Türkiýäniň prezidenti Rejep Taýýip Erdoganyň esasy garşydaşy, Stambulyň häkimi Ekrem Ymamoglunyň tussag edilmeginden soňra müňlerçe adam protestlere çykdy. Polisiýa demonstrantlara garşy ýörite çärelerden peýdalandy diýip, habarlarda aýdylýar.
Stambul şäher häkimliginiň öňünde hem-de Ymamoglunyň alnyp gidilen polisiýa bölüminiň öňünde hem-de tussag edilmeginden bir gün ozal onuň diplomynyň güýji ýatyrylan uniwersitetiň öňünde protestler barýar. Şäher häkiminiň diplomynyň güýjüniň ýatyrylmagy onuň prezident wezipesine dalaş etmeginiň öňüni baglaýar.
BBC hem-de beýleki halkara media serişdelerine görä, polisiýa uniwersitetiň kampusynda ýygnanyşan talyplara garşy ýörite çärelerden peýdalandy.
Ymamogluny öňümizdäki prezident saýlawlarynda dalaşgär hödürlemegi meýilleşdirýän oppozisiýadaky Respublika halk partiýasynyň ýolbaşçysy Özgür Özel şäher häkimliginiň öňünde ýygnananlara ýüzlendi. Ol häkimiň tussag edilmegini agdarylyşyk synanyşygy atlandyrdy.
Ymamogly başga-da 100 adam bilen bilelikde korrupsiýada hem-de bizneslerden gorkuzyp pul almak bilen meşgullanýan jenaýat toparyny döretmekde aýyplanyp, 19-njy martda irden tussag edildi. Türkiýäniň Adalat ministrligi bu işiň syýasy däldigini aýdýar, ýöne Ymamogly özüniň jogapkärçilige çekilmegini halkyň erkine garşy amala aşyrylýan hüjüm atlandyrýar.