Şu günler ýurduň dürli sebitlerine bahar paslyna mahsus bolmadyk yssy howa aralaşýar, ýangyn hadysalaryna garşy hüşgärlik derejesi artdyrylýar.
Aşgabatda howanyň temperaturasy 18-nji martda +33,3 gradusa çykdy. Mundan ozal, şol günde türkmen paýtagtynda gyzgynlygyň iň ýokary derejesi +30 gradus bilen taryhda 1974-nji ýylda hasaba alnypdy diýip, howa maglumatlaryny çap edýän “Meteožurnal” neşiri habar berýär. Sarahsda termometrler +35 gradusy görkezýär.
Howanyň gyzyp başlamagynyň arasynda, soňky birnäçe günüň dowamynda ýurduň günorta sebitlerinde bolup geçen ýangyn hadysalary howpsuzlyk düzgünleri bilen bagly aladalary güýçlendirýär, bu aralykda, ýangyn hadysalaryna garşy hüşgärligiň derejesi artdyrylýar.
Azatlyk Radiosynyň habarçylary sişenbe güni Aşgabat şäheriniň Büzmeýin etrabynda “Kamaz” kysymly ýük ulagynda ýangynyň döräp, bu hadysanyň başga-da iki sany ýeňil awtomobil ulagynda alawlaryň tutaşmagyna getirendigini habar berýärler.
Azatlyk Radiosyna gelip gowşan suratlarda wakanyň bolan ýerinden asmana göterilýän goýy tüssäni görmek bolýar.
Mundan öňki şeýle hadysalarda ýurduň ýangyn söndüriji gulluklary köplenç wakanyň bolýan ýerine gijä galyp barýardy. Büzmeýinde bolan ýangyn hadysasy boýunça içer işler edaralaryndan teswir alyp bolmaýar.
20-nji martda günbatar Balkanabat şäherinde hem howanyň temperaturasy +35 gradusa çykdy.
Döwlet mediasy ýurtda bolup geçýän adatdan daşary howa hadysalary, hem-de olaryň ýol açýan ýaramaz netijeleri barada habar bermeýär.
Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.
Forum