Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Aktiwistleriň sem edilişi. Berlinde Özbegistandaky jeza psihiatriýasy barada hasabat çap edildi


Berlinde Özbegistandaky jeza beriş psihiatriýasy barada hasabat çap edildi.
Berlinde Özbegistandaky jeza beriş psihiatriýasy barada hasabat çap edildi.

Anyk bilinýänleri barada aýdylanda, Türkmenistan garaşsyzlyk ýyllarynda syýasy aktiwistleri, hökümet tankytçylaryny dymdyrmak üçin Durdymyrat Hojamuhammet, Sazak Durdymyradow, Amangelen Şapudakow, Kakabaý Tejenow ýaly, açyk pikirini aýdan adamlary mejbury ýagdaýda ruhy hassahana ýerleşdirip, öz boýun alan halkara borçnamalaryny bozmakda tankyt edildi. Bu ýagdaý goňşy Özbegistanda hem saklanyp galýar we Azatlyk Özbek gullugynyň žurnalisti Hurmat Babajanowyň bu temadan taýýarlan maglumatyny öz okyjylaryna ýetirmegi makul bildi.

Özbegistandaky aktiwistleriň dymdyrmak maksady bilen ruhy hassahana ýerleşdirilmegi prezident Şawkat Mirziýoýewiň döwründe hem dowam etdirilýär.

Adam hukuklaryny goraýan “Özbek forumy” toparynyň 21-nji sentýabrda Germaniýada çap eden hasabatynda hökümet tankytçylarynyň zor bilen ruhy hassahana ýerleşdirişini görkezýän ýedi işiň detallary açylyp görkezilýär.

"Aktiwistleriň sesiniň sem edilişi - Özbegistandaky jeza beriş psihiatriýasy” atly hasabatyň awtorlarynyň biri, "Özbek forumy” toparynyň başlygy Umida Nyýazowa şeýle hadysalaryň hakykatda has köpdügini öňe sürýär.

Tanymal adam hukuklary aktiwisti Ýelena Urlaýewa we garaşsyz žurnalist Jamşid Karimow merhum prezident Yslam Karimowyň döwründe birnäçe gezek ruhy hassahana ýerleşdirildi.
Tanymal adam hukuklary aktiwisti Ýelena Urlaýewa we garaşsyz žurnalist Jamşid Karimow merhum prezident Yslam Karimowyň döwründe birnäçe gezek ruhy hassahana ýerleşdirildi.

“Biz örän köp adamyň düşen ýagdaýyny öwrendik. Olaryň iň soňkusy ahangaranly telekeçi Dawid Bagmanýan bilen baglanyşykly. 2019-njy ýylda maşgalasyna degişli iki bina we hususy dükany ýykylansoň, ol prezidentiň Halk kabul ediş edarasyna arza ýazyp başlapdyr. Şondan soň telekeçini lukmanyň kesgitlemesi esasynda däl-de, ýerli häkimiň görkezmesi esasynda ruhy hassahana iberipdriler. Ony bir aýlap şol ýerde saklapdyrlar. Soňra kazyýet Bagmanýanyň işe, herekete ukypsyzdygy barada karar çykarýar, şeýdip ony dymdyrmak isleýärler. Hakykatda ýurtda bu hili ýagdaý örän kän. Emma muňa garamazdan, şuňa meňzeş ýagdaýlary başdan geçirenleriň köpüsi atlaryny aýan etmek islemeýär. Şonuň üçin hasabata bary-ýogy ýedi adamyň başdan geçiren ýagdaýlary girizildi” diýip, Nyýazowa Azatlyk bilen söhbetdeşlikde aýtdy.

Dawid Bagmanýan kazyýetiň özüniň ukypsyzlygy barada çykaran kararyny ýatyrtmak talaby bilen ýokary derejelerdäki edaralara birnäçe gezek ýüz tutýar.

Ahangaranly aktiwist Dawid Bagmanýan.
Ahangaranly aktiwist Dawid Bagmanýan.

Emma muňa garamazdan, Özbegistanyň Ýokary kazyýeti şu ýylyň awgust aýynda onuň şikaýatyny ret edip, ilkinji çykarylan kazyýet kararyny öz güýjünde galdyrdy.

“Meniň ýeke-täk günäm prezidentiň kabul edişligine şikaýat arzalaryny ýazmagym bilen bagly. Häkimligiň wekilleri meni öz jenaýatlaryny bassyr-ýussur etmek üçin psihiatrik keselhanada sakladylar. Men öz ömrümde hiç haçan akyl hassalygyndan ejir çekmedim, emma geçirilen medisina barlagy meniň şizofreniýadan ejir çekýändigim barada netijä geldi. Indi, eger-de men prezidentiň edarasyna hat ýazsam-da, ýa-da nägilelik protestine çyksam-da, hiç kim meni diňlemez, sebäbi maňa akyl taýdan näsag adamyň ýarlygyny ýelmediler. Emma men doly sagdyn” diýip, Bagmanýan Azatlyk radiosynyň Özbek gullugy bilen söhbetdeşlikde aýtdy.

Adam hukuklaryny goraýan “Özbek forumy” toparynyň çap eden hasabatynda getirilen başga bir mysal horezmli blogçy Nafosat Ollaşukurowanyň işi bilen baglanyşykly. Ol iki ýyl ozal horezmli şahyr we žurnalist Mahmud Rajabyň Daşkentde içeri işler ministri bilen duşuşmak üçin gurnan pyýada ýörişi barada habar beripdi.

Emma Mahmud Rajaby we Nafosat Ollaşukurowany sakladylar we on gije-gündiz tussaglyga höküm etdiler.

Administratiw tussaglyk möhleti gutarandan soň, kazyýet Ollaşukurowany Horezm sebit newropsihiatrik dispanserine iberdi. Ol Azatlygyň Özbek gullugy bilen eden soňky söhbetdeşliginde häzir başga ýurtda ýaşaýandygyny we bosgunlyk üçin ýüz tutandygyny gürrüň berdi.

Blogger Şabnam (Nafosat) Ollaşukurowa.
Blogger Şabnam (Nafosat) Ollaşukurowa.

Nafosat Ollaşukurowanyň sözlerine görä, mejbury ýagdaýda psihiatrik keselhanada saklanmagy onuň saglygyna zyýanly täsir ýetiripdir.

“Ol ýerde gynamalaryň ulanylandygyny subut etmek mümkin däl. Emma hakykatda, ruhy hassahanada gynamalar örän aýylganç bolýar. Bu sanjymlaryň kömegi bilen edilýär, käte bolsa ol ýerdäki hassalary üstüňe küşgürýärler. Akyl hassahanasyndaky hassalar meni ýençdiler, belki-de, olar ýörite hakyna tutulan aýallardyr. Maňa her dürli sanjymlary etdiler, olaryň azary şindi hem gidenok, aşgazan asty mäzime zeper ýetdi, men henizem ejir çekýärin” diýip, Ollaşukurowa Ozodlik radiosyna gürrüň berdi.

Nafosat Ollaşukurowa Şawkat Mirziýoýew häkimiýet başyna gelenden soň ruhy hassahana zor bilen ýerleşdirilen ilkinji aktiwist bolup durýar, şeýle-de ol täze Özbegistanyň taryhynda psihiatrik dispansere iberilen ilkinji blogçy boldy.

Ondan öň tanymal adam hukuklary aktiwisti Ýelena Urlaýewa we garaşsyz žurnalist Jamşid Karimow Özbegistanyň öňki prezidenti Yslam Karimowyň döwründe birnäçe gezek, mejbury ýagdaýda ruhy hassahana ýerleşdirildi.

“Aktiwistleriň mejbury ruhy hassahana ýerleşdirilmegi bilen baglanyşykly ýagdaýlaryň käbiri Karimowyň döwründe bolup geçdi. Mysal üçin, Ýelena Urlaýewany ruhy hassahana 18 gezek ibermek bilen çäklenmän, 2006-njy ýyldaky kazyýet karary esasynda, işe, herekete ukypsyz diýlip yglan etdiler. Bu karar şindi hem öz güýjünde galýar - diýip, hukuk goraýjy sözüni dowam etdirdi. - Kerimowyň ýegeni Jamşid Kerimowy 2006-njy ýylda ýaşyrynlykda we mejbury ýagdaýda ruhy hassahanada sakladylar. Ony azatlyga diňe 2017-nji ýylda, daýysy ýogalandan soň goýberdiler. Emma şu günki günde bu hili bikanun işler edilmeýär diýip bolmaz. Ýerli emeldarlar özleri üçin amatsyz adamlary islendik pursatda ruhy hassahana taşladyp bilýär” diýip, Umida Nyýazowa gürrüň berdi.

Düýbi Daşkentde ýerleşýän “Ezgulik” adam Hukuklary jemgyýetiniň başlygy Abdurahman Taşanowyň pikiriçe, jeza beriji psihiatriýa diktator dolandyryşly jemgyýetleriň ählisine mahsus zat.

Emma Taşanow öz guramasynyň soňky iki ýylda Özbegistanda beýle ýagdaýy görmändigini aýtdy.

“Iň soňky ýagdaý Ollaşukurowa bilen baglanyşykly. Men onuň işi bilen elin meşgullandym. Emma soňky iki ýylda Özbegistanda beýle ýagdaý göze ilmedi” diýip, Taşanow Azatlyk radiosynyň Özbek gullugy bilen söhbetdeşlikde aýtdy.

Azatlygyň redaksiýasy Germaniýada ýerleşýän “Özbek Forumynyň” ýurtdaky adam hukuklary barada çap eden hasabaty bilen bagly özbek häkimiýetlerinden hiç bir düşündiriş alyp bilmedi.

BMG-niň Gynamalara garşy komitetiniň başlygynyň orunbasary Felis Gaer 2019-njy ýylda Ženewada geçirilen diňlenişikde Özbegistan delegasiýasynyň wekillerine ýüzlenip, ýurduň häkimiýetleriniň jezanyň jeza beriş psihiatriýasy ýaly görnüşine gaýtadan seretmegi meýilleşdirýändigini ýa-da ýokdugyny sorady. Özbek tarapynyň bu soraga nähili jogap berendigi belli bolmady.

SSSR döwründe jeza beriş psihiatriýasynyň syýasy dissidentlere garşy giňden ulanylandygy mälimdir. Şol döwürde iş başyndaky häkimiýetler babatdaky islendik tankyt ruhy näsaglyk bilen baglanyşdyrylýardy.

XS
SM
MD
LG