Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Lebapda ýangyç gytçylygy emele geldi


Türkmenistanda ýangyjyň bahalaryny görkezýän tablisa. Arhiwden alyndy. 2015-nji ýyl.
Türkmenistanda ýangyjyň bahalaryny görkezýän tablisa. Arhiwden alyndy. 2015-nji ýyl.

Ýangyja baý Türkmenistanyň Lebap welaýatynyň ýangyç beketlerinde dizeliň we A80 markaly benziniň gytçylygy emele geldi. Bu barada Azatlyk Radiosynyň habarçysy sebitden maglumat berýär.

Awtoulag sürüjileri dizel ýangyjyny satyn almak üçin beketleriň öňünde ulag nobatlaryny emele getirýärler.

“Häzir Lebap welaýatynyň ýangyç guýulýan beketlerinde dizel ýangyjy tapdyrmaýar” diýip, bir lebaply awtoulag sürüjisi Azatlyk Radiosynyň habarçysyna gürrüň berdi.

Onuň sözlerine görä, adamlar beketlere dizel ýangyjy getirilmezden 3-4 sagat öň nobata durup başlaýarlar.

“Beketlere dizel ýangyjy gelen badyna dessine gutarýar” diýip, ýerli ýaşaýjy aýtdy.

Bu aralykda, ýangyç beketlerinde 80 markaly benzin hem satuwdan ýitipdir. Benziniň bu görnüşiniň elýetersiz bolmagy ýük ulag sürüjilerine zyýan ýetirýär.

“Ýangyç beketlerinde diňe 92-lik we 95-lik benzin bar. 80-lik benziniň satuwdan ýitmegi ýük ulag sürüjilerini zyýana goýýar” diýip, bir ýerli ýaşaýjy habarçymyza aýtdy.

Ýük ulag sürüjileri 80-lik benziniň 92-lik we 95-lik benzin bilen deňeşdirilende has arzandygyny, şol sebäpden 92-lik benzin satyn almagyň özlerine maddy taýdan zyýan ýetirýändigini aýdýarlar.

Galyberse-de, agyr ulaglaryň has köp ýangyç sarp etmegi, şol bir wagtda arzan benziniň elýetersiz bolmagy ýük ulag ulag sürüjeleriniň gündelik işine oňaýsyz täsir edýär.

“80-lik benzin bilen 92-lik benziniň bahasynyň tapawudy uly” diýip, ýerli ýaşaýjy aýtdy.

Galyberse-de, ýangyç ýetmezçiligi hususy ýük ulaglarynda kireý edýän sürüjileriň eklenjine-de ýaramaz täsir etdi.

Dowam edýän ýangyç gytçylygynyň arasynda ýangyç guýujy beketleriň işgärleri 80-lik benziniň satuwdan aýrylmagynyň sebäpleri barada özlerinde hiç hili maglumatyň ýokdugyny aýdýarlar.

“Biz hem şonuň sebäbini bilmedik” diýip, bir ýangyç guýujy stansiýanyň işgäri Azatlygyň habarçysy bilen gürrüňdeşlikde aýtdy.

Döwlet mediasy ýangyç gorlaryna baý Türkmenistanda dizel ýangyjynyň we A80 markaly benziniň gytçylygy barada habar bermeýär.

Türkmenistanda Seýdiniň we Türkmenbaşynyň nebiti gaýtadan işleýän zawodlary, şeýle-de Ahal welaýatynda tebigy gazdan benzin öndürýän zawodlar toplumy hereket edýär.

2019-njy ýylyň iýunynda Ahal welaýaynyň Owdandepe şäherçesinde bahasy 1,7 millard dollara barabar tebigy gazdan benzin öndürýän zawod işe girizildi.

Türkmenistanyň döwlet habarlar agentligi bu zawodyň her ýyl 600 müň tonna ECO-93 benzinini, 12 müň tonna dizel ýangyjyny we 115 müň tonna suwuklandyrylan gazy öndürmäge ukyplydygyny habar berdi.

Türkmenistanda A95 benziniň bahasy 2018-nji ýylyň 1-nji fewralynda 1 manatdan 1,5 manada gymmatlady.

Bütindünýä bankynyň maglumatlaryna görä, 2008-2014-nji ýyllar aralygynda Türkmenistanda 1 litriň benziniň bahasy 80 teňňe töwereklerinde saklanyp galdy. 2016-njy ýylda 1 litr benzin 1 manada ýokarlandy. 2018-nji ýylda bu baha 1,5 manada çykdy.

GlobalPetrolPrices.com neşirine görä, 1 litr dizel ýangyjy Türkmenistanda 1 manat 35 teňňeden bahalanýar. Munuň bilen Türkmenistan iň arzan dizel satmakda dünýäde Kuweýtden soň sekizinji orunda durýar.

Galyberse-de, Türkmenistanda soňky günlerde emele gelen dizel gytçylygy onuň daşary ýurtlara eksportynyň giňeldilýän wagtlaryna gabat gelýär.

Ýatlasak, Gyrgyzystanyň prezidenti Sadyr Japarow Türkmenistandan elektrik energiýasyny we tebigy gazy import etmek barada noýabryň başynda eden çykyşynda türkmen benzininiň we dizel ýangyjynyň eýýäm Gyrgyzystanyň çägine getirilip başlanandygyny mälim edipdi.

Geçen hepde Biznes Türkmenistan neşiri Seýidiniň nebiti gaýtadan işleýän zawodynda ýylyň başyndan bäri 135 müň tonna töweregi benzin öndürilendigini habar berdi.

Şeýle-de, neşir noýabryň başynda Türkmenbaşynyň nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynyň dizel ýangyjyny arassalaýyş desgasynyň enjamlaryny gurnamak we bejermek üçin tender yglan edilendigini habar berdi.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

XS
SM
MD
LG