Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Doňaklyk mal iýmine bolan talabyň artmagyna, onuň bahasynyň 50% gymmatlamagyna getirdi


Illýustrasiýa suraty
Illýustrasiýa suraty

Türkmenistanyň dürli sebitlerinde saklanyp galýan adatdan daşary sowuk howa iri we ownuk şahly mallara agyr zarba urmagyny dowam etdirýär. Mary welaýatyndaky çarwadarlar öri meýdanlardaky doňaklykda mallary goşmaça ot-iým we suw bilen üpjün edip, olaryň haram ölmeginiň öňüni almaga çalyşýarlar. Bu bolsa, mal iýminiň bahasynyň ýokarlanmagyna getirýär. Bu aralykda, Aşgabatda ilat suw we elektrik üpjünçiliginiň kesilmegi, ýyladyş ulgamlarynyň hatardan çykmagy bilen ýüzbe-ýüz boldy.

"Häzir öri meýdanlarda ýagan garyň galyňlygy 30 sm-e ýetýär. Bu ýagdaýda mallara tebigy ideg edip bolmaýar. Olary goşmaça iým we suw bilen üpjün etmeli bolýar. Emeli kömek bilen sowuga garşy göreşmeseň, mallar ysgyndan düşüp, bir hepdäniň içinde sowukdan ölýärler. Tagtabazar etrabynyň çopanlary agyr günleri başdan geçirýärler" diýip, tagtabazarly bir çopan anonimlik şertinde 17-nji ýanwarda Azatlyk Radiosynyň habarçysyna gürrüň berdi.

Sebitde ot-iýme bolan talabyň artmagy, onuň bahasynyň birden 50% gymmatlamagyna hem getirdi. Mundan ozal 12 manat bahalanan mal iýminiň bahasy häzir 18 manada ýetdi.

Gymmatlama munuň bilen hem çäklenmeýär.

Häzirki wagtda galyň garly, sürçek depelerden geçip, mal iýmini we suwuny çopan goşuna eltip berjek ýörite ulaglary tapmak hem kynlaşdy. Bu bolsa, olaryň bahasynyň hem ýokarlanmagyna getirdi.

"Şu günler köp sürüji aýazly howada çöle çykmaga razy bolmaýar. Çöle çykjak sürüjilere hem talap artansoň, olar öz transport töleglerini gymmatlatdylar. Şol ulaglaryň çopan goşlaryna çenli aşyp bilmegi, çopanlaryň hem aman galmagyna kömek edýär. Sebäbi olar çopanlara un, çörek, çaý we ýylynmak üçin solýarka hem eltip berýärler" diýip, çopan belledi.

Aşa sowuk howada ýyrtyjy haýwanlaryň, şol sanda möjekleriň topar-topar bolup sürülere her tarapdan topulmagy bilen bagly wakalar hem köpelýär.

"Çopanlaryň aw tüpeňi bolmansoň, möjekleriň eli taýakly çopanlara topulýan halatlary hem bolýar" diýip, tagtabazarly başga bir çopan aýtdy.

Soňky günlerde öri meýdanlarda, baýyrlarda möjekleriň, keýikleriň we gulanlaryň maslyklary hem köpelýär. Çopanlar aç keýikleriň we gulanlaryň çopan goşlaryna gelip, goýun we geçilere niýetlenen ot-iýmlerden iýýändigini hem aýdýarlar.

"Ynsaply çopanlar köplenç hiç zat diýmeýärler we olaryň naharlanmagyna rugsat berýärler. Emma olaryň arasynda keýikleri we gulanlary kowýanlary hem bar. Käbir çopanlar bolsa, olary tutup, öldürip iýýärler. Bular ýaýlalaryň ýitip barýan, gyzyl kitaba girizilen haýwanlary bolup, olaryň sany ýylyň-ýylyna azalýar. Olary janly tebigatda görmek mümkinçiligem hem juda azalýar" diýip, çopan bu haýwanlar üçin döwlet tarapyndan öri meýdanlara ýörite ot-iýmiň ýaýradylmagy bilen bagly ýagdaýlaryň hem göze ilmeýändigini belleýär.

Türkmenistanda indi iki hepdä golaý wagt bäri adaty klimat kadalaryndan aşa sowuk howa dowam edýär. Aýazly howanyň maldarçylyk we guşçulyk fermalaryna, çopan goşlaryna oňaýsyz täsir ýetirýändigi barada Azatlygyň habarçylary hepdäniň başyndan bäri maglumat berýärler. Ahal, Balkan, Mary we Lebap welaýatlarynda iri we ownuk şahly mallar aşa sowuk howada haram ölýär, guşçulyk hojalyklarynda towuklar keteklerde sowukdan doňup galýar.

Türkmen häkimiýetleri we berk döwlet gözegçiligindäki media serişdeleri ýurt ilatynyň aýazly howada ýüzbe-ýüz bolýan kynçylyklary barada hiç zat aýtman gelýärler.

Bu aralykda, Aşgabatda ýaşaýjylar suw we elektrik üpjünçiliginiň kesilmegi, ýyladyş ulgamlarynyň hatardan çykmagy bilen ýüzbe-ýüz boldular. 17-nji ýanwarda 11-nji etrapçada we Parahat etrapçalarynyň dürli böleklerinde irdenden tä agşama çenli suw kesildi. Şeýle-de, merkezleşdirilen ýyladyş ulgamlary işlemedi.

"Parahat 4 etrapçasyndaky käbir köp gatly jaýlarda elektrik energiýasy hem kesildi" diýip, Aşgabatdaky habarçy aýtdy.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Forum

XS
SM
MD
LG