Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Russiýa, Ukraina Tramp bilen Zelenskiniň arasyndaky gepleşigiň yzýany täze zarbalary urdular


Ukrainanyň Kropynytskiý şäherine rus pilotsyz uçarynyň hüjüm eden ýerinde psihologlar ýaşaýjy bilen gürleşýärler. 20-nji mart, 2025.
Ukrainanyň Kropynytskiý şäherine rus pilotsyz uçarynyň hüjüm eden ýerinde psihologlar ýaşaýjy bilen gürleşýärler. 20-nji mart, 2025.

20-nji martda Russiýa we Ukraina ABŞ-nyň prezidenti Donald Tramp we onuň ukrain kärdeşi Wolodymyr Zelenskiý arasynda bolan telefon gepleşiginden soň güýçli howa zarbalaryny amala aşyrdylar. Taraplar Ikinji jahan urşundan bäri Ýewropanyň iň uly we ganly konfliktiniň soňuna çykmak üçin güýçli diplomatik tagallalaryny amala aşyrýarlar.

Iki lideriň 19-njy martda geçiren bu gepleşigi bir gün öň Tramp bilen Russiýanyň lideri Wladimir Putiniň arasynda bolan söhbetdeşligiň we Ukrainanyň ABŞ-nyň 30 günlük ok atyşygy bes etmek baradaky teklibine razy bolmagynyň yzýanyna gabat geldi.

Putin we Tramp, dördünji ýyl dowam edýän söweşiň doly togtadylmagy barada ylalaşyp bilmediler, emma Putin Ukrainanyň energiýa we raýat infrastrukturasyna zarba urmazlygy kabul etdi.

Ak Tam tarapyndan "fantastiki" diýlip häsiýetlendirilen we 19-njy martda geçirilen gepleşikde Tramp Ukrainanyň has köp "Patriot" howa gorag raketa ulgamyny edinmegi ugrunda synanyşjakdygyny aýtdy, Zelenskiý bolsa 30 günüň dowamynda Russiýanyň energiýa desgalaryny nyşana almazlyga razy boldy.

Ukraina howa goragynyň ýoklugy sebäpli şäherlerini rus hüjümlerinden goramakda kynçylyk çekýär. Zelenskiý gije bolan howa hüjümleriniň ýene bir tolkuny Putiniň aýdanlarynyň diňe "propaganda" bolandygyny görkezýär diýdi.

"Russiýanyň Ukraina garşy hüjümleri, propaganda sözlerine garamazdan durmaýar. Her gün we her gije dowam edýän raketa hüjümleri bilen birlikde her gün we her gije ýüzden gowrak pilotsyz uçar hüjüm edýär. Şeýle uçuşlar bilen ruslar parahatçylyga hakyky garaýyşlaryny dünýä açýar" - diýip, Zelenskiý ýazdy.

Ukrainanyň howa güýçleri 20-nji martda howa goraglarynyň Russiýa tarapyndan bir gijede hüjüm eden 171 sany pilotsyz uçaryň 75 sanysyny urup gaçyrandygyny, beýleki 63 dronyň bolsa, nyşanlarynyň ugrunyň elektron ulgamlar arkaly üýtgedilendigini aýtdy.

Ukrainanyň Milli polisiýasy Ukrainanyň merkezi Kropynytskiý şäherine gije edilen howa hüjüminde azyndan 10 adamyň, şol sanda dört çaganyň ýaralanandygyny habar berdi.

Bu howa hüjüminde ýaşaýyş jaýlara we hususy jaýlara zeper ýetirildi. Ýaralanan adamlaryň birnäçesi gyssagly lukmançylyk kömegini alandan soň keselhana ýerleşdirildi.

Şol bir wagtyň özünde Russiýa, bir gijede 132 sany ukrain pilotsyz uçaryny urup gaçyrandygyny aýtdy we Saratow sebitiniň häkimiýetleri strategiki ýarag bazasynyň ýerleşýän ýeri Engels şäherine ýakyn howa menziliniň oda berilendigini tassyklady.

Ukrainanyň goşuny baza edilen hüjüme guramaçylygyny tassyklady.

Russiýanyň awiasiýa gullugy "Rosawiasiýa" Samara we Saratow howa menzillerinde uçar gatnawlarynyň wagtlaýyn togtadylandygyny habar berdi.

Zelenskiý parahatçylyk gepleşiklerini güýçlendirmek boýunça duşuşyklar üçin 20-nji martda Norwegiýa bardy.

"Norwegiýa özüni goramak ugrundaky göreşinde Ukrainany goldaýar we ýurtda dowamly, adalatly parahatçylygy gazanmak ugrundaky tagallalara goşant goşýar. Norwegiýanyň gysga möhletde we uzak möhletde Ukraina nädip has gowy kömek edip biljekdigi barada döredijilikli pikir alyşmaga sabyrsyzlyk bilen garaşýaryn" - diýip, Norwegiýanyň premýer-ministri Jonas Store aýtdy.

Tramp Zelenskiý bilen jaňlaşanda, Moskwa bilen Kiýewiň arasyndaky uly bölünişigi aradan aýyrmak we ok atyşygy üpjün etmek üçin, Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Ukrainanyň elektrik stansiýalaryna eýeçilik etmegini teklip etdi.

Ak Tamyň 19-njy martda geçirilen telefon gepleşiginden soň beren maglumatyna görä, Tramp Zelenskä ABŞ-nyň Ukrainanyň elektrik üpjünçiligine we ýadro elektrik stansiýalaryna eýeçiliginiň "bu infrastruktura üçin iň gowy gorag boljakdygyny" aýdypdyr.

Bu teklip, Trampyň ABŞ-nyň ukrain emläklerine eýeçiligi urşa batan ýurt üçin howpsuzlyk kepilligi bolup hyzmat etjekdigine ynanýandygyny görkezýär. Tramp Russiýa ABŞ bilen garşylykdan gorkup, olary nyşana almakdan saklanar diýip pikir edýär.

Zelenskiý Tramp bilen telefon arkaly bolan söhbetdeşlikde Ukrainanyň günorta-gündogarynda Russiýanyň basyp alan Zaporižýa ýadro desgasyny ara alyp maslahatlaşandygyny aýtdy. Ol Trampa desganyň Ukraina yzyna gaýtarylsa Kiýewiň onuň döwrebaplaşdyrylmagyna we maýa goýulmagyna ABŞ-nyň gatnaşygyny ara alyp maslahatlaşmaga taýýardygyny aýdypdyr.

Zelenskiniň Trump bilen 'oňyn' gatnaşygy

Kiýewiň howpsuzlyk kepillikleri, parahatçylyk şertnamasyny baglaşmak üçin Ukraina, Russiýa we ABŞ arasyndaky diplomatiýanyň özenidir. Zelenskiý parahatçylyk şertnamasynyň Russiýanyň gaýtadan hüjüm etmeginiň öňüni almak üçin Ukrainanyň günbatar howpsuzlyk kepilliklerini öz içine almagyny isleýär, emma Tramp şu wagta çenli Amerikany Ukrainanyň goragyna goşmakdan ýüz öwürdi.

Tramp, bir milliondan gowrak adamyň ölmegine ýa-da ýaralanmagyna sebäp bolan Ukrainadaky söweşi bes etmegi administrasiýasy üçin ileri tutulýan ugra öwürdi.

Şeýle-de bolsa, Moskwa we Kiýew ýer alyş-çalyşlary we Ukraina üçin howpsuzlyk kepillikleri ýaly möhüm meselelerde biri-birinden örän uzakda galýarlar, şonuň üçin Trampyň administrasiýasy olary bir ýere jemlemek islese dürli usullary ulanmaly bolar.

Tramp sosial mediadaky ýazgysynda Zelenskiý bilen telefon gepleşiginiň maksadynyň "Russiýa bilen Ukrainany olaryň islegleri we zerurlyklary boýunça deňleşdirmek" bilen bagly bolandygyny aýtdy.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Forum

XS
SM
MD
LG