Türkmenistanda çörek ýetmezçiligi, dawa-jenjellere, şol sanda alyjylaryň we satyjylaryň arasynda çaknyşyklara sebäp bolýarlar. Aşgabatdaky döwlet dükanlarynyň birinde çörek ýetmezçiligi müşderileriň güýçli nägileligine sebäp boldy, netijede dükanyň aýnasy döwüldi.
9-njy fewralda irden çörek satylanda "Bereketli" bazarynda ýerleşýän döwlet dükanynyň aýnasy döwüldi. Şaýatlaryň Azatlyk Radiosyna aýdyşy ýaly dükanyň galyň aýnasy bilkastlaýyn döwülipdir.
"Irden, hemişe bolşy ýaly, çörek paýlanylandan soň nobatda duranlaryň köpüsine çörek ýetmedi. Nägilelik görkezen raýatlar aýnany döwüp, döwlet emlägine zeper ýetirip başladylar" diýip, şaýatlaryň biri aýtdy.
Birnäçe şaýadyň sözlerine görä, daňdan sagat dörtde 100-den gowrak adam dükanyň daşynda nobata durupdyr. Çörek çalt gutaransoň çöreksiz galan adamlar gaharlanyp başlapdyr. Dawa başlananda çörek satyn almagy başaranlaryň köpüsi gidipdir we dükanyň ýanynda 60 töweregi adam galypdyr.
Şaýatlaryň aýtmagyna görä, çörek satyn alyp bilenler, galanlary köşeşdirmäge synanyşypdyrlar. Käbirleri: "Ertir has irräk geliň, satyn alyp bilersiňiz, bizem düýn alyp bilmedik" diýseler, bu sözler nägile bolanlary köşeşdirmändir. Olar: “Ertir satyn alarsyňyz diýmek aňsat, ýöne şu gün näme, aç galmalymy? Çagalara näme, çöregi ertir iýersiňiz, bu gün sabyr ediň diýmelimi?! Bizi köşeşdirmäň, näme etmelidigimizi bilýäris "diýip jogap beripdir.
Çörek satyn alanlaryň we alyp bilmänleriň arasynda başlanan dawa dükanyň satyjylaryna ýetipdir.
"Satyjylaryň çörek ýetmezçiligi meselesini çözüp bilmejekdigine göz ýetiren alyjylaryň biri dükanyň witrinasyny döwdi" diýip, şaýatlaryň biri gürrüň berdi.
Dükanyň işgärleri märekäni dargatmak üçin polisiýa jaň etdiler. Polisiýa gelmezden ozal adamlar dargadylar. Bu ýagdaýyň bolan ýerine baran polisiýa topary günäkärleri anyklamak üçin derňew işine başlady. Ilki bilen sebite wideo gözegçilik guralynyň ýazgylary talap edildi. Bu barada Azatlygyň habarçylary gürrüň berdi.
Olaryň sözlerine görä, "Bereket" bazarynyň çäginde ýerleşýän dükan Söwda ministrliginiň garamagynda. Azatlyk Radiosy ministrligiň resmilerinden we dükanyň ýolbaşçylaryndan düşündiriş alyp bilmedi.
Türkmenistanda çörek ýetmezçiligi gün-günden dowam edýär.
Her gün ýüzlerçe adam çörek almak üçin ençeme sagatlap nobata durýarlar we her gün adamlaryň ýarysyndan gowragy öýlerine boş gaýdýarlar.
"Adamlar un we çörek ýetmezçiligi meselesini çözmegi başarmaýan ýa-da islemeýän biperwaý häkimiýetlerden bizar boldular. Raýatlar häkimiýete täsir etmegiň başga ýollaryny görmän, döwlete maddy taýdan zyýan ýetirýärler" -diýip, dükanda bolan wakanyň şaýady aýdýar.
Häzirki wagtda Aşgabatda çörek nobatlary gije başlanýar. Her gün gije sagat 3-de, döwlet dükanlarynyň daşynda onlarça adamy görmek bolýar. Birnäçe sagatdan soň satylyp başlanýan çörek ýarym sagadyň içinde gutarýar.
Bu agyr ýagdaýda ýaşaýjylar bir-birine raýdaşlyk görkezýärler, dükanlarda nobatçylyk edýärler.
"Goňşular gezekleşýärler. Biri sagat üçde nobat alýar, galanlary 5-de gelýär. Ertesi gün beýlekiler nobata durýarlar" -diýip habarçymyz aýdýar.
Aşgabatda çörek satyn almak üçin gijeki nobatlar ýylyň başyndan bäri dowam edýär. Çörek ýetmezçiligi ýurtda 2017-nji ýylyň güýzünden bäri saklanýar.
Döwlet dükanlarynda çörek, döwlet tarapyndan subsidirlenen bahadan 1,2 manatdan satylýar. Adam başyna üçden köp satylmaýan çörek tiz gutarýar. Köplenç çöregiň ýetmezçiligi dawalara sebäp bolýar. Bazarlarda çöregiň bahasy we hili has ýokary bolýar.
Ýurduň häkimiýetleri krizisiň bardygyny resmi taýdan ykrar etmeýärler.
Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.