Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Awazada täze taksiler peýda boldy. Türkmenbaşydaky sürüjiler 'gündelik plany' dolup bilmeýär


Illýustrasiýa suraty
Illýustrasiýa suraty

Balkan welaýatynyň Türkmenbaşy şäheriniň çäginde ýerleşýän Awaza şäherçesinde täze ýeňil taksi awtoulaglarynyň onlarçasy peýda boldy. Bu waka Azatlyk Radiosynyň şäherçedäki döwlet taksileriniň könelişendigi baradaky maglumatlarynyň yz ýanyna gabat geldi.

Bu aralykda, Türkmenbaşyda müşderilere hyzmat edip başlan Awazanyň öňki taksilerini dolandyrýan sürüjiler döwlet tarapyndan kesgitlenen gündelik plan borçnamany dolup bilmeýändiklerini aýdýarlar.

"Awaza şäherçesine “Toyota Сorolla” kysymly ýeňil taksi awtoulaglarynyň 50-si berildi. Ak reňkli täze taksileriň müşderilere hyzmat edip başlamagy bilen 100-e golaý täze iş oruny hem peýda boldy. Bu iş orunlary iki smena üçin niýetlenen" diýip, habarçy 28-nji dekabrda aýtdy.

Bu barada döwlet gözegçiligindäki metbugat serişdelerinde häzirlikçe maglumat göze ilmeýär. Ýöne Ministrler Kabinetiniň şu ýylyň 23-nji sentýabrynda geçirilen mejlisinde “Türkmenawtoulaglary” agentliginiň “Toyota Сorolla” kysymly ýeňil taksi awtoulaglarynyň 150-sini satyn alandygy yglan edilipdi.

Ýatlatsak, Azatlyk Awazadaky döwlet taksileriniň könelişendigi we olarda taksometrleriň ýokdugy barada geçen tomus aýlarynda birnäçe gezek habar berdi. Sürüjiler taksi ulaglaryny öz hasaplaryna abatlap, ätiýaç şaýlaryny hem öz hasaplaryna satyn alýandyklaryny aýtdylar.

"Häkimiýetler taksileriň tehniki ýagdaýlaryny öwrendiler we şondan soňra sebite täze taksiler iberildi" diýip, habarçy belledi.

2007-2010-njy ýyllarda öndürilen “Hyundai Elantra” kysymly öňki sary taksiler indi Awaza goýberilmeýär. Häzir bu taksiler Türkmenbaşyda müşderilere hyzmat edýärler.

Ýöne bu taksileriň sürüjileri gündelik plan borçnamanyň aşa ýokarydygyny we ony dolup bilmeýändiklerini aýdýarlar. Olar munuň sebäbini Türkmenbaşyda bäsdeşleriň, ýagny hususy taksileriň köpdügi bilen düşündirýärler.

"Sary taksileriň sürüjileri gündelik 350 manat plan borçnamany ýerine ýetirmeli. Ýöne şäher ýaşaýjylarynyň köpüsi hususy taksilerden peýdalanýarlar. Muňa hususy taksi ulaglarynyň arzan bolmagy bilen bir hatarda, olaryň täze we arassa bolmagy hem täsir ýetirýär. Köp müşderi köne taksilere münmek islemeýär" diýip, taksi sürüjisi aýtdy.

Onuň sözlerine görä, köp sürüji döwlet taksilerine berilýän "benzin talonlaryny" satyp ýa-da müşderilerden aşa köp pul sorap, gündelik plan borçnamasyny ýapýar.

"Sürüjileriň arasynda gündelik plany dolmak üçin myhmanhanalara gelýän erkek myhmanlara ten söwdasyny edýän gyzlary tapyp berip, goşmaça gazanç edýänler hem bar. Kärhana ýolbaşçylary gündelik plany dolup boljakdygy ýa bolmajakdygy bilen gyzyklanmaýarlar. Bu bolsa, sürüjileri gazanç etmegiň bikanun ýollaryny gözlemäge iterýär" diýip, sürüji sözüne goşdy.

Azatlyk bu aýdylanlar barada ýurduň çäginde taksi we awtobus hyzmatlarynyň ýola goýulmagyna gözegçilik edýän “Türkmenawtoulaglary” agentliginden kommentariýa alyp bilmedi.

Ýöne Azatlyk müňlerçe manat para berenden soň, işe kabul edilen döwlet taksileriniň sürüjileriniň gündelik plany ýerine ýetirip bilmeýändigi barada ençeme gezek habar berdi. Plany ýerine ýetirip bilmedik sürüjilere işden aýrylmak howpy abanýar.

Sürüjiler gündelik gazançlarynyň güzeran aýlamaga ýetmeýändigini, özleriniň iş güni tamamlanandan soňra artykmaç işläp, goşmaça gazanç etmäge mejbur bolýandyklaryny hem gürrüň berdiler. Olar munuň üçin kärhana ýolbaşçylaryna bikanun tölegi geçirmeli bolýarlar.

Maglumat üçin aýtsak, döwlet taksilerini dolandyrýan sürüjileriň gündelik plan borçnamasy 2020-nji ýylda 110 manada deň bolan bolsa, 2021-nji ýylda 250 manada we 2022-nji ýylda 350 manada ýokarlandyryldy.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Forum

XS
SM
MD
LG