Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Stambulda bir türkmenistanly ýol hadysasynda heläk boldy


Illýustrasiýa suraty
Illýustrasiýa suraty

Müňlerçe türkmenistanlynyň zähmet migrasiýasy üçin saýlap alýan esasy ýurtlarynyň biri bolan Türkiýede ýene bir türkmen raýaty ýol hadysasynda heläk boldy.

Türk metbugat serişdeleriniň maglumatlaryna görä, heläkçilige motosiklli barýan türkmenistanly Kadir Gulberdiýewiň motory ýoluň garşy tarapyndan sürmegi sebäp boldy.

26-njy dekabrda gije sagat 10 töwereginde Stambul şäheriniň Kagithane etrapçasynyň Aýlin köçesinden barýan Gulberdiýew motosiklini ýoluň garşy tarapyndan sürüp, beýleki ugurdan barýan ulagyň öňüne çykýar. Şeýlelikde, motosikl döwlet belgisi 22AU622 bolan ulag bilen gönümel çaknyşýar.

"Hadysanyň netijesinde Gulberdiýew wakanyň bolan ýerinde aradan çykýar. Motosikle we awtoulaga uly zeper ýetýär" diýlip, "Sondakika.com" neşiriniň habarynda bellenýär.

Ulagy dolandyryp barýan Hürrem Öztürkiň polisiýa işgärleri tarapyndan tussag edilendigi we onuň "geleňsizlik bilen öldürmek" aýyplamasy bilen aýyplanýandygy hem habarda nygtalýar.

Bellesek, bu soňky bir aýyň dowamynda türk metbugatynda türkmenistanlylar barada çap edilen dürli habarlaryň bäşinjisidir.

Mundan bir hepde gowrak ozal Tekirdag şäheriniň Malkara etrapçasynda türkmenistanly Agjag Mowlamowyň öz inisi Begç Mowlamowy çep gözünden pyçaklandygy barada habar peýda boldy.

19-njy dekabrda "Sözcü" neşiri Begç Mowlamowy agyr ýaralan Agjagyň polisiýa tarapyndan tussag edilip, kazyýete geçirilendigini we waka boýunça derňewleriň dowam edýändigini habar berdi.

Türkiýe Türkmenistanda dowam edýän ykdysady kynçylyklaryň we giň ýaýran işsizligiň arasynda, türkmen raýatlary tarapyndan okuw we iş üçin iň köp ýykgyn edilýän ýurtlaryň biri hasaplanýar.

Türk häkimiýetleriniň 22-nji dekabrda çap eden soňky maglumatyna görä, Türkiýede 213 müňden gowrak türkmenistanly kanuny rugsat bilen ýaşaýar. Ýöne garaşsyz çeşmeler Türkiýedäki türkmenleriň umumy sanynyň resmi sanlardan ençeme esse köpdügini çaklaýarlar.

Türkmen häkimiýetleri Türkiýede okaýan we ýaşaýan türkmenistanlylaryň sany, şeýle-de olar barada türk metbugatynda ýygy-ýygydan çykýan habarlar barada maglumat bermeýärler. Bu barada resmi metbugat hem dymýar.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Forum

XS
SM
MD
LG