Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Jaý üstünde maşgala agzalary bir-birini suda berýär - maryly ýaşaýjylar


Aşgabatda täze kaşaň binalar, şol sanda ýaşaýyş jaýlar gurulýarka, ilat köpçüligi köne sandan çykan binalarda ýaşaýar.
Aşgabatda täze kaşaň binalar, şol sanda ýaşaýyş jaýlar gurulýarka, ilat köpçüligi köne sandan çykan binalarda ýaşaýar.

Türkmenistanda ýaşaýyş jaý problemasy we agyr ykdysady şertlerde ýaşaýan hojalyklaryň jaý edinmek mümkinçiliginiň örän ujypsyz bolmagy maşgalalar üçin agyr synag döredýär, käte duşmançylyga we rehimsizlige alyp barýar. Azatlygyň habarçylary birnäçe maşgalanyň düşen ýagdaýyny gürrüň berýärler.

Mary welaýatynda jaý meselesi hojalyklaryň ýykylmagyna sebäp bolýar. Azatlyk Radiosy bilen anonimlik şertinde söhbetdeş bolan maryly ýaşaýjylar öz şahsy ýagdaýyny gürrüň berdiler.

"Meniň 3 gyzym we 2 oglum bar. Uly oglum häzirki gün gelini bilen aýrylyşyp Türkiýe döwletinde işleýär. Gyzlarym maşgalaly. Emma gyzlarymyň biri gaýynlary bilen oňuşman, aýrylyşyp gaýtdym diýip, yzygiderli öýe gelip, soň 10-12 gün geçensoň yzyna gaýynlaryna gidip-gelip dur" diýip maryly ýaşuly gürrüň berdi.

Maryly ýaşulynyň sözlerine görä, aýalynyň koronawirusdan ýogalmagyna 5 ýyla golaý wagt bolupdyr. Indi onuň çagalary maşgalanyň emlägine eýe çykmak ugrunda bir-birine garşy çykýar we suda ýüz tutýar.

Maşgala başy gyzynyň emlägiň üstünde kiçi oglunyň gelnini öýünden kowmaga synanyşýandygyny gürrüň berdi.

"Körpe oglum gelini bilen oňuşsadam meniň gyzlarym ol gelen gelni öýe sygdyrman her güni gohlaşyp hojalykda agzalalyk döretdiler we elinde kiçi çagaly gelni aýrylyşyp gider ýaly etdiler. Ol körpe gelnim meniň kirimi ýuwup, naharyma, çaýyma seredip, hojalygyň ähli işini birkemsiz ýerine ýetirerdi" diýip, maryly ýaşuly gürrüň berdi.

Maryly garry ene öz öýüne gelnini we ýaş agtygyny ýazga goýmakçy bolmagy çagalarynda garşylyk döredip, ýaş maşgala bir ýaşly çagasy propiskasyz galypdyr. Garry ene körpe gyzynyň, dokumentleri galplaşdyryp, jaýy öz adyna geçirendigini bilip galypdyr.

"Meniň körpe gyzym öz gaýynlaryna ýazgyda durmandygy sebäpli, galp dokument düzedip, biziň öýümizi özüne miras edipdir. Biz hiç ýere gol goýmasagam galp gol çekip, meniň adymdan arza ýazypdyr we özüne sowgat berilen ýaly edip, alypdyr. Mellegimizi hem öz adyna geçiripdir" diýip, maryly ýaşaýjy gürrüň berdi.

Zenanyň sözlerine görä, öz emlägini elinden alan gyzy öz inisini öýünden kowýar.

"Gyzym men jaýsyz kösenýän, ejeme özüm serederin. Kakamyň, ejemiň jaýyny bermerin diýýär. Men gyzym bilen ýaşamak islämok. Ol gyzymyň yzyna düşip giýew hem geldi. Meniň ýanymda iki oglum barka men giýew bilen näme üçin ýaşamaly" diýip, zenan aýdýar.

Garry ene körpe ogly bilen prokuratura we suda ýüz tutandygyny, emma netije bolmandygyny, indi aklawça ýüzlenip, prezidentiň adyna hat bilen ýüz tutandygyny, emma netije gazanyp bilmändigini gürrüň berdi: "Adwokata 400 manat berip 2 gezek arza ýazdyryp, prezidente hat ýolladyk. Emma hiç habar ýok".

Jaý ýetmezçiligi hojalyklary bozýar

Maryly ýaşaýjy şu ýaşynda başyna gelen çykgynsyz ýagdaýdan ejir çekýändigini, çagalarynyň agzala bolanyny, gyzynyň enäniñ ýüzine gelip, bikanunçylyga baş goşandygyny görüp, hassa bolandygyny aýdýar.

Azatlyk bilen gürrüňdeş bolan maryly ýaşaýjylar köp maşgalalaryň ýaşamaga ýeriniň ýokdugyny, köpçüligiň bir öýde birnäçe maşgala bolup, gysylyp ýaşaýandygyny we ýakyn adamlaryň arasynda uly duşmançylyga sebäp bolýandygyny gürrüň berdiler.

"Häzir jaý ýetmezçiligi hojalyklary bozýar we dogan bilen dogany, çaga bilen ata-enäni uruşdyrýar. Eger jaý meselesi, iş meselesi aradan aýyrylsa onda ýurdymyz düzär. Meniň hojalygymda we meniň ýaly ençeme hojalykda jaý meselesi bar" diýip, maryly ýene bir ýaşaýjy gürrüň berýär.

Azatlyk Radiosynyň habarçylary jaý problemasynyň agyrlaşýandygy barada ýyllarboýy habar berip gelýärler. Bir kiçi kwartirada 3-4 maşgala bolup ýaşaýan raýatlaryň ýagdaýlary barada habar berlipdi.

Türkmenistanda her ýyl onlarça ýaşaýyş jaýyň gurulýandygyny resmi maglumatlarda aýdylýar. Türkmen hökümeti diňe bir 2024-nji ýylda 430 müň inedördül metr giňişlikde ýaşaýyş jaýlaryň guruljakdygyny yglan edipdi. Türkmen metbugaty şu ýylyň ýanwar aýynda Balkanabatda ýerli polisiýa işgärleri üçin dört gatly birnäçe jaýyň tabşyrylýandygyny olaryň her biriniň 32 maşgala üçin niýetlenýändigini habar berildi.

Azatlyk bilen gürrüňdeş bolan türkmenistanlylar gurulýan jaýlardaky öýleriň örän gymmatdygyny, döwlet tarapyndan ýeňillikli sosial jaýlara nobatlaryň uzaga çekýändigini we oňa eýe bolmak üçin uly mukdarda para soralýandygyny aýtdylar.

Türkmenistanda jaý edinmek üçin häkimiýetlere ýüz tutýan raýatlaryň sany we döwlet tarapyndan amala aşyrylýan sosial programmalaryna degişli jikme-jik çap edilmeýär.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Forum

XS
SM
MD
LG