Türkmen häkimiýetleriniň pandemiýa aladalarynyň arasynda çäkli halkara uçarlarynyň aglabasyny ýurduň esasy karantin zolagy ýerleşýän Türkmenabada gonmaly edeninden bäri, Lebabyň dolandyryş merkeziniň aeroportunyň işgärleri ýokarlandyrylan tertipde işledilýändiklerini aýdýarlar. Azatlygyň Türkmenabadyň halkara aeroportundaky çeşmesi üstümizdäki aýda özlerine ýurda gelýän tutuş uçarlaryň 70% töweregini kabul etmek tabşyrylandygyny, şeýle-de munuň köp sanly bökdençliklere ýol açyp biljekdigini duýdurýar.
“Aeroport häzirki gelýän uçarlary kabul etmekde hem uly kynçylyk çekýär. Hepdäniň dowamynda Türkmenabada Kazan, Dubaý, Frankfurt ugurlarynyň her biri boýunça iki uçar gelýär. Minskden hem bir uçary kabul etmeli bolýar. Mundan başga-da, hepdäniň dowamynda Türkiýeden çarter we kargo-ýük uçarlary gonýar” diýip, aeroportdaky ygtybarly çeşmämiz 5-nji sentýabrda gürrüň berdi.
Onuň sözlerine görä, esasy kynçylyk uçarlara tehniki hyzmaty bermek, ýangyç guýmak, şeýle-de bu zerur işleri eder ýaly hünärmenleriň ýetmezçilik etmegi bilen bagly.
“Esasy kynçylyk kadr ýetmezçiligi. Meselem, bir sürüjä üç işgäriň wezipelerini berjaý etmek tabşyrylýar. Şeýle-de, uçarlara ýangyç daşamak hem uly mesele. Sebäbi ýangyç ýörite çelekli ulaglar bilen aeroportdan 28 km uzaklykda ýerleşýän sebitden daşalýar. Sürüjiler günde 5-10 reýs etmeli bolýarlar. Elbetde, artykmaç iş üçin goşmaça töleg berilmeýär. Arz-şikaýat edip barsaň hem, ‘göwnüňden turmaýan bolsa, arzaňy ýazaý’ diýip, ýüzüňi alyp goýberýärler” diýip, çeşmämiz belledi.
Howpsuzlyk aladalary sebäpli atlandyrylmasyzlygyny we anyk wezipesini aýan etmezligi soran çeşmämiz häkimiýetleriň sentýabr aýynda Türkmenabadyň Halkara aeroportunyň günde azyndan üç halkara reýsi kabul etmeli boljakdyklaryny aýdandyklaryny hem sözüne goşdy.
“Bu aeroport üçin uly synag bolar. Ýokarlandyrylan iş tertibiniň arasynda işgär sanynyň ýiti ýetmezçilik etmegi, kadaly işiň tertibinde nogsanlyklary döretmegi mümkin” diýip, söhbetdeşimiz belledi.
Öz çäginde koronawirus hadysalaryny resmi taýdan hasaba almadyk Türkmenistanyň hökümeti iki ýyl ozal global pandemiýa sebäpli halkara uçar gatnawlaryny çäklendiripdi. Bu sebäpli, müňlerçe türkmenistanly watanyna dolanyp bilmän, daşary ýurtlarda agyr şertlerde galdy.
Azatlyk bilen söhbetdeş bolan türkmenistanlylar käwagt gurnalan çarter uçarlaryna münmek üçin düzülýän resmi sanawlara goşulmak işleriň käbirler üçin aýlara, beýlekiler üçin bir ýyldan hem köp wagta çekýändigini, şeýle-de bu uçarlardan peýdalanyp bilmek üçin daşary ýurtlardaky türkmen resmileriniň 1 müňden 3 müň dollar aralygynda para sorandyklaryny hem gürrüň beripdiler.
Türkmen häkimiýetleri tomsuň dowamynda Dubaý, Kazan we Moskwa ýaly ugurlar boýunça kadaly uçar gatnawlaryny dikeltse-de, türkmen raýatlarynyň has köpdügi aýdylýan Türkiýe ugry boýunça dowamly gatnawlary ýola goýmady.
Türkiýedäki türkmenistanlylaryň, şol sanda Stambulyň halkara aeroportunda geçiren protest çärelerinden soň, türkmen häkimiýetleri çarter uçarlarynyň sanyny artdyrdy. Bu uçar gatnawlarynyň aglabasyny Türkmenabadyň aeroporty kabul edýär we uçarlaryň ýene bir bölegi Türkmenabaşynyň aeroportuna gonýar.
Türkmenistanyň esasy uçar habyna öwrülen Türkmenabadyň Halkara aeroporty 2018-nji ýylyň 26-njy fewralynda açyldy. Her sagatda 500 ýolagçyny geçirmek ukyby bolan, binasy äpet ýyldyzyň şekilinde gurlan aeroport, görnüşiniň özboluşlylygy sebäpli Ginnesiň rekordlar kitabyna hem girizildi.
Şol bir wagtda, aeroportuň resmilerinden işgärleriň goşmaça tölegsiz artykmaç işledilýändigi, şeýle-de artdyrylan halkara gatnawlarynyň arasynda döräp biljek mümkin nogsanlyklar barada kommentariýa almak başartmady.
Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.
Forum