Türkmenistanyň häkimiýetleriniň aýal-gyzlara gözegçiligi we köp sanly gadaganlygy adam hukuklary boýuça halkara guramalarynyň ünsüni özüne çekdi. Maşgalany planlaşdyrmak boýunça halkara federasiýasy (IPPF), soňky bir aýyň dowamynda türkmen hökümetiniň girizen gadaganlyklary barada çap eden synynda ýurtda abortyň tas doly gadagan edilendigini aýdyp, halkara jemgyýetçiligini Türkmenistanda aýal-gyzlaryň hukuklaryna edilýän gödek hüjümlere garşy çäre görmäge çagyrýar.
"Türkmenler täze bellenen prezident Serdar Berdimuhamedowyň öz kakasyndan has progressiw bolmagyny umyt edipdiler, ýöne olar berk ýalňyşdylar. 2022-nji ýylyň aprel aýyndan bäri hökümet aýal-gyzlaryň bedenlerine gözegçiligi täze derejä çykardy: abort etmegi de-fakto gadagan etmek, birnäçe kosmetiki hyzmatlara gadaganlyk girizmek, aýallaryň hususy awtoulaglaryň öňündäki oturgyçlarynda oturmagyny gadagan etmek we erkek taksi sürüjileriniň öz ulaglarynda aýal-gyzlary daşamagyny kynlaşdyrmak ýaly çäklendirmeleri girizdi"- diýip, IPPF ýazýar.
Synda Türkmenistanda çaga düşürtmek üçin rugsat berilýän möhletiň 12 hepdeden bäş hepdä çenli azaldylandygy aýdylýar we ýurtda abort hyzmatlarynyň elýeterlilik meselesinde aýratyn durulýar.
"Bir gijede hökümet jemgyýetçilige sala salmazdan 2015-nji ýylda kabul edilen kanuny yglan etdi, aslynda ol kabul edildi we gizlin neşir edildi" diýip, IPPF belleýär.
Hasabatda bellenişi ýaly, bu kanun aborty iş ýüzünde tas doly gadagan edýär, sebäbi aýallaryň köpüsi göwreliliginden 5-nji hepdesinde bihabar bolýar. "Netijede aýallar azap çekmeli bolýarlar, käbirleri göwreliligini öz islegine garşy dowam etdirmäge mejbur bolýarlar, beýlekiler bolsa, möhüm lukmançylyk kömegini almak üçin sistemanyň içinden geçip, lukmançylyk komitetinden rugat almaly bolarlar, bu işi gijikdirýär we zenanlary has uly töwekgelçilige salýar" diýlip, maglumat şeýle dowam etdirilýär:
"Komitet, maşgala ýagdaýy bilen ýakyndan baglanyşykly sosial sebäplere görä (mysal üçin, äriniň ölen halatynda, jübüt aýrylyşanda, şeýle hem zenan zorlanan halatynda) 5 hepdeden soň prosedurany tassyklamak kararyna gelip biler. Şeýle ýagdaýda abort etdirip bilmeýän zenanlar bikanun amal edip biljek lukmany gözlemäge mejbur edilip bilner, köplenç bu örän gymmada düşýär" diýlip, maglumatda aýdylýar we "aýylganç hakykatyň abort meselesini çäklendirýän ýurtlarda ýaşaýan aýal-gyzlaryň ölmek töwekgelçiliginiň has ýokarydygy, sebäbi göwreliligiň saýlamak mümkinçiligini talap edýän möhüm lukmançylyk hadysadygy" bellenýär.
Maşgalany planlaşdyrmak boýunça halkara federasiýasynyň hasabatynda "aýallaryň önelge ukybyna degişli bu zulum köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde mahabatlandyrylýar aýallary sekiz çagaly bolmaga çagyrýan wagyz-nesihatlar öňe sürülýär, şeýle hem gatnaşyklar we jyns barada terbiýe berilmeýär" diýlip aýdylýar.
"Mundan başga-da, aýallaryň 50% -ine göwreliligiň öňüni alyş serişdeler elýeterli däl, şeýle-de soňky geçirilen barlagda aýallaryň 60% -iniň saglygy goraýyş, göwreliligiň öňüni alyş we jyns gatnaşyklaryna razylyk ýaly meseleler boýunça garaşsyz karar edip bilmeýändigi anyklandy" -diýlip, hasabatda aýdylýar.
Synda zenanlaryň önelge ukybyna görkezilýän zorlugyň "zyýanly jyns stereotiplerine" we gözegçilige esaslanýandygy bellenýär.
"Aýallar diňe çaga dogurmak, sagdyn watançylary terbiýelemek we şeýlelik bilen däp bolan maşgala gymmatlyklaryny gorap saklamak ukyby üçin gymmatlanýar" diýip, IPPF belleýär.
Şeýle hem maglumatda, Türkmenistanda aýal-gyzlara ikinji derejeli raýatlar ýaly garalýandygy, ýurduň adam hukuklary babatyndaky ýagdaýynyň elhençdigini görkezýän maglumatlaryň bardygyny bellenýär.
"Aýal-gyzlar yzygiderli beden özbaşdaklygyndan mahrum edilýär, olar jyns taýdan zorluga, gyzlyk synaglaryna sezewar edilýär, zor bilen nikalaşýarlar we çilim satyn almak, sürüjilik şahadatnamasyna eýe bolmak ýaly zatlardan marum bolýar" diýlip, hasabatda UNISEF-iň we TürkmenStat-yň maglumatlaryna salgylanyp, Türkmenistanda 15-49 ýaş aralygyndaky aýallaryň 59% -iniň äriniň aýalyny urmaga hukugynyň bardygyny aýdýandygy bellenýär.
Maşgalany planlaşdyrmak boýunça halkara federasiýasynyň Ýewropa boýunça bölümi Ýewropa Bileleşigini, oňa agza döwletleri we beýleki halkara guramalaryny öz ygtyýaryndaky ähli gurallary we syýasatlary, şol sanda ÝB-niň gender meseleleri boýunça Hereket planyny ulanmaga çagyrýar we türkmen aýal-gyzlarynyň jynsy saglygyny we önelge ukybyny hem hukuklaryny goldamaga çagyrýar.
Ýewropanyň we Merkezi Aziýanyň 40-dan gowrak ýurdunda işleýän bu gurama, Türkmenistanda maşgaladaky zorluk barada kanunyň ýokdugyny, maşgaladaky zorlugyň öňüni almak üçin mehanizmleriň we milli maksatnamalaryň hem ýokdugyny belleýär.
Hasabatda "bularyň hemmesi aýallaryň goldawa garaşjak ýerleriniň ýokdugyny we olaryň dymmakdan hem-de zorluga çydam etmekden başga çykalgasynyň ýokdugyny görkezýär" diýilýär.
Şeýle-de, IPPF Türkmenistanyň döwlet edaralarynyň aýallaryň saglygy we jyns taýdan deňligi bilen baglanyşykly statistika bermeýändigini belleýär we BMG-niň aýallar boýunça edarasynyň maglumatlaryna salgylanyp, “Durnukly ösüş maksatnamasynyň gender meselesine gözegçilik etmek üçin 2020-nji ýylyň dekabrynda zerur görkezijileriň diňe 20,6% -i elýeterlidi" diýilýär.
Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.