Şu günler Daşoguz welaýatynyň käbir önümçilik kärhanalarynda barlag işleri geçirilýär. Sebitde alnyp barylýan derňewleriň arasynda, döwlet borçnamasyny ýerine ýetiren pagtaçy kärendeçilere künjara paýlanyp başlandy. Bu waka, Azatlyk Radiosynyň ýerli kärendeçileriň özlerine wada berlen künjarany alyp bilmeýändigi baradaky maglumatlarynyň yz ýanyna gabat geldi.
"Barlaglar Daşoguzyň pagta çigidinden ýag öndürýän kärhanasynda, Görogly etrabynyň un zawodunda we hususy eýeçilikdäki maldarçylyk fermalarynda geçirilýär" diýip, ýagdaýdan habarly çeşme 6-njy ýanwarda Azatlygyň habarçysyna maglumat berdi.
Onuň tassyklamagyna görä, derňewlerde döwlet tarapyndan kärendeçilere ýeňillikli bahadan berilmeli künjaranyň bazarlarda “ogurlanyp satylýandygynyň" üsti açyldy. Pagta çigidinden öndürilýän künjara mallar üçin iým hökmünde ulanylýar.
Derňewleriň arasynda, döwlet borçnamasyny ýerine ýetiren pagtaçy kärendeçilere wada berlen ýeňillikli künjara hem paýlanyp başlandy.
Barlag işlerini geçirýän döwlet edaralary barada jikme-jik maglumat ýok. Ýöne çeşmelerimiz derňewçileriň Aşgabatdan iberilendigini we olaryň arasynda gizlin gulluklaryň işgärleriniň hem bardygyny aýdýarlar.
Azatlyk bu aýdylanlar barada agzalýan kärhanalardan, Daşoguzyň häkimliginden we Polisiýa müdirliginden goşmaça maglumat ýa kommentariýa alyp bilmedi.
Ýöne derňewler we künjaranyň paýlanyp başlanmagy, pagta plan borçnamasyny üstünlikli ýerine ýetiren ýerli kärendeçileriň künjara üpjünçiliginde problemalaryň bardygy baradaky maglumatlaryň yz ýanyna gabat geldi.
Prezident Serdar Berdimuhamedow sentýabryň ahyrynda 2022-nji ýylyň hasylyndan başlap, pagta hasylynyň 50 göterimini gaýtadan işlemekden alynýan künjarany önüm öndürijilere ýeňillikli bahadan satmak barada karara gol çekdi.
Ýöne täze ýylyň ilkinji günlerinde göroglyly kärendeçiler özlerine wada berlen künjaranyň berilmeýändigi barada welaýat häkimligine we Ösümlik ýag zawodynyň ýolbaşçylaryna arza bilen ýüzlenendiklerini, ýöne özleriniň arz-şikaýat synanyşyklarynyň netijesiz tamamlanandygyny gürrüň berdiler.
Şonda olar bir kilogram künjaranyň ýeňillikli bahasynyň döwlet tarapyndan 50 teňňe hökmünde kesgitlenendigini, ýöne özlerine berilmeýän bu künjaranyň bazarlarda 4-5 manat aralygynda satylýandygyny hem gürrüň beripdiler.
Bu aralykda, çeşmelerimiz sebitiň ýag kärhanasynda geçirilen barlaglardan soň, Göroglynyň un zawodunda hem ýolbaşçylaryň galla önümlerinden bikanun un we kepek öndürip, olary bikanun satýandygynyň anyklanadygyny aýtdy.
"Olar ýüzlerçe tonna uny we kepegi döwlet bilen şertnama esasynda işleşýän hususy eýeçilikdäki mal, towuk, goýun fermalaryna bikanun satypdyrlar. Bu fermalaryň ýörite adamlary bolsa, kepegi we künjarany obalarda bikanun satypdyrlar" diýip, çeşme belleýär.
Onuň tassyklamagyna görä, häzirki wagtda bu adamlar we azyndan 10 sany hususy maldarçylyk fermasynyň eýeleri derňelýär.
"Bu adamlar döwlet emlägini ogurlamakda aýyplanyp, olara 10 ýyl azatlykdan mahrum ediljekdigi barada haýbat atylýar" diýip, çeşmämiz dowam edýän derňewler barada başga jikme-jikligiň aýdylmaýandygyny belledi.
Mundan öň ýagdaýdan habarly çeşmelerimiz maldarçylyk fermalarynyň döwlet bahasyndan kepek satyn almak mümkinçilikleriniň bardygyny, şeýle mümkinçilikleriň kähalatlarda “ýerli häkimiýetler tarapyndan pul ýuwmak ýaly, bikanun işler üçin ulanylýandygyny” aýdypdylar.
Türkmen häkimiýetleri kärhanalarda geçirilýän barlaglar we kärendeçileriň problemalary, şol sanda künjara üpjünçiligi bilen bagly ýüzbe-ýüz bolýan meseleleri barada habar bermeýärler.
Ýöne döwlet telewideniýesi wagtal-wagtal oba hojalyk resmilerini görkezip, korrupsiýa jenaýatlarynyň üstüniň açylandygy baradaky reportažlary köpçülige ýetirýär.
Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.
Forum