Gazagystanyň içerki aňtaw gullugynyň öňki başlygynyň dönüklikde güman edilip, zorlukly protestler wagtynda wezipesinden boşadylandan iki gün soňra, 8-nji ýanwarda tussag edilendigi aýdylýar.
Ýene birnäçe ady aýdylmadyk howpsuzlyk resmisiniň tussag edilendigini habar beren Milli howpsuzlyk komiteti Karim Masimowyň tussag edilmegi bilen bagly goşmaça maglumat bermedi.
Öňki premýer-ministr, ozalky prezident Nursoltan Nazarbaýewiň uzak wagtlyk egindeşi bolan 56 ýaşly Masimow geçen hepde, ýangyç nyrhlarynyň ýokarlanmagy sebäpli ýüze çykan ganly tolgunyşyklarda halk gazabynyň esasy nyşany boldy.
Masimow MHK-nyň başlygy wezipesinde 2016-njy ýyldan bäri işleýärdi.
Şu aralykda, Orsýetiň ýolbaşçylygyndaky harby ýaranlygy kömege çagyran ýurduň IIM-niň maglumatyna görä, Gazagystandaky demonstrasiýalary dargatmak üçin görülýän çäreleriň çäginde 4 müňden gowrak adam tussag edildi.
Prezident Kasym-Žomart Tokaýew biraz öň howpsuzlyk güýçlerine “garakçylar” we “terroristler” diýýänlerini oka tutmaga rugsat berdi. Protestçiler özleriniň beýle häsiýetlendirilmegini inkär etdiler.
Almatyda öten agşam we 8-nji ýanwar güni irden atyşyk sesleri eşidildi. Resmiler çaknyşyklarda onlarça adamyň, şol sanda 18 howpsuzlyk işgäriniň öldürilendigini habar berdiler.