Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

“Wagtynda wezipeden gitmeli”. Nazarbaýewiň “abraýynyň synmagy” hem Tokaýewiň mümkinçilikleri. “Awtokratlar üçin duzak”


Gazagystanyň prezidenti Almatydaky polisiýanyň operatiw bölümine baryp gördi. Gazagystan, 2022-nji ýylyň 12-nji ýanwary.
Gazagystanyň prezidenti Almatydaky polisiýanyň operatiw bölümine baryp gördi. Gazagystan, 2022-nji ýylyň 12-nji ýanwary.

Kasym-Žomart Tokaýew özüni aýgytly lider hökmünde görkezmäge synanyşýar, ýöne häkimiýeti durnukly saklamak töwekgelçiligi henizem ýokary diýip, rus bilermeni Andreý Kolesnikow hasaplaýar. Tokaýewiň özünden ozalkydan “üstün çykmagy” başarandygy baradaky pikirler näderejede adalatly? Ol KHŞG goşunlarynyň Gazagystana girizilmegine jogap hökmünde Kremle eglişik edermi? Öňki prezident Nursoltan Nazarbaýewe näme garaşýar? Azatlyk Radiosynyň Gazak gullugy bu meseleleri Moskwadaky Karnegi merkeziniň “Russiýanyň içerki syýasaty we syýasy institutlary” maksatnamasynyň ýolbaşçysy bilen maslahatlaşýar.

NÄMELER BOLUP GEÇDI WE TOKAÝEW NÄDIP SAKLANAR?

Azatlyk: Gazagystanyň ýagdaýyna nähili garaýarsyňyz: käbirleriniň aýdyşy ýaly, köşk agdarylyşygy boldumy ýa-da beýleki sebitlerden – ýakyn Gündogardan, Owganystandan we Merkezi Aziýanyň beýleki ýurtlaryndan "söweşijiler" tarapyndan hüjüm edilip, aýratyn-da prezident Tokaýewiň aýdyşy ýaly, hökümeti ele aljak boldularmy? Siziň pikiriňizçe nämeler bolup geçdi?

Andreý Kolesnikow
Andreý Kolesnikow

Andreý Kolesnikow: Tokaýewe häzir guramaçylykly dildüwşügiň bolandygyny aýtmak peýdaly. Tolgunyşygyň daşky görnüşinde-de, munuň birden dörändigi görünýän bolsa-da, elbetde, oňa ynanmak gaty kyn. Bu protestler, hakykatdanam, beýleki ýurtlara tutaşan şuňa meňzeş wakalara meňzeýär. Çilidäki transport bahalarynyň örän az ýokarlanmagy sebäpli tolgunyşyk ýüze çykyp, tutuş ýurdy nägilelik tolkuny gurşap alypdy.

Bu diňe ýurtlaryň ýolbaşçylarynyň, hökümete tarapdar bilermenleriň halk bilen baglanyşykly bu meseläni hemişe ýatlaryndan çykarýandyklary sebäpli bolýar. Elitalar halkyň özbaşdak aýaga galjagyna we bir uçgunyň bir ýere däl, birnäçe sebitde hem ot berip biljekdigine ynanmaýarlar.

Tokaýewiň ýerine post-sowet awtoritarizmine meýilli islendik hökümdar muny aýdardy. Emma görşüňiz ýaly, öz hökümetini we wezipesini saklamak, şol sanda fiziki taýdan başyny halas etmek üçin, alyp baran gaty ýowuz hereketi sebäpli özüni aklamak gerek.

Tutuş ýurt boýunça öz-özünden närazylyk tutaşanda, elbetde, talaňçylaryň, ýykyp-ýumrujylaryň we şoňa meňzeşleriň peýda boljagy belli. Munuň özi düýbünden tebigy ýagdaý, rewolýusiýanyň düzgüni şeýle. Ýagdaýy saklamagy başaran bolsa, soň özüni diňe bir esasy lider däl-de, syýasata gatnaşmaga ukyply adam hökmünde görkezýär.

Azatlyk: Tokaýew 11-nji ýanwarda Mejlisde eden çykyşynda, Nazarbaýewiň ýardamy bilen "ýurtda örän girdejili kompaniýalaryň we baý adamlar gatlagynyň peýda bolandygyny" aýtdy. Tokaýewiň bu sözi, köpleriň pikirine görä, Nazarbaýewiň garyndaşlaryna we töweregindäkilere degişli bolan sferalary, gözegçiligi aňladýan ýaly boldy. Ýurduň içindäki synçylar protestleriň basylmagyndan soň, Tokaýewiň güýçlenendigini, beki-de, Nazarbaýewiň syýasy mirasyna täzeden garamak synanyşygyny görýärler. Şu barada Russiýada nähili pikir edilýär?

Andreý Kolesnikow: Umuman, ruslar hakda aýtsak, bu mesele boýunça entek sosiologiki barlag ýok, şonuň üçin rus ilatynyň bu hakda reaksiýalary barada aýtmak kyn.

Munuň geljekde nämeleriň boljakdygy hakda Kremle oýlanmaga sebäp bolmagy mümkin. Belki-de, köp wagt geçer, Gazagystan sapagy bolsa öwrenilmän galar, şonda Kremliň Gazagystandaky ýaly, hökümeti başga birine geçiriş modeli gaýtalanyp bilner. Munuň özi ilkinji we esasy reaksiýa diýip pikir edýärin.

Ikinjisi, KHŞG goşunlarynyň kömege gelmegi, ol Warşawa şertnamasynyň goşunlaryna meňzeş. Elbetde, bu ugurda ol guramanyň hereketi rus tarapy üçin, "imperiýany dikeltmegiň" guraly däl-de, eýsem Merkezi Aziýa sebitinde öz gözegçiligini güýçlendirmek hem-de imperiýa meňzeş ýagdaýy döretmäge çalyşýar.

Russiýanyň Goranmak ministrliginiň ýaýradan suraty: parahatçylygy goraýjylar Gazagystanyň Almaty şäherinde «Kazahtelekomy» goraýarlar. 2022-nji ýylyň 12-nji ýanwary.
Russiýanyň Goranmak ministrliginiň ýaýradan suraty: parahatçylygy goraýjylar Gazagystanyň Almaty şäherinde «Kazahtelekomy» goraýarlar. 2022-nji ýylyň 12-nji ýanwary.

Men Gazagystan boýunça bilermen däl, ýöne Russiýanyň Gazagystanda aşa köp bolmagy Tokaýewiň zyýanyna boljagy belli. Gazagystanyň ykdysadyýeti Russiýanyň ykdysadyýetine garanyňda has açyk, iň bolmanda formal taýdan daşary ýurt maýa goýumlaryna ýol açýar. Bu meselede Russiýa Gazagystana has içgin aralaşmak kararyna gelse, bäsleşikde aýratyn oýunçy bolup bilmez.

Ähtimal, rus tarapy Tokaýewiň belli bir derejede öz naýzasynyň güýji bilen häkimiýeti saklandygy üçin, onuň "borçludygyny" göz öňünde tutup biler. Häzir onuň öz garşydaşlaryny çetleşdirip, populist sözleri aýtmak bilen aýgytly lider rolunda görkezmäge synanyşýandygyny görmek bolýar.

Azatlyk: Awtokratyň haýsydyr bir ejiz ýaly görünýän syýasatça bil baglap, soňundan onuň üstün çykandygyna taryhda mysallar barmy?

Andreý Kolesnikow: Gaty köp. Sowet taryhyny alsak, belli bir derejede ähli mümkinçilikleri bilen üç lideriň Staliniň mirasy urgunda göreşendigini ýatlap bileris: olar Beriýa, Hruşew we Malenkow. Hruşew bu göreşde ýeňer diýlip çaklanmasa-da, beýlekileri ýeňip, hemmelerden öňe geçdi-de, birinji orunda durdy.

Brežnew hem hakyky köşk agdarylyşygy netijesinde häkimiýete geldi, ol nominal, wagtlaýyn şahsyýet hasaplanýardy. Sebäbi 1964-nji ýyldaky dildüwşügiň esasy hereketlendirijisi Şelepin boldy. Emma ejiz, gorkak syýasatçy hasaplanýan Brežnew öz seresaplylygy, içki duýgurlygy, taktiki ýa-da strategiki paýhasy sebäpli hemmelerden üstün çykmagy başardy.

Gazagystanyň prezidenti wezipesini ýerine ýetiriji Kasym-Žomart Tokaýew (sagda) we onuň halypasy Nursoltan Nazarbaýew (çepde ýüzi görünýär)
Gazagystanyň prezidenti wezipesini ýerine ýetiriji Kasym-Žomart Tokaýew (sagda) we onuň halypasy Nursoltan Nazarbaýew (çepde ýüzi görünýär)

Beýle ýagdaýlarda formal, ýagny kanun ýüzündäki ygtyýarlyk hem-de formal wezipe möhüm. Nähili-de bolsa, prezident – prezidentdir. Tokaýew hem prezident. Bu nukdaýnazardan seredilende, ol häkimiýet ugrundaky göreşe girişdi, indi görnüşi ýaly, başlangyçda bu oňa başartdy.

Azatlyk: Nazarbaýew hem syýasy oýunda, ol belli bir düzgüne laýyk gelmeýän oýunda oýnap, Howpsuzlyk Geňeşiniň başlygy hökmünde çykyş etdi. Putin ýaly dünýä döwletleriniň ýolbaşçylary oňa hormat goýdular. Indi bolsa Tokaýew güýji öz eline alana meňzeýär? Bu Putiniň goldawmy?

Andreý Kolesnikow: Putiniň goldawy soňrak ýetdi diýip pikir edýärin. Tolgunyşygyň ilkinji iki günüň dowamynda, Kreml ýüze çykan meselä jogap tapmady, Gazagystanda bolup geçýän ýagdaýlar babatynda, özüni nähili alyp barmalydygyny, wakalara nähili baha bermelidigini bilmedi. Elbetde, muňa düşünmek, hakykatdanam kyndy. Megerem, Tokaýew ýagdaýy has çalt anyklady. Putiniň elitasy üçin iň möhüm zat, belli bir derejede Kremle goldaw berýän ýa-da oňa wepaly bolan Gazagystan hökümetini saklap galmakdy. Hut şonuň üçinem KHŞG mehanizmi güýje girizildi.

Aslynda, [protestleriň] ilkinji günlerinde Gazagystanyň gowy reaksiýa bildirmezligine elbasy jogapkärdir. Güýçler herekete gelende, bu tebigy zat. Uzak möhletli lideriň keşbinde, diňe gowy zatlar däl, erbetlik hem jemlenýär. Putine-de hut şeýle ýagdaý garaşýar. Ol eýýäm munuň miwelerini ýygnaýar: ol diňe bir el ýeterdäki üstünlik gazanmagyň miwelerini däl, eýsem ýurduň gowy derejede ösmedigi üçin jogapkärlidigini öňe sürýän ýigrenç, närazylyk, gurap galan miweleri hem ýygnaýar. Munuň özi islendik awtokrat üçin duzakdyr.

Azatlyk: Her nähili-de bolsa, Nazarbaýew Tokaýewi özüne oruntutar hökmünde saýlady, sebäbi ol hiç bir saýlama topara goşulmaýar, oligarhlar – aşa baýlar üýşmegine hem degişli däl, ol bitarap syýasatçy boldy. Beýle şertlerde Tokaýew häkimiýete nädip raýdaşlyk bildirer?

Andreý Kolesnikow: Taryhy tejribäniň görkezişi ýaly, kanun ýüzündäki prezidentlik, ýagny resmi ygtyýarlylyk bolsa, gaty köp zady etmek mümkin. Aýratynam çalt we aýgytly hereket edilen halatynda, hatda halkyň arasynda däl, býurokratiýadan hem güýç ulgamlarynyň bir böleginden minimal goldaw almak hem ýeterlikdir. Görşümiz ýaly, häzir ýurda ol ýolbaşçylyk edýär, başga biri däl.

Azatlyk: Onuň häkimiýeti elden gidirmek howpy barmy?

Andreý Kolesnikow: Hawa. Başlanan meseleler entek gutaranok. Onuň ähli döwlet gurluşlaryny çalt düzgüne salmaga hem-de maliýe akymlaryny saklamaga mümkinçiligi bar.

NAZARBAÝEW NIREDE WE OŇA NÄME GARAŞÝAR?

Azatlyk: Geçen ýylyň ahyryndan bäri ilkinji prezident görünmeýär. Onuň metbugat sekretary 7-nji ýanwarda maglumat meýdanynda peýda bolup, Nazarbaýewiň paýtagtdadygyny we Howpsuzlyk Geňeşiniň başlygy wezipesini Tokaýewe özüniň tabşyrandygyny aýtdy. Siziň pikiriňizçe, ýagdaý indi nähili bolup biler?

Andreý Kolesnikow: Bu, diňe bir spekulýatiw tema, Tokaýewiň indi Nazarbaýewi fiziki taýdan ýok etmegi peýdaly bolar öýdemok. Häzirki wagtda Gazagystanyň halkynyň bir zada täsir edip ýa çözüp biljek adam hökmünde, Nazarbaýewi kabul etmejekdigi düşnüklidir. Tokaýew 11-nji ýanwarda eden çykyşynda elbasyny agzady, ähtimal, ol Nazarbaýewiň fiziki howpsuzlygy üpjün edilendir. Onuň nirede bolmagy başga mesele.

Öz milletinden gaçyp giden adam köpçülik habarlar pozisiýasy nukdaýnazaryndan aýratyn bir halanmaýar. Şeýlelik bilen, häzirlikçe onuň abraýyny goramagyň iň gowy görnüşi – köpçülige görkezmezlikdir.

Azatlyk: Siziň pikiriňizçe, Putiniň metbugat sekretary Peskowyň Nazarbaýewiň nirededigi baradaky soraga özünde maglumatyň ýokdugyny aýtmagy, Putin bilen Nazarbaýewiň Täze ýyldan soň aragatnaşyk saklap ýa-da saklamaýandygyny bilmeýändigi ünsi çekijimi?

Andreý Kolesnikow: Şeýle etmek bilen ol Russiýanyň oňa goşulmaýandygyny görkezýär. Muny beýan etmek gaty möhüm, ol geleňsizligi görkezýär. Eger Nazarbaýewiň nirededigini biläýende-de, ony aýtmaz.

Azatlyk: Nazarbaýew 30 ýyllap ýurdy “öz eliniň aşagynda” saklady, işinden aýrylandan soň, köpleriň pikirine görä, ýurdy sahnanyň aňyrsyndan dolandyrýardy. Indi bu ulgam nähili üýtgär?

Andreý Kolesnikow: Meniň pikirimçe, ulgam nähili-de bolsa, awtokratik bolar. Awtokratiýanyň elementleri ykdysadyýetdäki oligarhlaryň hem-de maliýe akymlarynyň özleri üçin paýlanmagyny göz öňünde tutýar. Ýöne Tokaýewiň ýagdaýynda, üstesine-de onuň halka ýüzlenýän häzirki populistik hereketlerinde, maliýe talaňçylarynyň kowuljakdygyny we puluň halkyň peýdasyna gönükdiriljekdigini görkezmek synanyşygy bar. Belki-de, paýlanyş mehanizmleri döwlet býujetinde has köp işlär. Onuň ýeke özi oligarhiýa kanallaryny, işewürlik akymlaryny, işewür gatnaşyklary kesip bilmez.

Emlägiň gaýtadan paýlanmagy gaty dawaly – ol ganly iş. Ýöne Tokaýew syýasy ýagdaýyň entek sowaşmadyk wagtynda, şeýle beýanaty çalt mälim etmek bilen dogry zady edýär. Häkimiýeti saklamak isleýän bolsa, esasanam onuň gowşak syýasatçy hasaplanýan wagtynda, käbir tussag edilmeler, ýerine ýetiriji häkimiýetde ygtyýarlyklary düýpgöter başgaça paýlamak bolup biler, bu onuň häzirki edýän işi.

Maliýe akymlaryny gaýtadan paýlamak Tokaýewiň çözmeli iň kyn meselelerinden biridir. Ol öz ulgamyny ornaşdyrýança, ep-esli wagt gerek bolar. Elbetde, oligarhlaryň, awtokratik ulgamyň bir ýere ýitip gitjekdigine ynanmak kyn. Ol bulary ýok eder diýip bilemok, ähtimal, olary özüne bähbitli ýagdaýa öwrer.

Azatlyk: Nazarbaýew öz saýlan adamyny döwletiň başynda goýup, garaşsyz döwletiň düýbüni tutujy hökmünde taryhda galjagyna, ömrüniň "altyn soňlamasynda" akylly synçy bolup oturmagy arzuw edendigi äşgär. Nazarbaýewiň mirasy nähili bolar diýip pikir edýärsiňiz?

Andreý Kolesnikow: Bu awtokratlar üçin gaty gowy sapak. Näçe wagt otursalar-da, özüni milletiň atasy diýip görkezseler-de, onuň ömrüniň iň abraýly böleginiň-de, betbagtçylykly ýagdaýda ýok ediljek pursady gelýär. Öz wagtynda wezipeden gitmeli, şeýlelikde, ýönekeý demokratik gural gowy adyňy saklamak bilen taryhda galmaga mümkinçilik berýär. Emma post-sowet awtokratlary üçin, bu mümkin däl.

Nazarbaýew birneme öň gidip, oňat pozitiw abraý bilen taryhda galyp biljekdi. Ýöne ol köp ýyl mundan ozal edilmelidi. Wezipäňden arkaýyn çekilmek üçin, demokratik sistema gurmaly. Awtokratlar özlerini ýapyk gabawa salýarlar. Putin gidip bilmeýär, ol gidäýse, oňa näme bolar? Onuň özi bir ýerde gizlenmeli bolar. Ol nirede gizlenip biler? Minskidemi? Şol nukdaýnazardan, elbetde, gowy abraý hem ýok bolýar, ýöne munuň üçin awtokratlaryň özi günäkär. Şeýdip, olar özlerini awtokrat duzaga salýarlar.

Azatlyk: Merkezi Aziýada hökümdarlar özlerini we maşgala agzalaryny jenaýat jogapkärçiliginden goraýan kanunlary kabul edip, töweregine pile saradyrlar. Şeýle-de bolsa, Özbegistanyň mysalynda, hökümdar gideninden soň, beýle kanunlaryň olary we maşgala agzalaryny goramaýandygyny görýäris. Geljekde Nazarbaýew maşgalasyna näme bolar diýip pikir edýärsiňiz?

Andreý Kolesnikow: Hawa, elbetde, kanunlar awtokratlaryň howpsuzlygyny üpjün edip bilmeýär, sebäbi awtokratlary göni hem göçme manyda, hormatly orundan aýryp zyňýarlar. Ony çalşyran awtokrat ýa-da geljek demokratik hökümet tarapyndan, öňki kanun çalyşýar. Şonuň üçin hiç kim hiç kime kepillik geçip bilmez.

Biziň ählimiziň gaty gowy ýadymyzda, mysal üçin, Özbegistanda, hatda maşgalanyň içinde-de howpsuzlygy üpjün etmek mümkin bolmady. Özbek awtokratynyň gyzy (öňki prezident Yslam Kerimowyň gyzy Gülnara) gorag mehanizmlerine garamazdan, kyn ýagdaýa düşdi. Şoňa görä awtokratlara hiç bir kepillik ýok. Olar erbetlik gabawynda galýarlar. Şeýle ýagdaýlarda bolýan ýeriňi üýtgetmeden başga howpsuzlygy üpjün etmegiň ýolunyň ýokdugy ýüze çykýar. Hut şu sebäpden, Nazarbaýewiň Gazagystanyň çäginde däldigini çaklamak mümkin, ýöne munuň henizem spekulýasiýa bolandygyny ýene gaýtalaýaryn.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň gizlinligini doly kepillendirýär.

XS
SM
MD
LG