Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Gurbanguly Berdimuhamedow rus mejlisinde çykyş edip, rus diliniň Türkmenistanda sylanýandygyny aýtdy


Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow (çepde) we Russiýanyň Federasiýa Geňeşiniň başlygy (sagda) Walentina Matwiýenko
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow (çepde) we Russiýanyň Federasiýa Geňeşiniň başlygy (sagda) Walentina Matwiýenko

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Moskwa amala aşyrýan resmi saparynyň çäklerinde, 2-nji noýabrda Russiýanyň Federasiýa Geňeşiniň mejlisinde çykyş edip, Türkmenistanda rus diline, edebiýatyna, rus halkynyň medeni we ruhy gymmatlyklaryna uly hormat goýulýandygyny aýtdy.

Türkmenistanyň döwlet habarlar agentligine (TDH) görä, Berdimuhamedow rus parlamentiniň ýokarky palatasynda sözlän sözünde Russiýa bilen Türkmenistanyň arasynda ikitaraplaýyn parlamentara gatnaşyklaryň ösdürilmeginiň, hem-de ykdysadyýet pudagynda strategiki hyzmatdaşlygy pugtalandyrmagyň ähmiýetine üns çekdi.

Saparyň çäklerinde Türkmenistanyň Halk Maslahaty bilen Russiýanyň Federasiýa Geňeşiniň arasynda hyzmatdaşlyk etmek boýunça Parlamentara toparyny döretmek barada ylalaşyga gol çekildi.

Berdimuhamedow öz çykyşynda Türkmenistanda rus dilinde bilim berýän onlarça mekdebiň bardygyny hem-de ýurduň ähli orta we ýokary okuw mekdeplerinde rus diliniň okadylýandygyny aýtdy.

Mundan ozal, 2020-nji ýylyň sentýabr aýynda Azatlyk Radiosynyň habarçylary we garaşsyz neşirler ýurduň orta mekdeplerinde rus dilli klaslaryň ýapylmagy bilen bagly ýagdaýlar barada habar berdi. Bu habarlaryň yz ýany, Russiýanyň Daşary işler ministrligi ýörite beýanat çap edip, rus tarapynyň bu mesele boýunça Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginden düşündiriş sorandygyny mälim etdi.

2021-nji ýylyň noýabrynda Azatlygyň habarçylary ýurduň käbir sebitlerinde çagalar baglarynda körpelere daşary ýurt dillerinde, şol sanda rus dilinde multfilmleriň görkezilmeginiň gadagan edilýändigini habar berdi.

Gurbanguly Berdimuhamedow Russiýanyň Federasiýa Geňeşinde eden çykyşynda rus diliniň ýurduň ähli ýokary we orta mekdeplerinde okadylýandygyny aýratyn nygtap, öňümizdäki ýylyň dowamynda Türkmenistanyň paýtagty Aşgabat şäherinde rus-türkmen uniwersitetiniň düýbüniň tutuljakdygyny aýtdy.

Şeýle-de, türkmen metbugatyna görä, eks-prezident öz çykyşynda GDA-nyň oktýabrda geçirilen sammitinde Arkalaşyga agza ýurtlarda 2023-nji ýylyň “Rus diliniň ýyly” diýlip yglan edilendigini ýatlatdy.

Russiýanyň “Nezawisamaýa gazeta” neşiri 2-nji noýabrda “Aşgabat Moskwa ýakynlaşýar” sözbaşy bilen çap eden makalasynda rus-türkmen gatnaşyklary barada türkmen synçylarynyň garaýyşlaryna orun berdi.

Türkmen syýasatşynasy Kümüş Baýriýewa neşire beren interwýusynda Türkmenistanyň hususan-da oba mekdeplerinde rus dili sapaklarynyň öz meşhurlygyny ýitirýändigini, galyberse-de Türkmenistanda rus dilinde bilim berýän ýeke-täk mekdebiň bardygyny, türkmen paýtagtynda ýerleşýän Puşkin adyndaky bu mekdebiň birnäçe mugallymynyň daşary ýurtlara, şol sanda Russiýa syýahat etmeginiň çäklendirilýändigini gürrüň berdi.

Şeýle-de, syýasatşynas Türkmenistan bilen Russiýanyň arasynda demirýol gatnawynyň ýola goýulmandygyna we uçar petekleriniň gymmat bahasyna ünsi çekdi.

Syýasatşynas zenan neşire beren interwýusynda Türkmenistanda ilat arasynda “rusofobiýanyň”, “rus gorkusynyň” ýokdugyny aýtdy.

Merkezi Aziýa boýunça synçy Serdar Aýtakow “Nezawisamaýa gazeta” neşirine beren interwýusynda Russiýanyň Türkmenistandaky bähbitlerini seljerdi. Aýtakow türkmen gazynyň Ýewropa bazarlaryna iberilmek mümkinçilikleriniň öňüniň alynmagyny hem-de Türkmenistanyň Eýrana we Owganystana geçelge hökmünde üstaşyr mümkinçilikleriniň ugrukdyrylmagyny Russiýanyň bähbitleriniň hatarynda agzady.

Şeýle-de, Merkezi Aziýa boýunça synçy hem rus neşirine beren interwýusynda iki ýurduň arasynda bar bolan infrastrukturanyň tehniki ýagdaýyna ünsi çekip, rus demir ýollarynyň talap edilýän derejelere ýetirilmelidigini aýtdy we “Rus demirýollary” açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň Türkmenistan bilen giň gerimli hyzmatdaşlyga girişendigini ýatlatdy.

Serdar Aýtakow Türkmenistanda mart aýynda häkimiýetiň atadan-ogla geçirilmeginiň Moskwa tarapyndan makullanandygyny aýtdy.

Ýatlasak, Türkmenistanda mart aýynda döwlet baştutany wezipesi Gurbanguly Berdimuhamedowdan Serdar Berdimuhamedowa geçirildi.

Serdar Berdimuhamedow prezident hökmünde özüniň ilkinji resmi daşary ýurt saparyny iýun aýynda Russiýa amala aşyrdy.

Russiýanyň prezidenti Wladimir Putin gysga wagtyň içinde Serdar Berdimuhamedowy “Dostluk” ordeni bilen Gurbanguly Berdimuhamedowy bolsa Dördünji derejeli “Watanyň öňünde bitiren hyzmatlary üçin” diýen orden bilen sylaglady.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Forum

XS
SM
MD
LG