Özbegistan bilen aradaky Farap-Alat gümrüginden geçmek üçin bir hepdä golaý nobatda garaşmaly bolýandyklaryny aýdýarlar. Bu çäklendirme diňe ýerli ýük ulaglaryna degişli bolup, häkimiýetler daşary ýurt ýük ulaglarynyň ýurduň çäginden üstaşyr geçmegini bökdençsiz üpjün edýärler.

"Indi bäş günden gowrak wagt bäri Farap gümrükhanasyna barýan ýolda ýük ulaglarynyň 700-e golaýynyň nobata durandygyny görse bolýar. Ulag kerweniniň uzynlygy bäş kilometrden geçýär. Şol gümrüge ýetiberende gümrükhananyň duralgasy bar. Bu duralga hem ýük ulaglaryndan doly" diýip, Azatlyk Radiosynyň sebitdäki habarçysy 10-njy fewralda beren maglumatynda aýtdy.

Nobatda duranlaryň ählisi türkmen ýük ulaglary bolup, daşary ýurt ýük ulaglarynyň Türkmenistanyň çäginden, şol sanda Farap gümrük nokadyndan üstaşyr geçişi päsgelçiliksiz üpjün edilýär.

Gümrük resmileri nobatlaryň sebäplerini we näme üçin diňe ýerli ýük ulaglarynyň nobatda garaşmaly bolýandygy barada sürüjilere resmi düşündiriş bermeýärler. Azatlygyň bu barada Farap gümrükhanasyndan goşmaça maglumat ýa kommentariýa almak synanyşyklary hem netije tapmady.

Ýöne häkimiýetler nobatlar sebäpli mundan dört aý çemesi ozal amal eden çärelerini gaýtadan güýje girizdiler.

Muňa laýyklykda, häkimiýetler Amyderýanyň köprüsinde ýörite barlag-gözegçilik nokadyny täzeden döretdiler. Şeýle-de, ýerli sürüjilerden Çärjew etrabyndaky täze köp ugurly bazaryň awtoduralgasynda nobata durmak talap edilýär.

"Ýerli sürüjiler Farap gümrükhanasyna göni baryp bilmeýärler. Barlag-gözegçilik nokadyndaky işgär sürüjilerden 15 kilometr çemesi yzyna gidip, bazarda nobata durup, ýörite "fiş" almagy talap edýär. Bu bazarda adatça bäş-alty gün diýlende nobat ýetýär" diýip, ýerli sürüjileriň biri anonimlik şertinde aýtdy.

Azatlyk Farap gümrük nokadyna barýan ýolda ýerli ýük ulaglarynyň uly nobatynyň emele gelendigi barada geçen ýylyň oktýabrynda hem habar beripdi.

Şonda ýerli sürüjiler pandemiýa sebäpli girizilen hereket çäklendirmeleriniň gowşadylyp başlanandygyny, ýöne häkimiýetleriň daşary ýurt ýük ulag sürüjilerinden tapawutlylykda, özlerini “ala tutýandygyny” we goşmaça talaplara sezewar edýändiklerini gürrüň beripdiler.

Ýerli sürüjiler bazarda ençeme günläp nobata durup alan "fişleri" bilen Amyderýanyň köprüsinden geçip, Farap gümrükhanasyna baryp bilýärler. Bu "fişde" awtotirkegiň nomeri, bazardan ugran sagady ýazylýar diýip, maryly sürüji bu talabyň daşary ýurtly ýük ulaglara degişli däldigini hem aýdypdy.

Emma Azatlygyň bu barada çap eden maglumatlaryndan 10 gün çemesi wagt geçensoň, türkmen häkimiýetleriniň ýerli ýük ulaglarynyň gümrükden geçirilmegini birneme çaltlaşdyrandygy mälim bolupdy.

Häkimiýetler we berk döwlet gözegçiligindäki metbugat serişdeleri ýerli ýük ulag sürüjileriniň ýüzbe-ýüz bolýan ýagdaýlary barada aç-açan düşündiriş ýa maglumat bermeýärler.

Dünýäniň iň ýapyk ýurtlarynyň biri hasaplanýan Türkmenistanyň hökümeti ýurdy Ýüpek ýolunyň ýüregi atlandyryp, onuň sebitdäki iň iri ulag-üstaşyr geçelgeleriniň birine öwrülýändigini öňe sürýär.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Forum

XS
SM
MD
LG