Sebitler ýykan-ýumran, paýtagtda prezident taslama üstüne taslama tassyklaýar. Duşak şäheriniň ýaşaýjylary bolsa, Azatlygyň ýerli habarçysynyň ýazmagyna görä, Ahalyň öňki häkimi Serdar Berdimuhamedowdan “gaty käýinýärler”.
Soňky ýyllarda yzly-yzyna dürli jogapkär wezipelere bellenen we golaýda wise-premýer bolan kiçi Berdimuhamedow sebit häkimi bolan döwründe Duşak şäherindäki köne Saglyk öýüniň jaýyny ýykyp, täze saglyk öýüni gurmagy buýurdy diýip, ýerli ýaşaýjylar aýtdy.
Netijede, Duşak şäherindäki köne Saglyk öýüniň binasy täze bina gurulmanka, öňünden ýykylyp başlanýar we täze bina gurulýança diňe iki sany kiçijik jaý, gelýänleri kabul etmek üçin diýip, ýykylman saklanýar. Ýöne täze saglyk öbüniň binasynyň diwarlary dikeldilip-dikeldilmän, ony gurmagy buýran häkim nobatdaky wezipe ýokarlanmasynda, prezident kakasynyň gol çeken karary esasynda, başga wezipä geçirilýär.
Kiçi Berdimuhamedow Ahal welaýatyna 2019-njy ýylyň tomsundan 2020-nji ýylyň fewralyna çenli ýolbaşçylyk etdi. Ýöne onuň şondan soň meşgullanan işi, prezidentiň ogly üçin täze döreden wezipesi, Senagat we gurluşyk önümçiligi ministri hökmündäki borçlary hem Duşakda gurulýan täze saglyk öýüniň binasyny ünsden düşürmäge ýol bermejek ýaly. Emma bu beýle bolmaýar.
“Serdar häkimlikden aýrylyp, gurluşyk ministri bolansoň, Duşakdaky täze saglyk öýüniň gurluşygy ýatdy, şondan bäri adamlar köne saglyk öýüniň ýarpy ýykylan, harabalykda ýerleşýän binasyna gatnaýarlar” diýip, ýerli ýaşaýjylar Azatlygyň habarçysyna gürrüň berdiler.
Bu ýagdaý mekdeplere hem degişli, täze mekdep gurmak üçin köne mekdebiň jaýlaryny ýumurdylar we daşyna haýat aýlap, taşlap gitdiler diýip, ýaşaýjylar aýdýar. Bu ýagdaý ýykylan mekdebiň okuwçylarynyň gündelik kösençligine, ýaşaýan ýerlerinden has uzaga, başga mekdeplere gatnamagyna we olaryň ene-atalarynyň iş-aladalarynyň has köpelmegine sebäp boldy.
Türkmenistandaky iri binalar adatça döwlet baştutanynyň hut özüniň tassyklamagy esasynda gurulýar we dabaraly açylyp, ulanmaga berilýär. Bu golaýda Lebapda, Daşoguzda açylan ak öý binalary we beýleki desgalar babatynda hem şeýle boldy.
Gurbanguly Berdimuhamedow şondan soň, 22-nji iýulda Aşgabatda guruljak täze binalaryň we desgalaryň taslamalary bilen tanyşdy.
Prezidente taslamalary görkezilen desgalar Aşgabat şäherine degişli gulluklaryň täze binalaryny, Goranmak ministrliginiň Berdimuhamet Annaýew adyndaky 1-nji ýöriteleşdirilen harby mekdebiniň binasyny, Halkara fiziologiýa ylmy-kliniki merkeziniň binalar toplumyny, Halkara sagaldyş-dikeldiş merkeziniň binalar toplumyny, 10 müň orunlyk köpugurly döredijilik we sungat merkeziniň we “Dokmaçylar” medeni merkeziniň binalaryny öz içine alýar.
Şeýle-de prezident “Altyn kölüň” kenarynda gurulmaly dynç alyş zolagynyň, Bitarap Türkmenistan şaýolunyň günbatar tarapynda guruljak seýilgähiň, Gurbansoltan eje şaýolunyň ugrunda guruljak binalar toplumynyň, Halkara onkologiýa merkeziniň taslamalary bilen tanyşdy, döwrebaplaşdyryljak köprüleriň şekil taslamalaryny gözden geçirdi.
TDH-nyň maglumatyna görä, soňky taslamalaryň aýdylmaýan bahasyny goşmanyňda, ýurtda häzir umumy bahasy 37 milliard dollardan geçýän 2 müňden gowrak desga gurulýar.
Berdimuhamedow mundan öň pandemiýa we dünýäniň ykdysady ösüşini haýallamagy, bu ýagdaýyň türkmen ykdysadyýetine hem täsir ýetirmegi bilen baglylykda, gurulmaly gurluşyklaryň sanawyna täzeden seretmek zerurlygyny boýun alypdy.
Emma muňa garamazdan, ýerli synçylaryň, şol sanda öňki suw gurluşykçysy we diplomat Nurmuhammet Hanamowyň pikirine görä, döwlet baştutanynyň öz sözünde durman, ykdysady manysy gümürtik desgalaryň taslamalaryny tassyklamagy dowam etdirmegi ýurduň sebitlerinde ilat üçin has zerur bolan işleriň öz wagtynda edilmegini, mekdepleriň we saglyk öýleriniň, ýollaryň, köprüleriň, şol sanda suw desgalarynyň abatlanmagyny gijikdirýär hem-de korrupsiýany güýçlendirip, dowam edýän ykdysady çökgünligiň has çuňlaşmagyna sebäp bolýar.
Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.