Lebap welaýatynyň Farap etrabynyň 1-nji çagalar bagynda, şeýle-de Dänew we Darganata etraplarynyň iki çagalar bagynda birnäçe terbiýeçi çagalara rus dilinde multfilm görkezilmegi bilen baglylykda işlerinden boşadyldy.
Bilim işgäriniň sözlerine görä, ýaňy-ýakynda Aşgabatdan baran barlagçylar sebitiň bilim we terbiýeçilik edaralarynda barlag geçiripdirler.
“Çagalar baglarynda çagalara rus dilinde multfilm görkezen terbiýeçiler barlagçylar tarapyndan işlerinden boşadyldy. Müdirlere berk käýinç berildi” diýip, bilim bölüminiň işgäri habarçymyza gürrüň berdi.
Bilim işgäri çagalar baglarynda mundan beýläk çagalara ‘diňe türkmen dilindäki multfilmlere tomaşa etdirmek rugsat berilýär’ diýdi.
Galyberse-de, bilim işgäriniň sözlerine görä, mekdebe çenli çagalar edaralarynda bäş ýaşdan uly çagalardan hem-de 1-4-nji synp mekdep okuwçylaryndan daş ýüzünde türkmen binalarynyň ýa-da ahalteke atynyň suraty çekilen surat albomlaryny satyn almak talap edilýär.
Etrap bilim bölüminiň işgäri okuwçylara degişli daşary ýurt film gahrymanlarynyň suratlary çekilen surat albomlarynyň ýerli suratlar bolan albomlar bilen çalşyrylandygyny aýtdy.
“Bu ene-atalar üçin goşmaça çykdajy bolýar” diýip, bir lebap ýaşaýjysy habarçymyz bilen gürrüňdeşlikde aýtdy.
“Hatda ‘depder’ sözi rusça ýazylan bolsa-da çalyşmaly etdiler” diýip, bilim işgäri gürrüň berdi.
Habarçymyzyň maglumatlaryna görä, türkmen häkimiýetleri otly we howa menzillerindäki bildirişleri, galyberse-de uçarlaryň içindäki instruksiýalary hem türkmençeleşdirýärler.
“Iki dilde berilýän bildirişleri hem aýyrdylar, diňe türkmen dilinde bildiriş berýärler” diýip, habarçy aýtdy.
Ýöne Lebap ýaşaýjylary ýurtda her näçe rus diline garşy çäklendirmeler girizilse-de, rus dilli kinolaryň we çagalar üiçn multfilmleriniň ilat arasynda meşhurlyk gazanandygyny aýtdy.
“Her näçe rus diline garşy göreşseler hem türkmen telewideniýesi arkaly multfilm ýa-da kino görýän ýok. Türkmen telekanallary bireýýäm öz tomaşaçylaryny ýitirdi” diýip, bir lebap ýaşaýjysy Azatlyk Radiosynyň habarçysy bilen gürrüňdeşlikde aýtdy.
“Şol sebäpden rus telekanallarynyň heniz hem Lebapda reýtingi ýokary. Çagalar üçin hem ulular üçin hem” diýip, ol sözüniň üstüni ýitirdi.
Bu aralykda, garaşsyz turkmen.news neşiriniň habaryna görä, häkimiýetleriň dil talaby ýurduň kanunçylygyna-da girizilip başlandy.
Neşiriň ýazmagyna görä, Türkmenistanda ýaňy-ýakynda kabul edilen “Poçta aragatnaşygy hakyndaky” kanunyň 26-njy maddasy Türkmenistanyň çäginde iberilýän hatlaryň poçta salgylarynyň döwlet dilinde ýazylmagyny talap edýär.
Şeýle-de, neşire görä, täze kanunçylyk poçta arkaly daşary ýurtlara iberilýän hatlaryň poçta salgysynyň hatyň barjak ýurdunyň dilinde ýa-da Halkara poçta bileleşigi tarapyndan ykrar edilen dillerde ýazylmagyny talap edýär.
Beýleki käbir post-sowet Merkezi Aziýa ýurtlaryndan tapawutlylykda Türkmenistan rus dilini resmi dil hökmünde saklap galmady. 90-njy ýyllaryň başlarynda ýurtda türkmen dili döwlet dili hökmünde ykrar edildi. Munuň yz ýany, ýurtda kiril elipbiýsinden latyn elipbiýine geçildi.
Turkmen.news neşiriniň habaryna görä, Türkmenistanda doly rus dilinde sapak berýän ýeke-täk mekdep bar, galan käbir mekdeplerde rus dilli klaslar hereket edýär.
Şeýle-de, garaşsyzlyk ýyllarynda Türkmenistanda milli azlyklaryň dillerinde, şol sanda özbek dilinde bilim berýän mekdepler çäklendirildi.
Resmiler çagalar baglarynda rus dilindäki multfilmleriň gadagan edilmeginiň sebäpleri barada resmi düşündiriş bilen çykyş etmeýärler.
Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.