Azatlyk Radiosynyň habarçysy Balkan welaýatynyň Türkmenbaşy şäheriniň golaýyndaky gonamçylyklardan merhumlaryň mazar daşlarynyň we demir göznekli haýatlaryň ogurlanýandygyny habar berýär.
Ýurtda giň ýaýran işsizligiň hem-de ykdysady kynçylyklaryň arasynda artýan ogurlyk hadysalarynyň gonamçylyklara çenli baryp ýetmegi şäher ýaşaýjylarynda alada döredýär.
Azatlygyň habarçysyna görä, şäher ýaşaýjylary resmilerden gonamçylyklardaky garawullaryň sanynyň artdyrylmagyny talap edýärler.
Türkmenistanda gonamçylyklarda müjewürler bolýar, olar öwülýäleriň, mazarçylyklaryň goragyna esewarn edýärler. Şeýle-de, müjewürler zyýarathanlara barýan adamlara merhumlaryň ruhuna bagyşlap, aýat-töwür okamak işleri bilen hem meşgullanýarlar.
“Şäher ýaşaýjylary resmilerden, gerek bolsa, gonamçylyklarda garawullaryň sanynyň köpeldilmegini talap edýärler we munuň üçin, zerur bolsa, maddy ýardam bermäge isleg bildirýärler” diýip, Azatlyk Radiosynyň habarçysy gürrüň berdi.
Ýerli ýaşaýjylaryň sözlerine görä, soňky wagtlarda gonamçylyklardan esasan mazarlaryň başyndaky mazar daşlary, granitden ýasalan bellik daşlary, mazarlaryň daşyna çekilen demir haýatlar ogurlanýar.
Şeýle-de, Azatlygyň habarçysy ýerli ýaşaýjylaryň öwülýälerdäki ogurlyk hadysalaryna çydam edip bilmeýändiklerini habar berýär.
“Ýerli ýaşaýjylar ýakyn hossarlarynyň gabyrlarynyň birahat edilmegine, Gabrystan topraklarynyň depelenmegini we mazarlaryň töweregindäki demir haýatlaryň wagşylarça goparylyp alynmagyna çydam edip bilmeýärler” diýip, Azatlyk Radiosynyň habarçysy bir balkanly ýaşaýjynyň sözlerini getirýär.
Azatlyk Radiosynyň habarçysy ilatyň gün-güzeran şertleriniň agyrlaşmagynyň adamlary metjitlerden we gabrystandan ogurlyk etmäge iterendigini habar berýär.
Azatlyk Radiosy Türkmenbaşynyň gonamçylyklaryndan mazar daşlarynyň hem-de demir haýatlarynyň ogurlanýandygy baradaky habarlar boýunça kommentariý sorap, Balkan welaýatynyň häkimligi bilen telefon arkaly habarlaşmagy başardy. Ýöne telefona jogap beren häkimlik resmisi Azatlygyň soraglaryna jogap bermän, dessine telefony taşlady.
“Şähere degip duran gonamçylygyň gündogar böleginde ýerleşýän [...] mazarlardaky mazar daşlarynyň hem-de demir haýatlaryň tas ählisi ogurlanypdyr” diýip, Azatlyk Radiosynyň habarçysy maglumatynyň üstüni ýetirýär.
Onuň sözlerine görä, adamlar köplenç gabrystandaky ogurlyk hadysalary barada ýakynlaryny zyýarata baranlarynda bilip galýarlar.
Azatlyk Radiosynyň habarçylary soňky birnäçe ýyl bäri ýurduň dürli sebitlerinde ýygjamlaşýan ogurlyk we talaňçylyk ýaly jenaýat hadysalary barada yzygiderli habar berip gelýärler.
Türkmenistanyň Içeri işler ministrligi ýurtda jenaýat hadysalarynyň ýokarlanmagyny ne tassyklaýar ne-de inkär edýär.
Şeýle-de, ýurduň içeri işler edaralary jenaýat hadysalary baradaky maglumatlar boýunça halka hasabat bermeýär.
Azatlyk Raidosynyň habarçylary, awgustyň ahyrynda Marynyň Peşanaly geňeşliginde bolan pagta ogurlygy, iýun aýynda Lebap welaýatynyň Darganata etrabynda bolan dizel ogurlygy, aprel aýynda Maryda restoranlaryň birinde bolan iýmit ogurlygy, fewral aýynda bolsa Merw daýhan birleşiginde bolan tigir ogurlyklary barada habar berdi.
Ýöne Azatlygyň habarçylary gabrystanda bolan mazar daşlarynyň ogurlygy barada ilkinji gezek habar berýärler.
Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.
Forum