Sepleriň elýeterliligi

 
Halkara žurnalistler guramalary ABŞ-ny metbugat azatlygyny goramaga, media işgärleriniň howpsuzlygyny üpjün etmäge çagyrýar
Soňky habar

Halkara žurnalistler guramalary ABŞ-ny metbugat azatlygyny goramaga, media işgärleriniň howpsuzlygyny üpjün etmäge çagyrýar


Azat Ýewropa/Azatlyk Radiosynyň baş binasy
Azat Ýewropa/Azatlyk Radiosynyň baş binasy

Ýigrimi ýedi sany halkara žurnalistler guramalary ABŞ häkimiýetlerini metbugat azatlygyny goramaga hem-de ABŞ-nyň Global Media Agentligi tarapyndan maliýeleşdirilýän we dolandyrylýan media guramalarynyň işgärleriniň howpsuzlygyny üpjün etmäge çagyrýar.

Global Media Agentligi Azat Ýewropa/Azatlyk Radiosy, Azat Aziýa Radiosy we Amerikanyň sesi ýaly başga-da birnäçe media guramasyna gözegçilik edýär. ABŞ prezidenti Donald Tramp 14-nji martda agentligiň işini azaltmak boýunça karara gol çekdi. Munuň yz ýany Azat Ýewropa/Azatlyk Radiosyna ABŞ Kongresi tarapyndan bölünip berilýän grant ýatyryldy.

Beýanat bu media guramalarynda işleýän žurnalistleriň ençemesiniň “aşa repressiw režimlerde bolup geçýän wakalar barada habar bermek bilen, agyr şahsy töwekgelçilige” duçar bolýandyklaryny aýtdy. Şeýle-de, beýanatda bu guramalary ýapmagyň “metbugat azatlygyna agyr urgy” bolandygy, hem-de munuň “dünýädäki awtokratlara sowgat bolandygy” aýdylýar we Amerikanyň sesi, Azat Ýewropa/Azatlyk Radiosy ýaly media serişdeleriniň žurnalistleriniň ýokary töwekgelçilikli ýurtlardaky häkimiýetler tarapyndan ýygy-ýygydan nyşana alynýandyklary nygtalýar.

Halkara žurnalistler guramalary metbugat azatlygyna hem-de “hökümet gatyşygyndan, ýa-da mejburylygyndan azat iş alyp baryp bilýän” garaşsyz media serişdelerine ygrarlylygy tassyklaýar.

Bu beýanata Serhetsiz reportýorlar, Milli metbugat kluby, Žurnalistleri goramak boýunça komitet, Derňew žurnalistikasy býurosy, Žurnalistleriň Ýewropa Federasiýasy we PEN Amerika ýaly guramalar tarapyndan gol goýuldy.

Azat Ýewropa/Azatlyk Radiosy 1953-nji ýylda esaslandyrylan garaşsyz media guramasy bolup, ol özüniň Kongres tarapyndan tassyklanan grantyny ýatyran ABŞ-nyň Global Media Agentligini hem-de onuň resmileri Kari Leýki we Wiktor Moralesi suda berdi.

“Häzir Amerikanyň duşmanlarynyň propagandasyna we senzurasyna boýun synmagyň wagty däl. Biz kanunyň biziň tarapymyzda bolandygyna ynanýarys. Dünýädäki despotlar biziň soňumyzy örän ir gutlap başlady” diýip, Azat Ýewropa/Azatlyk Radiosynyň prezidenti Stiwen Kapus aýtdy.

XS
SM
MD
LG