Türkmenistan tussaglaryň sany boýunça iň ýokary görkezijili dünýä ýurtlarynyň arasyna düşdi. Türmeler boýunça bütindünýä hasabatyna görä, Türkmenistanda ýurduň ilatynyň her 100 000 adamyna 576 tussag düşýär. Bu, dünýädäki üçünji uly görkeziji.
"World Prison Brief" täze hasabatyna görä, türme ilaty iň köp bolan ýurtlaryň arasynda birinji ýerde ABŞ durýar, bu ýurtda umumy ilatyň her 100 000 adamy nukdaý nazaryndan tussaglaryň sany 629 adam, ondan soň Ruanda 580 adam, üçünji ýerde Türkmenistan 576 adam. Ondan soň El Salwador (564), Kuba (510), Palau (478), Iňlis Wirgin adalary (447), Panama (436), Sankt Kitts we Newis (423), Grenada (413), Taýland (412), Wirgin adalary ABŞ (394), Bagama (392), Urugwaý (383) we Braziliýa (381).
Bu çaklama, belli bir döwüre degişli bolup, ilatyň we türmelerdäki tussaglaryň arasyndaky sanynyň gatnaşygyna esaslanýar. Hasabatda Türkmenistanyň ilaty 6 million 80 müň adam, ýurduň türmelerindäki tussaglaryň sany 35 müň adam diýlip, görkezýär. Bu sanlar 2021-nji ýyla degişli.
Deňeşdirmek üçin, halkara guramanyň beren maglumatlaryna görä, Merkezi Aziýanyň beýleki ýurtlarynda tussaglaryň sany Türkmenistandan ep-esli pes görkezilýär. Gazagystanda ilat sanyndan her 100 000 adama 177 tussag, Gyrgyzystanda 161, Täjigistanda 83 we Özbegistanda 68 tussag bar.
Türkmenistan türmelerde saklanýanlaryň, derňew astyndakylaryň we boşadylanlaryň sany barada resmi maglumatlary çap etmeýär.
Geçen ýylyň fewral aýynda Merkezi Aziýa boýunça pikir öwreniş merkezi türkmen türmelerinde häzirki wagtda 35 000 töweregi tussagyň bardygyny habar berdi.
Azatlygyň çeşmelerine görä, häzirki wagtda türkmen türmelerinde saklanýan tussaglaryň sany 51 000 adamdan köp bolmagy çak edilýär. Şeýle hem, Türkmenistanyň ilaty baradaky hakyky sanlar sorag astynda galýar. Azatlygyň ygtybarly çeşmeleri Türkmenistanyň ilatynyň 3 milliondan azdygyny öňe sürýärler. Çeşmelerimiziň sanlary hakyky ýagdaýy görkezýän bolsa, türkmen türmelerindäki tussaglaryň sany "World Prison Brief" halkara hasabatynda berlen sanlardan has ýokary bolup biler.
Adam hukuklaryny goraýjylaryň çagyryşlaryna garamazdan, türkmen türmeleri halkara guramalarynyň we garaşsyz synçylaryň baryp bilmeýän ýeri bolup galýar.
Halkara adam hukuklary guramalarynyň habarlaryna görä, Türkmenistan gynamalary giňden ulanýan ýurtlaryň biri hasaplanýar. Tussaglaryň zor bilen ýitirim bolmagy meselesi hem çözülmän galýar. Azatlygyň habarçylary we çeşmeleri Türkmenistanyň türmelerinde tussaglaryň agyr gynamalara sezewar edilýändigini birnäçe gezek habar berdiler.
Öňki tussaglaryň başdan geçirenlerini gürrüň bermegine görä, Türkmenistanyň türmeleri ýowuz şertleri, türme işgärleri bolsa aýratyn zalymlygy bilen tapawutlanýar.
"Türkmenistan" atly oppozision YouTube kanalynda çap edilen wideo söhbetdeşlikde öňki tussag Agatabaý Gurban, Türkmenistanyň türmelerinde başdan geçiren uzak tussaglygy barada jikme-jik gürrüň berýär: «Ertir irden 7-de turmaly, agşam 11-e çenli dik durup geçirmeli. Oturmak gadagan. 5 minut oturanyňy biläýseler, kameradan çykaryp, iti ýenjen ýaly ýençýärler. Oturmaga ruhyň ýetenok (…), her baş minutdan geçip gapydan seredip barlaýarlar".
Agatabaý Gurban 4 ýyl mundan ozal tamamlan tussaglygynyň bir bölegini Abdyşükür ady bilen tanalýan Türkmenabadyň türmesinde geçiripdir. Şäheriň çäginde ýerleşýän bu tussaghana ýurduň iň ýowuz şertli türmeleriniň biri hasaplanýar.
“Bir gün banýadan geldik, bir ýaşuly adam Meret aga, ýaşy 60-dan geçen, ýarawsuz bolansoň, türsüsini çalyşmak üçin bir sekund oturdy. Onuň oturanyny görüp, dokuz adamy çykaryp gaty heläk edip urdular. 'Onuň orutany üçin siziň hemmäňiz jeza çekmeli' diýdiler. Iki etaž skonka koýka ýaşulyny ýatyrdylar we bize iki sagatlap göterip durarsyňyz diýdiler. Bu bir kanuna laýyk gelýän zat däl" diýip, Agatabaý Gurban "Türkmenistan" atly oppozision YouTube kanalynyň çap eden wideosynda gürrüň berýär.
Adam hukuklary boýunça halkara ýygnaklarynda türkmen resmileri türkmen türmelerindäki tussaglaryň gynalmaýandygyny we olara yzygiderli iýmit we lukmançylyk kömeginiň berilýändigini aýdýarlar.
"World Prison Brief" hasabatynda dünýäde 10,77 milliondan gowrak adamyň türmelerde saklanýandygy, olaryň arasynda iş kesilenleriň ýa-da suddan öň deslapky tussaglykda saklanýanlaryň girýändigi aýdylýar. Şol bir wagtyň özünde, polisiýa edaralarynda saklanýan we ýitirim bolan tussaglar neşir edilen maglumatlara goşulmaýar. Şonuň üçin tussaglaryň umumy sany 10,77 milliondan geçýär we 11,5 milliondan köp bolup bilýär diýlip hasabatda aýdylýar.
Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.