Türkmenistanda aýal-gyzlar gözegçilik we basyş astynda galýar. Jyns deňligini kanun taýdan kepil geçýän ýurtda iş ýüzünde aýallar haksyz görünýär. Türkmen hökümeti aýallara özüne serenjam bermegi, daş sypatyny özüçe saýlamagy, ulag sürmegi gadagan edýärkä, jemgyýetde aýallar babatyndaky şahsy eden-etdilik hem güýçlenýär. Köpçülige mälim bolan soňky wideo türkmen zenanlaryň gündelik durmuşynda zulum pidasy bolýandygyny aç-açan görkezýär.
Gahar-gazaba münen orta ýaşly erkek adam aýaly köpçüligiň öňünde rehimsiz urýar. Adam gygyrýar, paýyş sözlerini gaýgyrmaýar we aldygyndan aýaly urýar we ýere ýykyp depýär. Erkek köşeşip bilmän ýene zenana topulýar. Bu ýagdaý iki ýarym minutlap dowam edýär we jübüdiň jaýdan çykyp gitmegi bilen tamamlanýar. 3-nji awgustda Azatlyk Radiosyna gowşan bu 2,5 minutlyk wideo gözellik salonynda orta ýaşly aýal maşgalanyň ýenjilmegi bilen başlanýar. Wideodan görünişi ýaly bu ýerde ona golaý başga zenan bar, olar gorky we nägilelik bildirýär. Azatlyk Radiosynyň çeşmesi bu wideonyň Köşidäki salonlaryň birinde alnandygyny aýdýar.
Aýal maşgala edilen bu zorlugy görkezýän wideony ilkinji bolup Turkmen.news garaşsyz neşir çap etdi. Neşir okyjylarymyz bu ýagdaýyň Aşgabadyň golaýyndaky Köşi etrabynda bolandygyny öňe sürdüler. "Elitnyň" diýlip atlandyrylýan jaýlaryň birinji gatynda gözellik salonlary we şuňa meňzeş desgalar ýerleşýär diýlip maglumatda bellenýär.
Türkmenistanly zenanlar görk meselesinde soňky aýlarda häkimiýetler tarapyndan berk gysyşlara duçar boldy. Aprel aýynyň başynda görlüp-eşidilmedik derejede güýçlenen gözegçilik netijesinde aýal-gyzlara kosmetika serişdelerini ulanmak, saçny boýamak, manikýur etmek, dar eşik we jeans geýmek gadagan edildi. Ýüzüne boteks etdiren, emeli kirpik oturdan we göwsüni ulaldan zenan maşgalalar polisiýa tarapyndan saklandy, jerimä sezewar edildi, käbir halatlarda işinden kowuldy.
Munuň bilen birlikde güzellik salonlary hem köpçülikleýin ýapyldy soňra çäkli derejede açyldy.
Türkmenistanda adatça köpçülikleýin uzyn köýnek geýýän we ýaglyk atynýan zenanlardan soňky aýlarda köýnekleriň giň bolmagy, milli nagyşly türkmen balagyny geýmek we başyny örtmek talaby-da has güýçlendi.
Iýun aýynyň ortalarynda zenanlaryň görküne gözegçilik olaryň içgi geýimlerine baryp ýetdi. Azatlyk Radiosynyň habarçysynyň 15-nji iýunda beren habaryna görä, hususan-da Türkmenbaşy şäheriniň ençeme döwlet edarasy we aýallar geňeşi işgärlerine dar köýnekli işe barmagy, şeýle hem göwsüni uly görkezýän içgi geýimleri ulanmagy gadagan edipdi.
Türkmen häkimiýetleri bu talaplarynyň sebäplerini dessine resmi taýdan düşündirmedi.
Ilkinji resmi düşündiriş iýun aýynyň ortalarynda peýda boldy. Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Mejlisiniň deputaty Serdar Arazow Türkmenistanda aýallara özüni çekijilik usullaryndan, kosmetologiýa hyzmatlaryndan peýdalanmagynyň gadagan edilmeginiň sebäbiniň "doly sanitariýa maksatlaryna esaslanýandygyny" aýtdy. Arazowyň aýdanlary BMG-niň Merkezi Aziýa ýurtlarynyň Durnukly ösüş maksatnamasy boýunça Almatyda geçirilen sammitine gatnaşan mahalynda özüne berlen sowala jogap boldy.
Gazak metbugatyna görä, türkmen deputaty her bir aýalyň "özüne, öz ýakynlaryna we çagalarynyň geljegine, şonuň üçinem ýurdunyň we jemgyýetiniň geljegi üçin jogapkärçilikden habarly bolup ýaşaýandygyny" hem belläpdir.
Bellemeli ýeri, türkmen häkimiýetleri zenanlara soňky gözegçiligini "ahlak" ugruna hem gönükdirdi. Köçede öz adamsy bilen el tutuşyp ýörän zenanlar polisiýa tarapyndan saklandy we ahlak terbiýesi hakyndaky leksiýalary diňlemäge mejbur edildi. Zenanlara awtoulaglaryň öňdäki ýolagçy oturgyjynda bolmak gadagan edildi.
Türkmenistanyň BMG-niň Aýallar geňeşiniň üç ýyllyk agzalygynyň birinji ýylyna gabat gelen bu basyşlar Türkmenistanda häkimiýetiň çalyşmagynyň we 40 ýaşlaryndaky Serdar Berdimuhamedowyň täze prezident bellenmeginiň yzýanyna gabat geldi. Käbirler zenanlara gözegçiligi prezidentiň aşa konserwatiw garaýyşlary bilen düşündirdi.
Aýallaryň daş-keşbine gözegçilik meselesi henizem hökümetiň üns merkezinde galýar. Habarçylaryň 1-nji awgustda beren maglumatlaryna görä, ýaňy-ýakynda zenanlaryň daş keşbi meselesi häkimiýetleriň Mary welaýatynyň dindarlary bilen geçiren ýörite ýygnaklarynda hem gozgaldy. Milli howpsuzlyk ministrliginiň işgärleriniň gatnaşmagynda geçirlen ýygnaklarda din wekillerinden il içinde edýän wagyzlarynda, hususan-da, aýal-gyzlaryň dar köýnek geýmezligine we kosmetika ulanmazlygyna ündemek talap edilipdir.
Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.
Forum