Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Londonda "gazak kleptokratlaryna" — Nazarbaýewler maşgalasyna hem onuň ýakynlaryna garşy sanksiýalara çagyryş edilýär


Dariga Nazarbaýewa (çepde), Gazagystanyň öňki prezidentiniň gyzy hem-de Timur Kulibaýew, eks-prezidentiň giýewi – Britaniýanyň parlamentinde korrupsiýa garşy sanksiýa girizmek meselesinde, olaryň we beýleki maşgala agzalarynyň atlary geçýär.
Dariga Nazarbaýewa (çepde), Gazagystanyň öňki prezidentiniň gyzy hem-de Timur Kulibaýew, eks-prezidentiň giýewi – Britaniýanyň parlamentinde korrupsiýa garşy sanksiýa girizmek meselesinde, olaryň we beýleki maşgala agzalarynyň atlary geçýär.

Deputat Margaret Hoj (Margaret Hodge) 3-nji fewralda Britan parlamentiniň mejlisinde, Gazagystanyň "kleptokrat elitasy" (“ýokary ogrular hökümeti”) “halkdan ogurlanan "pullardan” baýamak bilen ony “daşary ýurtlarda ýuwdular" diýip çykyş etdi. Ol Londony öňki prezident Nursoltan Nazarbaýewiň maşgala agzalaryna we töweregindäki oligarhlara garşy sanksiýalar girizmäge çagyrdy hem-de Beýik Britaniýanyň korrupsiýany äsgermezlik etmeli däldigini aýtdy.

Gazagystanda ýanwar aýynda bolup geçen wakalar azyndan 227 adamyň ölümine sebäp boldy, bu ýagdaý Angliýany oýlanmaga mejbur edýär. Sebäbi Merkezi Aziýa döwleti bolan "kleptokrat elitanyň" "hapa pullarynyň" ýuwulmagyna Londonyň goşant goşandygy baradaky mesele ünsi çekýär. “Ol pullar halkdan ogurlandy” diýip, Zähmet partiýasynyň agzasy Margaret Hoj britan parlamentinde 3-nji fewral agşamy eden çykyşynda aýtdy. 18 minutlyk çykyşynda, Gazagystandaky tanymal atlary – Gazagystanyň öňki prezidenti, onuň maşgala agzalarynyň hem oňa ýakyn adamlaryň atlaryny görkezdi.

«ULY MAŞGALA» HEM ONUŇ BAÝLYGY

Golaýda "Chatham House" barlag merkezi Gazagystanyň ýokary gatlagynyň Angliýada ýarym milliard funtdan gowrak emläginiň bardygyny habar berdi diýip, Hoj mälim etdi. Şol baýlykdan, 330 millionlyk emlägiň Nazarbaýewiň “uly maşgalasyna” degişlidigini belläp geçdi. Mejlis agzasy muňa mysal edip, şazada Endrýunyň “Sunninghill Parkdaky öňki gozganmaýan emlägini Nazarbaýewiň giýewi Timur Kulibaýewe 15 million funt sterlinge satyn alandygyny mysal getirdi hem munuň öňki soralan bahasyndan üç million ýokara alnandygyny aýtdy. Şeýle hem mejlis agzasy Guramaçylykly jenaýat we korrupsiýa garşy gözleg merkezi (OCCRP) tarapyndan azyndan 7,8 milliard dollar baýlygy bolan dört sany Nazarbaýew haýyr-sahawat gaznasynyň üstüni açan derňewine ünsi çekdi. Ol pullardan myhmanhanalara, banklara, gymmat uçarlara we hatda makaron zawodyna maýa goýulýar. Şol uly kapitalyň bir bölegi Beýik Britaniýada hasaba alnan Jusan Technologies kompaniýasynyň üsti bilen dolandyrylýar diýip, Hoj belledi.

“Nursoltan Nazarbaýew 2019-njy ýyla çenli awtokrat diktator bolup geldi. Gazagystanda ýurduň baýlygyň 55%-ne diňe 162 adam eýeçilik edýär, olar esasan Nazarbaýew maşgalasynyň agzalary ýa-da oňa ýakyn ýaranlary. Ol ýurtda adam hukuklarynyň ýagdaýy ýaramaz we metbugat azatlygy pes. Baryp 2006-njy ýylda, ABŞ-nyň prezidenti Bill Klintonyň administrasiýasynda şol wagt Döwlet sekretarynyň halkara hukuk goraýyş boýunça kömekçisiniň orunbasary bolan Jonatan Weiner: "Erkin dünýäde Nazarbaýew ýaly korrupsiýa batan, şeýle dile düşen başga bir lideri göz öňüne getirip bilemok... Biz onuň korrupsiýa batyp barşyny azyndan 15 ýyl bäri bilýäris” diýipdi. Ýöne biz Angliýada oňa gözümizi ýumduk, korrupsiýanyň bardygyna üns bermedik we Gazagystanyň režiminiň bikanun pul ýuwmagyna we hapa pullary harçlamagyna kömek etdik" diýip, Hoj öz çykyşynda aýtdy.

Deputat öz çykyşynda ençeme atlary tutup geçdi. Hususan-da, Amerikanyň Forbes žurnaly tarapyndan milliarderleriň sanawyna girizilen Nazarbaýewiň ortanjy gyzy Dinara Kulibaýewany agzady.

Şeýle hem Hoj Nazarbaýewiň uly gyzy Dariga, onuň adamsy hasaplanýan Kaýrat Şaripbaýew we ogly Nuraly Aliýew hakda, Londonyň Ýokary kazyýetinde kaşaň emläk bilen baglanyşykly kazyýet derňewi barada aýtdy. 2020-nji ýylda Angliýanyň jenaýatçylyga garşy göreş gullugy ol kaşaň emlägiň bikanun pul bilen satyn alnandygyny öňe sürüp, Nazarbaýewa bilen onuň ogly Aliýewiň iki jaýynyň doňdurylmagyna karar çykardy. Şeýle-de bolsa, kazyýet ol talapdan ýüz öwrüp, “gelip çykyşy näbelli bolan” baýlyk barada, Gazagystandan berlen dokumentlere esaslanyp, ol baýlygyň gelip çykyşy aýdyň diýen karary kabul etdi.

Şeýle hem Margaret Hoj öňki prezidentiň kiçi gyzy Aliýa Nazarbaýewany agzady, käbir maglumatlara görä, Angliýanyň Wirjin adalaryna degişli ofşor kompaniýalarynyň ulgamy arkaly Gazagystandan 300 million dollardan gowrak puly daşara çykarypdyr.

Britaniýanyň deputaty Nazarbaýewiň "örän baý" dogany Bolat Nazarbaýew, onuň ýegenleri Kaýrat Satybaldy bilen Samat Abiş hakda-da durup geçdi. Olar hem ofşor toplumynyň üsti bilen ep-esli maýa goýumlaryna eýelik edýärler we "Nazarbaýewiň häkimiýeti üçin, onuň töweregindäki parahatçylygy we howpsuzlygy pese gaçyrýan güýçlere garşy göreşde esasy oýunçylar" diýip, Margaret Hoj aýdýar.

Öňki prezidentiň maşgalasynyň agzalarynyň arasynda, Angliýada gozgalmaýan kaşaň emläklere eýe bolan Dariga Nazarbaýewanyň gudasy Kaýrat Boranbaýew hem agzap geçdi.

OLARYŇ BEÝLEKI ÝAKYNLARY

Margaret Hoj Gazagystanyň köp sanly wekilleriniň pikirine görä, öňki prezidente ýakyn bolan aşa baý adamlardan birnäçesiniň atlaryny aýdyp geçdi. Olar prezidentiň öňki iş dolandyryjysy, milliarder Bulat Utemuratow; «Kazahmys» korporasiýasynyň eýesi Wladimir Kim; millileşdirilen BTA bankynyň başlygy Kenes Rakişew (ol öňki ýokary derejeli resmi Imangali Tasmagambetowyň giýewi bolmaly); ERG metallurgiýa toplumynyň egindeş eýeleri hem-de "ýewraziýa üçlüginiň" agzalary Aleksandr Maşkewiç, Patoh Şodiýew we Alijan Ibragimow (ol 2021-nji ýylda aradan çykdy); “Samruk-Kazyna” gaznasynyň öňki ýolbaşçysy Ahmetžan Ýesimow, onuň (öňki) giýewi Galimžan Esenow; Merkezi Aziýanyň elektrik energiýa korporasiýasyna gözegçilik edýän Aleksandr we Ýakow Klebanow dagy agzaldy.

Mundan başga-da, Hoj korrupsiýa garşy sanksiýalarda, Nazarbaýewiň "ýoldaşlary" diýip hasaplanýan we nazarda tutulmaly atlardan, birnäçesiniň üstünde durdy; olar gazak Mejlisiň öňki spikeri Nurlan Nigmatulin, ýurdy dolandyryjy Nur Otan partiýasynyň başlygynyň öňki orunbasary Bauyržan Baýbek hem öňki Adalat ministri Marat Beketaýew.

Iňlis kanun çykaryjysy geçen aýda MHK-nyň başlygy wezipesinden boşadylan we "döwlete dönüklikde" güman edilýän hem häzir tussaglykda saklanýan Karim Masimowyň adyny mysal getirdi. Oňa garşy kazyýet işi gizlin saklanmaly edilipdir.

Gazagystanyň premýer-ministri wagtynda Masimowyň Angliýada korrupsiýada aýyplanandygyny aýtdy. Onuň ynamdar adamy Aýgül Nuriýewa "Şwesiýanyň telekommunikasiýa kompaniýasy Telia bilen umumy bahasy 64 million dollar bolan parahorluk dawasy bilen baglanyşygyny" bolandygyny hem Hoj ýatlatdy.

“Men bu adamlaryň atlaryny aýtdym. Bu korrumpirlenen elita garşy sanksiýalaryň girizilmegi kök uran erbet amallary öz-özünden ýok edip bilmez, ol Gazagystanda düýpli demokratik özgerişlere-de getirmez, ýöne hapa pullara we korrupsiýa garşy göreşmek baradaky borçnamalarymyz hakda aýdanymyzda, näme diýjek bolýandygymyzy görkezeris. Muňa ähmiýet bermezligiň bahasy gaty ýokary. Londonyň abraýy we maliýe hyzmatlary pudagymyz eýýäm zaýalanýar, Angliýa hapa pullar üçin ýurisdiksiýa hökmünde garalýar. Biz çalt hereket etmek bilen gowy global Angliýa ideýasyny täzeden gurup başlarys hem kleptokratlar ýa-da oligarhlar üçin amatly ýer bermejekdigimizi ýaranlarymyza görkezip bileris" diýip, Hoj aýdýar.

Nursoltan Nazarbaýewiň maşgalasy 1992-nji ýylda
Nursoltan Nazarbaýewiň maşgalasy 1992-nji ýylda

SANKSIÝA MESELESI

Margaret Hoj Ýakyn Gündogar, Demirgazyk Afrika we Demirgazyk Amerika boýunça döwlet ministri Jeýms Klewerlä ýüzlenip, "Angliýanyň gurluşlaryny ulanyp, pullaryny ýuwmak bilen özüniň galp girdejisini ýaşyran adamlara, Angliýa girmek üçin “altyn wiza” ulanýanlara ýa-da adam hukuklaryny bozujylara garşy sanksiýalar girizmek meselesini ara alyp maslahat edýärsiňizmi?" diýen soragy berdi.

Klewerli Angliýanyň resmilerine ol adamlara "üns berjekdiklerine" ynandyryp biljekdigini aýtdy. Şonuň bilen birlikde, "Angliýanyň hökümetiniň haýsy sanksiýalary görüp biljekdigi barada, öňünden jikme-jik maglumat bermegiň käwagt netijesiz" bolýandygyny-da mälim etdi.

“Biz korrupsiýanyň we bikanun toplanan gazanjyň döwletlere we raýatlara zyýanly täsir edip biljekdigini, awtoritar programmalary maliýeleşdirmek we ýiti hem guramaçylykly jenaýat işini goldamak arkaly demokratiýany pese gaçyryp biljekdigini bilýäris. Angliýa dünýä arenasynda maliýe jogapkärçiligini kadalaşdyrmaga we dogry alyp barmaga ýeterlik serişdeleriň we erkiň bardygyny görkezer” diýip, ministr beýanat etdi.

Gazagystandaky ýanwar wakalaryndan soň, sanksiýalar meselesi ozal başda Ýewropa Parlamentinde ara alnyp maslahatlaşyldy. Geçen aýda ýewropaly deputatlar "2022-nji ýylyň ýanwar aýyndaky demonstrasiýalarda ýüze çykan çynlakaý hukuk bozulmalary üçin, Gazagystanyň ýokary derejeli jogapkär resmilerine garşy gönükdirilen sanksiýalary" girizmek kararyny kabul etdiler. Ýewropa Parlamentiniň agzalary parahatçylykly demonstrasiýalardan soň ýüze çykan köpçülikleýin zorlugy ýazgardylar hem-de Nur-Sultany “terrorçylyk” aýyplamalaryny giňden ýaýratmazlyga çagyrdylar (ýurduň häkimiýetleriniň aýdyşlaryna görä, bidüzgünçilikleri “daşary ýurtda tälim alan terroristler” gurapdyr, ýöne bu aýdylýany goldaýan hiç hili ynandyryjy subutnama ýok, adam hukuklaryny goraýjylar syýasy üýtgeşmeleri talap eden parahat ilata garşy "terrorçylyk" aýyplamalarynyň ulanylmagyndan alada edýärler).

Ýewropa Parlamenti ýanwar aýynyň başynda, Gazagystanda bolup geçen ganly wakalar boýunça, halkara derňew geçirmegi talap edýän rezolýusiýany hem kabul etdi. Ýöne Gazagystanyň Daşary işler ministrligi ol karary bir taraply, hakykata laýyk däl diýip atlandyrdy. Nazarbaýew tarapyndan wezipä goýlan Kasym-Žomart Tokaýew halkara derňewler baradaky çagyryşlary-da ret etdi.

Gazagystanyň öňki prezidenti Nursoltan Nazarbaýew "elbasy" ("milletiň lideri") adyna eýe bolup, bu dereje ony islendik yzarlamalardan goralýar, emläginiň we maşgala agzalarynyň eldegrilmezligini kepillendirýär.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

XS
SM
MD
LG