Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Aşgabatda Halk Maslahatynyň geçýän wagtynda azyk 'bolçulygy' döredildi we 'artyk' çörek satyn alanlar saklandy


Hasyl baýramy mynasybetli guralan azyk sergisi. Aşgabat, noýabr. 2021-nji ýyl (illýustrasiýa suraty)
Hasyl baýramy mynasybetli guralan azyk sergisi. Aşgabat, noýabr. 2021-nji ýyl (illýustrasiýa suraty)

Türkmenistanyň häkimiýetleri çörek ýetmezçiligi meselesini çözmegiň ýerine, iki gezek nobatda durmaga we rugsat berlenden biraz artyk nan satyn almaga synanyşýan raýatlary yzarlamagy dowam etdirýärler. Bu aralykda, 11-nji fewralda, Halk Maslahatynyň nobatdan daşary mejlisiniň geçýän güni, döwlet dükanlarynda azyk önümleri birden köpeldi we bahalar arzanlady.

Azatlyk Radiosynyň habarçysynyň sözlerine görä, polisiýa Aşgabatda çörek satuwyna gözegçilik edýär. 11-nji fewralda irden Bagtyýarlyk etrabynyň döwlet dükanlarynda polisiýa işgärleri ikinji gezek çörek satyn almak üçin gaýtadan nobata durmaga synanyşan raýatlary gözläp tapdylar we polisiýa bölümine alyp gitdiler.

Döwlet dükanlarynda her adama üçden köp çörek satylmaýar. Ýüzlerçe adama ýetýän nobatlar, satuwyň başlanmagyndan birnäçe sagat öň döreýär. Çöregiň çäklendirilip, satylýandygyna garamazdan, hemmä çörek ýetmeýär.

Ýaňy-ýakynda çörek ýetmezçiligi Aşgabadyň Berkararlyk etrabynda alyjylaryň nägileligine sebäp boldy. 9-njy fewralda irden çörek satylanda "Bereketli" bazaryndaky dükanyň aýnasy döwüldi. Şaýatlar nobatda duran adamlaryň ýarysynyň çörek satyn alyp bilmändigini aýtdylar. Gaharlanan adamlar nägilelik bildirip, aýnany döwüpdir.

Döwlet eýeçiligindäki dükanlarda çörek döwlet tarapyndan kesgitlenen bahadan 1,2 manatdan satylýar. Her adama üç çörekden köp satylmaýar. Hususy dükanlarda satylýan çöregiň hili has ýokary bolup, bahasy hem birnäçe esse gymmat.

Bu aralykda, 11-nji fewralda Aşgabadyň döwlet dükanlarynda harytlaryň görnüşleri adatdakysyndan köpeldi we bahalar has arzan goýuldy.

Mysal üçin, Magtymguly köçesindäki 14-nji dükanda ösümlik ýagynyň litri 32 manada, kartoşkany bir kilogramy 5 manatdan satyldy. Habarçynyň sözlerine görä, bu baha arzanladylan hasaplanýar, sebäbi ösümlik ýagy adatça 38 manada durýar. Şol bir wagtyň özünde, dekabr aýynda ýagyň subsidirlenen ýa-da arzanladylan bahasy 10 manatdy.

Habarçy nyrhlaryň birden arzanladylmagynyň paýtagtyň ýaşaýjylaryny geň galdyrandygyny belleýär: "Alyjylar gaty geň galdy, sebäbi öň önümleriň şeýle görnüşleri we bahalary ýokdy. Adamlar muny şu günki ýygnak bilen baglanyşdyrýarlar. Adamlar bu bolçulygyň geňeşiň maslahatynyň ýapylmagy bilen gutarjakdygyna düşünýärler".

11-nji fewralda Türkmenistanda ýurduň esasy kanun çykaryjy organy Halk Maslahatynyň nobatdan daşary ýygnagy geçirilýär. Prezidentiň ýolbaşçylygyndaky bu edara geçmişde döwlet baştutanynyň ygtyýarlyklaryny giňeltmek we ilatyň ýaşaýyş derejesiniň ep-esli peselmegine sebäp bolan döwlet ýeňilliklerini ýatyrmak barada ençeme karar çykarypdy.

Ýurtda görlüp-eşidilmedik ykdysady krizisiň fonunda bolup geçýän häzirki maslahatyň gün tertibinde garaljak meseleler köpçülige öňünden mälim edilmedi. 2017-nji ýylyň güýzünde dörän azyk krizisi we işsizlik pandemiýa döwründe hasam erbetleşdi.

Şu günki gün sebit merkezlerinde-de bahalar garaşylmadyk ýagdaýda peseldi.

11-nji fewralda Türkmenabadyň bazarlarynda et, köke, süýji, margarin we hojalyk üçin himiki serişdeler arzanlady. Etiň bir kilogramy 60 manada satyldy, ýurduň içinde öndürilen süýjüleriň bir kilogramy 40 manatdan 25 manada düşdi. Bahalar ortaça 10-dan 40% çenli arzanlady. Bu barada 11-nji fewralda Azatlygyň Türkmenabatdaky habarçysy habar berdi.

Türkmenabatda bahalaryň arzanlamagy daşary ýurtlardan getirilýän önümlere, şol sanda Özbegistandan, Türkiýeden we Eýrandan import edilen azyk önümleriniň nyrhyna täsir etmedi. Alkogolyň we çilimiň bahasy üýtgemedi.

Öňki ýyllardan tapawutlylykda, şu wagt çilim köp ýerde satylýar, çilim gytçylygy aradan aýrylyp, her gutusynyň bahasy 55 manatdan görkezilýär. Emma köp adam her sanysy 3 manatdan bir-birden satylýan çilimi köplenç alýar. Habarçynyň sözlerine görä, pul ýetmezçiligi muňa sebäp bolýar.

Rus dilinde hem okaň

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

XS
SM
MD
LG