Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow 29-njy iýunda Aşgabatda “Arkadag” myhmanhanasynyň açylyşyna gatnaşdy. Kaşaň myhmanhana ýurtda ýiti ykdysady krizis dowam edýän wagty açylýar.
Döwlet media serişdelerine görä, Aşgabat şäher häkimliginiň buýurmasy boýunça bina edilen oteliň gurluşygyny “Bouygues Batiment International” fransuz kompaniýasy ýerine ýetiripdir.
Myhmanhana Berdimuhamedowyň “Arkadag” lakamy bilen adybir bolup, onuň açylyş dabarasy prezidentiň doglan gününe gabat geldi. 29-njy iýunda Berdimuhamedow 64 ýaşady.
Myhmanhana 14 gatdan ybarat bolup, onuň beýikligi 77 metr töweregidir.
Berdimuhamedow 14 ýyl bäri Türkmenistany dolandyrýar we ynsan hukuklaryny goraýjy halkara guramalar awtoritar prezidenti dürli pikirliligi basyp ýatyrmakda we adam hukuklaryny äsgermezlikde tankyt edýärler.
Kaşaň myhmanhana ýurtda ýiti ykdysady krizis dowam edýän pursaty, ilatyň azyk howpsuzlygynyň has-da gowşaýandygy baradaky habarlaryň arasynda açylýar.
Synçylar ýurtda açylýan kaşaň myhmanhanalaryň köplenç boş durýandygyny aýdýarlar. Ýapyk Türkmenistan ýurda az daşary ýurt syýahatçysyny çekmekde tanalýar.
Döwlet metbugaty “Arkadag” myhmanhanasynyň Aşgabadyň “syýasy, diplomatik, ykdysady we işewürlik merkezi hökmündäki halkara derejesini ýüze çykarýandygyny” aýdýar.
Ýöne Aşgabat halkara jemgyýetçiligi tarapyndan esasan dünýäde daşary ýurtlular üçin iň gymmat şäher hökmünde tanalýar. Muňa düýbi Nýu-Ýorkda ýerleşýän Mercer kompaniýasynyň golaýda çap eden hasabaty şaýatlyk edýär.
Ýaňy-ýakynda Azatlyk Radiosynyň ýagdaýdan habarly çeşmesi Berdimuhamedowyň ýakyn günlerde günbatar Türkmenistanda ýerleşýän Awaza kurortynda hem “Arkadag” kottežler toplumyny açmagyna garaşylýandygyny habar berdi.
"Arkadag" sözi Berdimuhamedowyň lakamydyr. 2016-njy ýylda Aşgabatda çap edilen Türkmen diliniň düşündirişli sözlügi “Arkadag” sözüne “Arka dagy, her bir ýagdaýda goldaw berip durýan ýakyn hossar, arkadaýanç, daýanç” diýip, düşündiriş berýär.
Ýöne ýurtdaky ykdysady kynçylyklardan we syýasy basyşlardan gaçyp, daşary ýurtlarda çylşyrymly şertlerde zähmet çekýän türkmenistanly migrantlaryň ençemesi prezident Berdimuhamedowy we türkmen hökümetini özlerine arka çykmazlykda, goldaw bermezlikde aýyplaýarlar
Resmi habarlarda Aşgabatda açylan “Arkadag” myhmanhanasynyň gurluşygy üçin döwlet býujetinden sarp edilen maliýe serişdeleriniň möçberi aýdylmaýar.
Azatlyk Radiosynyň hökümete ýakyn çeşmeleri 2018-nji ýylyň başlarynda Aşgabadyň günorta künjeginde bahasy 500 million dollara barabar "Garagum" we "Nusaý" myhmanhanalarynyň gurluşygy barada habar berdiler. Bu otelleriň gurluşygyna 2018-nji ýylyň fewralynda badalga berildi, ýöne gurluşyk işleri wagtynda başlamady.
"Türkmenistanyň hronikasy" neşiri 2021-nji ýylyň fewralynda Aşgabatda bina edilen "Arkadag" myhmanhanasynyň gurluşygyna 448 million dollar pul serişdesiniň harçlanandygyny habar berdi.
14 ýyldan gowrak wagt bäri Türkmenistany dolandyrýan Berdimuhamedow özüniň we maşgala agzalarynyň şahsyýet kultuny şöhratlandyrmakda tanalýar.
Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.