Türkmenistanda dowam edýän güýçli aýazly howa gök-bakja önümleriniň söwdasyny edýän telekeçilere hem ýaramaz täsir ýetirip başlady. Lebap welaýatynda aşa sowuk howa zerarly gök-bakja önümleri doňýar. Uly maddy zyýan çekýändiklerini aýdýan telekeçiler dükanlarda talaba laýyk infrastrukturanyň döredilmändigini aýdyp, muňa sebäpkär hökmünde häkimiýetleri aýyplaýarlar.
"Düýn gije welaýatyň dolandyryş merkezi Türkmenabat şäherinde howanyň temperaturasy -15 gradusa çenli ýetdi. Telekeçiler azyk önümlerini lomaý, uly möçberde satyn alýarlar. Häzir 'Merkezi daýhan' bazaryndaky telekeçileriň müňlerçe kilogram möçberindäki gök-bakja önümleri doňdy" diýip, Azatlyk Radiosynyň sebitdäki habarçysy aýtdy.
Ilat arasynda 'Gök bazar' hem atlandyrylýan söwda nokadynyň köp telekeçisi doňan önümleriniň käbirini arzan bahadan satyp bilýändigini aýdýar. Ýöne olar köp önümiň satuwa ýaramsyzdygyny belläp, müňlerçe manat möçberinde maddy zyýan çekýändiklerini hem belleýärler.
Telekeçiler durky täzelenen bazaryň geçen aý ulanylmaga berlendigini ýatladyp, bu ýerdäki dükanlarda azyk önümlerini sowukdan ýa yssydan goramak üçin talaba laýyk infrastrukturanyň döredilmändigini we özleriniň çekýän maddy zyýanyna häkimiýetleriň jogapkärdigini belleýärler.
"Dükanlar başdan sowma edilip gurlupdyr. Olarda ne ýyladyş, ne-de sowadyş ulgamlary bar. Söwdagärler gündizlerine elektrik peç ulanyp, sowukdan goranýarlar. Ýöne gije peji ýakyp goýup gidip bolmaýar. Şol sebäpli gök-bakja önümleri doňýar. Tomusda nähili boljagy belli däl. Sebäbi azyk önümleri yssy howada hem zaýalanýar" diýip, lebaply bir telekeçi anonimlik şertinde habarçymyza gürrüň berdi.
Ýatlatsak, soňky iki ýylyň içinde bazaryň uly meýdany ýykylyp, durky täzeleninden soň, ony geçen aýda, Täze ýyl baýramçylygynyň öňýanynda ulanyşa bermek meýilleşdirilipdi. Bazaryň içinde esasan 20 m2 we 30 m2 meýdanly dükanlar bar.
Bazar resmileri telekeçileriň edýän şikaýatlaryny kanagatlandyrman, "aýazly howa tutuş ýurdy gurşap aldy, biziňem elimizden gelýän zat ýok" diýmek bilen çäklenýärler.
Aşa sowuk howa welaýatyň beýleki bazarlaryndaky söwdagärlere hem zarba urýar. Sebitdäki çeşmelerimiz käbir kiçi telekeçileriň öz gök-bakja önümlerini gije öýlerine alyp gaýdyp, sowukdan goramaga çalyşýandygyny aýdýarlar.
Türkmenistanda geçen hepdäniň başyndan bäri adaty klimat kadalaryndan aşa sowuk howa dowam edýär. Aýazly howada ýurduň dürli künjeginde ilat gaz, elektrik we suw üpjünçiliginiň kesilmeginden ejir çekýär. Ýyladyş ulgamlary hatardan çykýar. Ilat ýylynmakda, nahar bişirip, çaý demlemekde kynçylyk çekýär. Doňakçylyk maldarçylyk we guşçulyk fermalaryna, öri meýdanlardaky çopan goşlaryna hem zarba urup, mallaryň haram ölmegine getirýär.
Ýurt häkimiýetleri we döwlet metbugaty adatdan daşary aýazyň ilata, maldarlara we gök-bakja önümleriniň söwdasyny edýän telekeçilere ýetirýän oňaýsyz täsirleri barada dymyşlygyny dowam etdirýärler.
Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.
Forum