Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Lebapda ýaşyl döwlet belgili ýeňil ulaglar saklanýar


Polisiýanyň ýol gözegçiligi gullugynyň ulagy. Illýustrasiýa suraty.
Polisiýanyň ýol gözegçiligi gullugynyň ulagy. Illýustrasiýa suraty.

Türkmen häkimiýetleriniň ýaşyl döwlet belgili awtoulaglara garşy alyp barýan kampaniýasy Lebap welaýatyna hem ýetdi. Mundan öň, Azatlygyň habarçylary Polisiýanyň ýol gözegçiligi gullugynyň (PÝGG) Aşgabatda we Balkanyň dolandyryş merkezi Balkanabatda ýaşyl döwlet belgili ulaglary köpçülikleýin saklap, jerime duralgasyna äkidýändigi barada habar beripdiler. Çeşmelerimiz şonda ýaşyl döwlet belgili ulaglaryň şu wagta çenli ýol polisiýasynyň "aýratyn eglişiginden" peýdalanyp gelendiklerini belläpdiler.

“Soňky günlerden bäri Lebapda ýol polisiýasy ýaşyl belgili ulaglary saklap, olary içgin barlaýar. Eger-de ulag döwlete däl-de, hususy kärhana degişli bolsa, ol dessine polisiýanyň jerime duralgasyna äkidilýär. Polisiýa sebäbini düşündirmeýär we bu hereketlerini delillendirip biljek hiç hili dokument hödürlemeýär. Türkmenabadyň jerime duralgasyna eýýäm onlarça ulag eltildi” diýip, bu ýagdaýlary başdan geçiren ýerli ýaşaýjylaryň biri 31-nji maýda habarçymyza gürrüň berdi.

Ol Lebapda döwlet edaralaryndan daşary, 50-ä golaý dürli hususy firmalaryň hasabyndaky ulaglaryň hem ýaşyl döwlet belgilerini ulanýandygyny, emma polisiýanyň häzir bu görnüşli diňe ýeňil ulaglary nyşana alýandygyny belledi.

“Polisiýa hususy gurluşyk kärhanalaryna degişli ýaşyl belgili ýöriteleşdirilen awtoulaglary, şol sanda ýük ulaglary, kranlary dagy saklamaýar” diýip, howpsuzlyk aladalary sebäpli şahsyýetini aýan etmezligi soran söhbetdeşimiz sözüne goşdy.

Azatlyk häkimiýetleriň iri şäherlerdäki ýaşyl döwlet belgili ulaglary köçelerden ýygnamagynyň sebäpleri barada ne Içeri işler ministrliginden, ne-de Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginden resmi jogap alyp bildi.

Şol bir wagtda, Azatlygyň habarçylary bilen anonimlik şertinde gürleşen PÝGG işgärleri bu çäreleriň sebäpleriniň özlerine hem doly aýdyň däldigini nygtap, munuň bilen bagly öz sebitlerinde öňe sürülýän käbir çaklamalary gürrüň berdiler.

Lebapdaky birnäçe polisiýa işgäriniň aýtmagyna görä, Aşgabatda hususy kärhana degişli ýaşyl döwlet belgili ulaglaryň biri uly köçe-ýol hadysasyna uçrapdyr, mundan soň hem, bu görnüşli ýeňil ulaglary köçelerden ýygnamak barada tabşyryk berlipidir.

Atlandyrylmasyzlygyny soran polisiýa işgärleri şu wagta çenli ýaşyl döwlet belgili ulaglara has eglişikli çemeleşmeli bolandyklaryny, sebäbi olaryň arasynda häkimlige, dürli ministrliklere degişli ulaglaryň hem bolandygyny, olary bolsa köçelerde saklamazlyk barada dilden görkezme berlendigini aýtdylar.

Balkanabatdaky habarçymyz bilen söhbetdeş bolanlaryň beren maglumatlaryna görä, ýedi ýyl töweregi mundan ozal Türkmenistanda hususy firmalara degişli ýeňil awtoulaglara we ýük ulaglara ýaşyl döwlet belgisiniň dakylmagyna kanun esasynda rugsat berlipdir, ýöne bu karar soňy bilen ýatyrylypdyr. Munuň netijesinde-de, indi firmalardaky telekeçilere degişli awtoulaglaryň ählisiniň döwlet belgisiniň ak reňkde bolmagy talap edilip başlanypdyr.

Bellesek, bular diňe ýol polisiýasynda işleýän söhbetdeşlerimiziň öz aralaryndaky çaklamalary bolup, bular ulaglar babatyndaky soňky gadagançylygyň aňyrsyndaky duran sebäpleri şöhlelendirmän biler.

Dünýäniň iň bir ýapyk ýurtlarynyň biri bolan Türkmenistanyň döwlet edaralaryndan anyk resmi maglumaty almak, adatça, tas mümkin däl diýen ýaly.

Soňky aýlarda ýurt boýunça ýol hereketine gözegçilik has-da güýçlendirildi. Ýurduň administratiw hukuk bozulmalary hakyndaky kodeksine üýtgetmeler we goşmaçalar girizilip ýol hereketini bozmakda aýyplanýan adamlara salynýan jerimeler birnäçe esse artdyryldy.

Türkmenistanyň hökümeti dilden görkezme esasynda ýurduň çäginde hereket edýän awtoulaglaryň hatda reňkini hem kesgitleýär.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

XS
SM
MD
LG